Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda durnukly ulag-üstaşyr geçelgelerini we halkara hyzmatdaşlygyny hasda ösdürmeklige uly ähmiýet berilýär. Munuň özi, berkarar döwletimiziň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyklarynyň we dostlukly gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine uly itergi berýär. Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döredilýän amatly şertleriň netijesinde, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýola goýmak we daşary ýurtlara eksport edilýän harytlaryň möçberlerini artdyrmak barada kabul edilen maksatnamalar bu günki gün üstünlikli amal edilip, bu ugurda degişli ösüşler gazanylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Döwlet gümrük gullugynyň düzümlerinde ornaşdyrylan sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hususy taraplarynyň telekeçilik işini has-da ýokary derejede alyp barmagyna uly itergi berýär. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan döredilýän bu mümkinçilikler hususy taraplar tarapyndan netijeli peýdalanylyp, bu ugurdaky işler sazlaşykly amala aşyrylýar. Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän hususy kärhanalar hem döredilýän şertlerden netijeli peýdalanýarlar. Şeýle hususy kärhanalarynyň biri hem “Ýüpekçi” hojalyk jemgyýetidir. Mundan başga-da Mary welaýatynyň çäginde dürli hojalyk jemgyýetlerinde öndürilen ençeme önümler daşary döwletlere yzygiderli eksport edilýär. Daşary ykdysady işine gatnaşyjy taraplara gümrük işlerinde dürli ýeňillikler döredilip, sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri hödürlenilýär. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň hasda ösmegine, döwletimizde öndürilen önümleriň dünýä bazarynda mynasyp ornuny tapmagyna uly badalga bolup durýar. Döwlet gümrük gullugy tarapyndan hususy taraplara döredilen ençeme mümkinçilikler hususyýetçileriň işlerini has-da ýokarlandyrmaga uly itergi berýär. Gümrük işgärleri geljekde hem, ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygy ugrunda janaýaman halal zähmet çekip, ata Watanymyza ak ýürekden gulluk etjekdiklerine ynandyrýarlar. Olar Berkarar Watanymyzy hemmetaraplaýyn ösdürmekde bimöçber işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň adyna bimöçber alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan edýärler.
Azat Beglanow.








