Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Mary welaýat hem-de Mary şäher Zenanlar bölümleriniň, Marynyň Lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Maslahatyň dowamynda şu ýylyň şanly wakalary dogrusynda söhbetler edildi. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasatyny, giň gerimli maksatnamalaryny wagyz-nesihat etmek, şeýe-de ösüp gelýän ýaş nesillerimizi milli däplerimize, adatlarymyza laýyk terbiýelemek, maşgala mukaddesligini berkitmek dogrusynda alnyp barylýan işler dogrusynda belläp, olarda ata-Watanymyza, agzybir halkymyza we ene-topragymyza bolan buýsanjy, ylym-bilime bolan höwesi artdyrmakda toplumlaýyn işleriň ýerine ýetirilmelidigi barada hem aýratyn nygtadylar.
Altynaý Seýitberdiýewa.








