Jany sag adamlar öz ukusyna zerur üns bermelidirler. Olaryň ukusy aşa uzak däl-de, wagt taýdan aram bolmalydyr. Iň oňat uky çuň ukudyr we iýmitiň aşgazanyň ýokarky böleginden aşak gaçan we içiň ýellenmeginiň bes eden pursadyndan soňky ukudyr. Şoňa görä, eger-de, iýmitiň aşak gaçmagy gijikse, biraz gezim etmeli we şondan soň uklamaly. Garnyň aç ýatmak gowy däl, ol güýjüňi peseldýär. Şeýle hem aşa dok ýatmak hem zyýanlydyr, şu ýagdaýdaky adam bimaza bolýar, ukusy çuň bolmaýar.
Gündizki uky hem zyýanlydyr, sebäbi ol çyglyk zerarly ýüze çykýan keselleri döredýär, deriniň reňkini zaýalaýar, dalak kesellerini döredýär, nerwleri gowşadýar, adamy ýalta edýär, işdäňi gaçyrýar, dömme çişleri döredýär we ysytma tutdurýar.
Gündiz uklamaga endik eden adamlar ondan birbada däl-de, kem-kemden el çekmelidirler. Uky mahalynda iň oňat ýagdaý ilki sag gapdalyňa, soň çepiňe agdarylyp ýatanyňdaky ukudyr. Eger uklamak ýüzin ýatan ýagdaýyňdan başlansa, bu aşgazanyň iýmit bişirişine ýardam edýär. Arkan ýatyp uklamak erbetdir, ol gijeki garabasma we ysmazlyk ýaly erbet kesellere sezewar edýär.
Adatça, kesel zerarly süňňi gowşak adamlar arkan ýatýarlar. Sebäbi olaryň organlary we myşsalary gowşak bolup, göwresiniň bir gapdaly beýleki gapdalynyň agramyny göterip bilmeýär we olar arkan ýatmaga howlugýarlar. Adamyň arkasy gapdallaryndan güýçli bolýar. Şeýle adamlar äňini gysýan myşsalaryň gowşaklygy zerarly, agyzlary açyk halda uklaýarlar.
“Tebipçilik ylmynyň kanunlary” kitabyndan.