Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurt Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, etrap, şäher komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda dabaraly maslahat geçirilip, oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatynyň agzalary we partiýanyň işjeň agzalary gatnaşdylar. Ýokary ruhubelentlik häsiýete eýe bolan bu maslahatda Bitaraplygymyzyň halkymyza beren bagty we Berkarar döwletimizde ähli ulgamlarda ýetilen belent sepgitler, gazanylan üstünlikler barada gyzykly gürrüňler edildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda özüniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym, bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýän Watanymyzyň dünýädäki at-abraýy dogrusynda-da buýsanç bilen bellenildi. Dabaraly maslahatyň dowamynda sungat ussatlarynyň parahat Watanymyzyň Bitaraplygyny wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň milli lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza päk ýürekden çykýan alkyşly sözlerini aýtdylar.
Merjen Çaryýarowa.








