Ýaz paslynyň häzirki jana ýakymly maýyl howaly günlerinde ýazky at çapyşyk möwsümi dowam edýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 12-nji aprelinde welaýat atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy geçirildi.
Bu at çapyşygynyň dowamynda çapyşygyň birinji, ikinji, üçünji tapgyrlarynda üçýaşar atlar 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Tolgundyryjy we çekeleşikli geçen ýaryşlarda öz ýyndamlygyny görkezen ganatly bedewler tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy.
Birinji çapyşyga bäş at gatnaşyp, Mary welaýat häkimligine degişli Ýeňiş-2 atly dor at öňdeligi elden bermän, pellehana ilkinji bolup geldi. Ýeňiji bolan Ýeňiş-2 atly dor at 1200 metr aralygy 1 minut 24 sekuntda geçmegi başardy. Atyň seýsi K. Garýagdyýew, ata ezberlik bilen eýelik eden çapyksuwar T. Annaçaryýew.
Dartgynly geçen ilkinji çapyşyga bäş at gatnaşyp, A. Gurbangulyýewiň hojalygyna degişli Dordepel atly dor at 1 minut 20 sekunt wagt bilen 1200 metr aralygy geçdi we ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi A. Şalyýew, çapyksuwary A. Ataýew.
Üçünji çapyşykda B. Orazowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly dor at öz ýyndamlygyny görkezip, bellenilen aralygy 1 minut 19 sekuntda geçmegi başardy we ýeňiji boldy. Ý. Amannazarowyň ussat çapyksuwarlygy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu atyň seýsi A. Annaýewdir. Çapyşyga jemi bäş at gatnaşdy.
Mary welaýat gümrük gullugynyň Goçýigit atly dor aty bäş at gatnaşan dördünji çapyşygyň ýeňijisi bolmagy başardy. Ol 1800 metr aralygy 2 minut 02 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň seýsi D. Amandurdyýew, çapyksuwary Ý. Amannazarow.
Bäşinji çapyşyga gatnaşan alty bedewiň arasynda öňe saýlanyp, pellehana ilkinji bolup R. Läliýewiň Toýçy atly hojalyk aty gelip, ýeňiji boldy. 1800 metr aralygy 2 minut 02 sekuntda geçmegi başaran bu ata B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Onuň seýsi Ş. Orazgeldiýew.
Sähet HOJAGELDIÝEW.








