Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň bilen bilelikde gurnamagynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Hormatly Prezidentimiziň ösüp gelýän ýaş nesilleriň bilim derejelerini ýokarlandyrmak barada edýän bimöçber aladalarynyň çäginde Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan mekdep okuwçylarynyň arasynda her ýylda geçirilýän “Altyn asyryň – altyn zehinleri” atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde geçirilen bu dabara Mary welaýat Baş Bilim müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň işgärleri, mugallymlar hem-de mekdep okuwçylary gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmek hem-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil bilimli bolmagy barada edýän aladalaryndan ruhlanyp ýaşlaryň bilim derejelerini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän ders bäsleşikleriniň ähmiýeti dogrusynda gyzykly çykyşlar diňlenildi. Dabaranyň dowamynda ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna diplomlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň adyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dursun Ilbegiýewa.








