Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen gandbol boýunça döwlet derejesinde ýaryş geçirildi.
Ýaryş örän gyzykly hem çekeleşikli boldy. Onda okuwçylar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Netijede, ýeňiji toparlar öňe saýlandy. Has takygy, oglanlaryň arasyndaky ýaryşda Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Mary welaýatynyň topary 2-nji, Ahal welaýatynyň topary 3-nji, gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa, Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Mary welaýatynyň topary 2-nji, Daşoguz welaýatynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Ýeňiji bolan toparlara “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ogulkeýik ORAZDURDYÝEWA.








