Toýlary toýlara ulaşýan eziz diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” hem toý-baýramlara, ösüşlere baý ýyl bolmak bilen bu ýylda ulydan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna bagyşlanan dabaralar hem ýurdymyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle baýramçylyk saçaklary her bir türkmen öýlerinde we dürli milletleriň maşgala ojagynda-da duz-çörekli gatnaşyp mähirli gutlanýar. Şeýle baýramçylyk toý saçagy Mary welaýatynyň Oguzhan etrabynyň ýaşaýjysyz Täjik doganlarymyz Saparowlaryň maşgalasynda giňden ýazlyp dost-doganlar, goňşy golamlar bilen bilelikde agzybirlikde bellendi. Toý saçagyny Täjik doganlarymyzyň we Türkmen milli tagamlary bezedi. Mukaddes toý saçagynyň başynda etrabyň medeniýet merkeziniň aýdymçylarynyň asuda, abadan durmuşumyzyň, ösüşleriň ak ýolunda öňe barýan parahat Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň has-da gülläp ösmegi ugrunda ýola goýýan beýik işleriniň, dost-doganlygyň, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hem-de Hemişelik Bitaraplygymyzyň waspyny ýetirýän birnäçe aýdymlar belentden ýaňlandy. Toý desterhanynyň başyna jemlenenler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrynda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Azat Beglanow.








