Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň syýasy Geňeşiniň Mary welaýat, Mary şäher Wekilbazar etrap komitetleriniň Mary welaýat medeniýet müdirligi bilen bilelikde gurnamaklarynda Hormatly Prezidentimiziň Mary welaýatyna iş saparlarynyň jemleri, Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna iş saparynyň jemleri barada syýasy söhbetdeşligi geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň golaýda Mary welaýatyna bolan iş saparynda welaýatyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze döwrebap şäherçäniň düýbüni tutup bermegi hem-de Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli Halkara awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat böleginiň açylyp ulanmaga berilmegine bagyşlandy. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, partiýanyň işjeň agzalarynyň we dürli ulgamlarda zähmet çekýän raýatlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen bu söhbetdeşligiň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy gülledip ösdürip bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda döwletli tutumyň başyny başlap, Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze şäherçäniň düýbüni tutup bermegi Mary welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynda begenç hem buýsanç duýgusyny döretdi. Çünki bu şäherçäniň gurulmagy bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokary göteriljekligine bolan ynamy has-da berkidýär -diýip, uly buýsanç bilen bellediler. şeýle hem bu ýerde çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň Lebap welaýatyna iş sapary wagtynda Aşgabat-Türkmenabat ýokary tizlikli halkara awtomobil ýolunyň Mary-Türkmenabat bölegini açyp ulanmaga bermegi hem ýurdumyzda ulag-logistika pudagynyň belent derejelerde ösdürilýänligine şaýatlyk edýänligi dogrusynda-da aýratyn belläp geçdiler. Söhbetdeşlige gatnaşanlar ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine sary ynamly öňe alyp barýan türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa.








