Çaga — eziz, edebi ondanam eziz
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň täze belentliklere tarap ilerlemeginiň esasy sütünleriniň biri bolan bilim ulgamynyň işini döwrüň talabyna laýyk guramak, ýaşlara dünýä derejesinde bilim we terbiýe bermek her bir terbiýeçiniň, mugallymyň esasy borjudyr. Çünki, ajap eýýamymyzyň ertirki gününiň abadan bolmagynyň aladasy şu günden başlanýar. Bu derwaýys alada ajaýyp döwrümiziň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli ýaş neslini kemala getirmekden ybaratdyr.
Ýaş nesli sazlaşykly ösen ruhda ýetişdirmegiň esasy ugurlarynyň biri zähmet terbiýesidir. Zähmet terbiýesi, agzybir, asuda hem jebis türkmen halkynyň röwşen geljegi üçin ukyply, ruhubelent hem sagdyn, gaýratly hem başarjaň şahslary kemala getirmegi göz öňünde tutýar. Ata Watanyň, il-günüň bähbidi, ýaşaýyş-durmuşyň eşreti, her bir ynsanyň bol-telki ýaşamagy üçin işe ukyply bolmagyň zerurdygy baradaky düşünjeleri ýaşlaryň aňyna guýmak, şeýle ýörelgeleri ýaşlaryň islegine hem endigine öwürmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Terbiýeçilik işiniň bu ugry öz gözbaşyny maşgala ojagyndan alyp gaýdýar.
Ýaş nesli döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde esasy orun maşgala degişlidir. Çaganyň ilkinji mekdebi maşgala, ilkinji terbiýeçisi hem ata-enedir. Çaganyň akylly-başly, ýokary ahlakly, sagdyn, gözellik dünýäsine düşünýän, zähmete ukyply adam bolup ýetişmeginde maşgalanyň orny biçak uludyr. Diýmek, maşgalada çaga terbiýesi möhüm bolup, esasy jogapkärçilik ene-atanyň egnine düşýär. Ogul perzent atadan görelde alsa, gyz çaga eneden görelde alýar. Bu barada ata-babalarymyzdan galan nakylda şeýle diýilýär: “Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar. Eneden nesihat alan gyz keýwany bolar”. Gyz çaga terbiýe bermek, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlary, edep kadalaryny, öý işlerini, el işlerini öwretmek her bir enäniň mukaddes borjudyr.
Perzendi akylly-başly terbiýelemek ata-enäniň baş maksady bolup durýar. Bu bolsa ata-eneleriň üstüne uly borçlary, şol sanda çagalarda zähmete söýgini terbiýelemek wezipesini hem ýükleýär.
Maşgalada berilýän zähmet terbiýesiniň görnüşleri dürli-dürlüdir. Öz-özüňe hyzmat ediş, öý-hojalyk, öndürijilikli zähmet... bularyň hemmesi maşgalada amala aşyrylýan zähmet terbiýesiniň esasy görnüşleridir. Şu ýerde, ata-babalarymyzyň aýdyp geçen ýene bir nakylyny ýatlamakçy: “Gyz öýüň torbasy, ene onuň urbasy”.
Ata-enä, ýaşuly adamlara hyzmat etmek, kiçiler hakda aladalanmak, biş-düş arassaçylyk işlerine gatnaşmak, ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik ýaly pişeler bilen meşgullanmak maşgalada durmuşa geçirilýän zähmet terbiýesiniň süňňüne ornaşyp gitdi. Çagalaryna iň irki ýaşdan başlap zähmet endiklerini öwredýän ata-eneler hakykatdan-da mukaddes iş edýärler.
Döwrümiziň ösen talaplaryna laýyklykda ýurdumyzyň geljegi bolan her bir çaganyň maşgalada ata-ene tarapyndan dogry we doly terbiýelenilmegi üçin düýpli alada etmek biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Mekdep, mugallymlar bolsa, şol terbiýäniň dowamydyr.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslensin!
Aýgözel TÄŞLIÝEWA.