Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öňe sürýän sagdyn durmuş ýörelgelerini durmuşa ornaşdyrmak,sporty giňden wagyz etmekde. Mary welaýatynyň Bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çärä köp sanly sport türgenleri, Hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek barada amala aşyrýan işleriniň çäginde, ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem yzygiderli sport ýaryşlary geçirilýär. Mary Şäherindäki 8-nji sport mekdebinde Taekwon-do WT bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen Sportuň Teakwon-do, ITF görnüşi boýunça Mary welaýatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türgenler ýaş aýratynlyklaryna görä dürli agram derejelerinde özara bäsleşdiler. Ýaryşda welaýatyň etrapdyr şäherlerinden gelen türgenler öz ussatlyklaryny açyp görkezdiler. Dartgynly häsiýet mahsus bolan bu ýaryş has ussat we erjel türgenleriň birnäçesini ýüze çykardy.
Suwhan Kulyýew.








