Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäginde tegelek stoluň başynda atly söhbetdeşlik geçirildi. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen bu söhbetdeşlik Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat komitetiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň gurnamagynda geçirildi.Söhbetdeşligiň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli dost –doganlyk goňşuçylyk gatnaşyklary, ýurdumyzyň halkara derejesindäki at –abraýy, daşary ýurtlar bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň täze many-mazmunyna eýe bolýandygy hakynda buýsançly gürrüňler edildi.Bitaraplygymyzyň 30 ýyly içinde ýurdumyzyň ähli pudaklarynda gazanylan üstünlikler we ýetilen belent sepgitler dogrusynda giňişleýin durlup geçildi.Halkymyzy ösüş ýollar bilen öňe alyp barýan türkmen hakynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy.
Çarymuhammet Saparow.








