Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Italiýa Respublikasyna resmi sapary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň möhüm wakalarynyň biri boldy. Şu waka mynasybetli daşary ýurt dillerine, aýratynam, italýan dilini öwretmeklige ýöriteleşdirilen mekdebimizde “Italýa syýahat” atly dabaraly duşuşyk geçirildi. Bu çäräni TDP-niň Baýramaly şäher komiteti, etrap bilim bölümi, TMÝG-niň etrap geňeşi bilelikde geçirdiler. Oňa atlary agzalan guramalaryň, etrap bilim bölüminiň işgärleri, mekdepleriň mugallymlary we okuwçylar gatnaşdylar.
Dabaraly duşuşykda TDP-niň Baýramaly şäher komitetiniň başlygy Agamyrat Seýitberdiýew, TMÝG-niň Baýramaly şäher geňeşiniň başlygy Kemal Ýazgeldiýew, şäher bilim bölüminiň hünärmeni Aknabat Şyhyýewa çykyş etdiler. Olar hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlyklara beslenip, dünýäniň döwletleri bilen gatnaşyklaryň ösdürilýändigi barada gürrüň etdiler. Türkmen — italýan gatnaşyklarynyň has-da işjeň häsiýete eýe bolýandygy barada durup geçdiler.
Dabaraly duşuşygyň dowamynda mekdebimiziň okuwçylary italýan dilinde aýdymlary aýtdylar, goşgulary labyzly okadylar. Gyzykly geçirilen zehin bäsleşigi, ýerine ýetirilen şowhunly tanslar dabaramyza gatnaşanlarda örän uly täsir galdyrdy.
Şiraly MUHIÝEW.








