Zenan bolsaň, hojalygyň hysyrdysy az däl. Biş-düş, içeriniň syrym-süpürimi, kir ýuwmak ýaly gündelik işlerden başga-da, belli bir wagtdan hökman başyna baraýmaly, gaýtalanyp duran aladalar hem bar. Endige öwrülip giden bu işlere sarp bolaýjak wagt belli bolansoň, hersi üçin degerli pursat tapylýar. Ýöne bir işi — öz kitap tekjämi tertipleşdirmek işini welin hiç haçan çaklan wagtymda tamamlap bilemok. Bu ýerdäki kitaplardyr bukjalaryň barysy edil eziz joralarym, mähriban adamlarym ýaly bolup gidensoň, bir ýakynlaşsam, ýanlaryndan daşlaşyp bilemok. Şonuň üçin hem bu işiň başyna aglaba agşam naharyndan soň barýaryn...
Şeýle agşamlaryň birinde içine okuwçy gündeliklerim salnan bukjama gözüm düşdi. Tertipläp goýaýmaly welin, açman saklanyp bilmedim. Üstünden ýigrimi iki, ýigrimi üç ýyl geçen okuwçy gündeliklerimiň sahypalary saralyp başlanam bolsa, bahalar edil düýn goýlan ýalydy. Emaý bilen sahypalaryny agdaryp oturşyma, on ýyllap höwes bilen alan bahalarymy birin-birin synladym. Her bir goýlan baha, her bir çekilen gol, mugallymyň ejeme-kakama, olaryň mugallyma ugradan gysga ýazgylary göýä bir taryhy ýatlama. On ýyllap bileje okan synpdaş oglan-gyzlarymyzy ýatladyp duran hepdeler diýjekmi, eziz mugallymlarymy ýatladyp duran bahadyr gollar diýjekmi, bulary görüp oturşyma şol okuwçy ýyllaryma gaýdyp baran ýaly boldum. Bir-de ýylgyryp, bir-de gamlanyp oturşyma şu gündelikleriň şu güne gelip ýetmegine sebäp bolan bir waka ýadyma düşdi.
Ikinji synpy tamamlap, çärýeklik bahalarymy ejem bilen kakama görkezenimde, uly buýsanç bilen aýdan berekellasyndan soň kakam şeýle diýipdi:
— Gyzym, gündelikleriňi her okuw ýyly tamamlanandan soň ykjamlapjyk ýygnap goý. Ynha, nesip bolsa, orta mekdebi tamamlanyňdan soň on ýylky alan bahalaryňa göz aýlarsyň. Olar seniň şonça ýylky gazanjyňdyr, baýlygyňdyr, şolara seredip, seni mugallymçylyk mekdebine kabul ederler.
Kakamyň bu sargydyna çaga ýüregim bilen ynanyp, bar pikirim, arzuwym, maksadym orta mekdebi diňe göreldeli bahalar bilen jemläp, gündeliklerim bilen mugallymçylyk mekdebine barmak boldy. Göräýmäge şeýle sada ýaly görünýän sargydyň manysy özüm ulaldygymça artyp barýar. Şol okuwçy döwrüm göreldeli okamaga höweslendiren, hormatly mugallymçylyk kärine ýollan sargytlar bu gün meniň üçin gymmatly ýatlamaly bukja öwrüldi.
Içimi hümledip, oýlanyp oturşyma ukudan oýanyp, ýanyma gelen 8 ýaşlyja gyzym Ülkeriň: «Eje, aý eje, doňup galdyň-a” diýen enaýyja sesine tisginip gitdim. “Wah, ýok gyzym, ynha şulary görüp, köp pikire çümäýipdirin” diýdim. Ülker elimdäki gündelikleri görüp, sorag yzyna sorag berýärdi: “Eje, seniňem gündeligiň bardymy? Senem diňe 4-5-lik bahalar alýardyňmy?” Bir soragyna jogap bermänkäm, beýleki soragyna başlaýardy. Onuň üçin ejesiniň mekdepde näçelik bahalar bilen okandygy örän gyzyklydy. Hasam ol 3-nji synpyň gündeligini içgin gyzyklanma bilen synlaýardy. Birdenem: “Eje, menem nesip bolsa 3-nji synpymam diňe gowy bahalar bilen tamamlajak. Özem gündeligimi hasam arassaja, ykjamja edip saklajak” diýip başyny galdyrdy-da: “Edil sen ýaly” diýip, enaýyja ýylgyryp goýberdi.
— Nesip bolsa, gyzym! — diýip, başyny sypadym. Gündeliklerim, gör sizde näçe ýyllaryň zähmeti, höwesi, ýatlamasy, terbiýesi ýatyr...
Tekjämiziň galan işini ukudan kemsiz açylan gyzym bilen bile bitirdik. Az-owlak ýadawlygyň we ýitirilen wagtymyzyň öwezini bolsa ýakymly, näzik duýgulara gaplanan süýji ukymyz bilen doldurdyk.
Sülgün GURBANOWA.