Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň baýramçylyk dabaralary Mary welaýatynyň bagtyýar ýaşaýjylarynyň mukaddes maşgala ojaklarynda-da uly toý tutumlary bilen giňden bellenilip geçilýär. Dost-doganlygyň, hoşniýetliligiň we parahatsöýüjiligiň baýramy bolan Bitaraplyk baýramyny biziň ýurdumyzda ýaşaýan dostlukly ýurtlaryň wekilleri hem giňden belläp geçýärler. Wekilbazar etrabynda ýaşaýan Ermeni maşgalalary hem bu baýramçylyk gününde toý desterhanlaryny uludan ýazyp, dogan-garyndaşlary, goňşy-golamlary bilen baýramçylyk belläp, özleriniň milli däp-dessurlaryny giňden açyp görkeziler. Bu günki baýramçylyk gününde birek-birege duz-çörek hödür edilip, ýagşy arzuw-niýetler dileg edildi. Munuň özi bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletli-döwranyň, bolelin durmuşyň hözirini görýän bagtyýar raýatlarymyz bilen ýurdumyzda ýaşaýan daşary ýurtly wekilleriň agzybirliginiň, jebisliginiň we milli ýörelgelerimize goýýan sarpasynyň aýdyň nyşanydyr. Bu günki gün asuda we erkana Watanymyzda öz agzybir maşgala ojaklarynda Halkara Bitaraplyk gününi ýokary ruhubelentlik bilen belleýän bagtyýar raýatlarymyzyň ajaýyp zamanada ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny aýtdylar.
Göwher Ataýewa.








