Ýakynda Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” atly aýdym-sazly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatymyzyň dürli künjeginden zehinli okuwçylaryň 23-si gatnaşdy.
Zehinli çagalaryň arasynda geçirilen bu bäsleşik örän täsirli hem tolgundyryjy boldy. Ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny açyp görkezen bäsleşikde ajaýyp aýdymlar, dürli öwüşginli tanslar ýerine ýetirildi. Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň, türkmen bedewlerimiziň waspy, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözler bäsleşikde ýaňlanan ajaýyp aýdymlaryň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Şeýle aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Şatlyk-şowhuna beslenen bäsleşikde öňe saýlanan körpeler döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Sülgün ŞADYÝEWA.








