Toýlary toýlara ulaşýan eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda asuda, abadan durmuşymyzyň her bir güni uly üstünliklere, toý baýramlara beslenýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem toý-baýramlara, ösüşlere baý ýyl bolmak bilen bu ýylda ulydan toýlanjak hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýyna bagyşlanan dabaralar hem ýurdymyzyň ähli ýerleri bilen bir hatarda Mary welaýatymyzda-da giň gerime eýe bolýar. Şeýle baýramçylyk saçaklary her bir türkmen öýlerinde we dürli milletleriň maşgala ojagynda-da duz-çörekli gatnaşyp mähirli gutlanylýar. Şeýle baýramçylyk toý saçagy Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy rus doganlarymyz Nadežda Çerýomhinanyň maşgalasynda giňden ýazylyp dost-doganlar, goňşy golamlary bilen bilelikde agzybirlikde bellendi. Toý saçagyny rus doganlarymyzyň we Türkmen milli tagamlary bezedi. Toý desterhanynyň başyna jemlenenler halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrynda, dost-doganlygy, hoşniýetli goňşuçulyk gatnaşyklaryny ösdürmekde taýsyz tagallalary edýän Milli Liderimiz, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.
Suwhan Kulyýew








