Ýakynda welaýat medeniýet müdirliginiň garamagyndaky çagalar sungat mekdebinde okaýan okuwçylaryň arasynda “Ýaş zehin” atly bäsleşik geçirildi. Welaýat hem-de döwlet tapgyry bolan bu bäsleşikde okuwçylar 7 ugur — bagşyçylyk sungaty, milli saz gurallary, halk saz gurallary, üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary, fortepiano, kirişli saz gurallary, aýdym aýtmak sungaty boýunça gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.
Bäsleşigiň welaýat tapgyry welaýatyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde geçirilip, onda 27 okuwçy ýeňiş gazanmagy başardy we döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňiji bolan okuwçylara welaýat medeniýet müdirligi tarapyndan Hormat hatlary gowşuryldy.
Welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan okuwçylar Aşgabat şäherinde geçirilen döwlet tapgyryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler we ussatlyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, okuwçylaryň üçüsi —1-nji, ikisi 2-nji, dördüsi 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Döwlet tapgyrynda ýeňiş gazanan okuwçylara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Sülgün ŞADYÝEWA.








