Döwüriň şanyna şan, ösüşleriň badyna bat goşýan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Milli Lider Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde uly üstünlikleriň we ösüşleriň ýoly bilen aýdyň gelejege tarap öňe barýar.Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, etrap we şäher geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalaryň, Mary welaýat kitaphanasynyň gurnamagynda, “Ýaşlar syýasaty-beýik ösüşiň badalgasy”atly maslahat duşuşygy geçirildi.Bu duşuşyga,sport ýaryşlarynda ýeňiş gazanan welaýatyň ýaş türgenleri, Bagtyýar talyp ýaşlary hem gatnaşdylar. Örän täsirli geçen bu maslahatda çykyş edenler parahatçylygyň, bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy bütin düýä dolan asuda we abadan ýurdymyzyň her biri güniniň taryhy wakalara beslenýändigini aýdyp geçdiler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan öňe alyp barýan Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Milli Lider Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.
Suwhan Kulyýew.








