Tähranda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirilýär
weather mary 38° C Mary
weather mary 38° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Tähranda ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleri geçirilýär

129 29.08.2024

Iş sapar bilen Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagtynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda gepleşikler başlandy.

Taraplar ikiçäk we giňeldilen düzümindäki duşuşyklaryň dowamynda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmek barada pikir alşarlar, şeýle hem halkara we sebit derejesinde özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitmlemäge gönükdirilen meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar.

Ýokary derejedäki türkmen-eýran gepleşikleriniň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryna gol çekilmegi meýilleşdirilýär.

0
0 26.08.2025
Balyklar  hakynda

 Treska, mintaý, kambala, hek we sudak ýagly däl balyklaryň görnüşi bolup, olar saglyk, esasan-da, sagdyn iýmitlenmek üçin örän peýdalydyrlar. Olaryň düzüminde ýagyň mukdary az bolup, olar beloklara, witaminlere, minerallara örän baýdyrlar.     Treska — beýleki balyklara garanyňda onuň eti ýumşak, düzüminde ýagyň mukdary az (0,4 göterime golaý). Ol beloga baý balyklaryň biridir. Mintaý — selene we fosfora baý bolan balyklaryň hatarynda bolmak bilen, onuň  düzüminde 1,6 göterim ýag bar.  Kambala — A, B, C, E witaminlerine, demire, margenese, we beýleki mikroelementlere örän baý.  Hek — beloga we peýdaly maddalara baý bolan bu balygy iýmek örän gowy. Sebäbi ol aňsatlyk bilen siňýär. Sudak — ak we ýumşak eti bolan bu balygyň düzüminde ýokumly maddalar örän köp. Düzüminde ýagy az bolan balyklar horlanmak hem-de bedeniň agramyny kadaly saklamak isleýänler üçin has-da möhümdir. Olaryň düzüminde belogyň köplügi ynsan saglygynyň berkemegine, witaminleriň we beloklaryň bolmagy beden agzalarynyň oňat işlemegine ýardam edýär. Şeýle-de, bu görnüşdäki balyklar sagdyn iýmitlenmek üçin örän gowy bolýar. Olar çagalar, gartaşan adamlar, göwreli zenanlar üçin hem örän peýdalydyr.  Taýýarlan Şanazar MEREDOW.

0
0 26.08.2025
Witaminlere  baý  iýmit

Bakja önümleriniň iň peýdalysy hasaplanylýan garpyzyň ynsan saglygyna ýetirýän täsiri örän uludyr. Düzüminiň 90 göteriminden gowragy suwdan ybarat bolan garpyz teşneligi gandyrýandygy we ýeňil siňýändigi bilen tapawutlanýar. Garpyz öt we iç gatama keselleri, saçyň sagdyn ösmegi hem-de düşmezligi üçin hem peýdalydyr. Onuň düzümindäki magniý we kaliý gan basyşy kadalaşdyrmaga kömek edýär. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gerekli elementleriň biri bolup, ol bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär. Adam bedenine gerek bolan magniýniň möçberi üçin günüň dowamynda 150 gram garpyz iýmek maslahat berilýär.  Bulardan başga-da, garpyz derimize ýeterlik derejede çyglylyk berýär.  Çünki garpyzyň suwy deri öýjükleriniň täzelenmegini üpjün edýär. Garpyzyň peşew çykaryjy täsiri öňden bäri mälim bolup, ol halk lukmançylygynda bagyr we ýürek-damar ulgamynda näsazlyklaryň netijesinde ýüze çykýan keselleri bejerýär, böwrekdäki we peşewhaltadaky daşy çykarýar. Alymlaryň bellemegine görä, garpyzyň çigidi hem ynsan saglygy üçin peýdalydyr. Garpyz çigidi adamyň immuniteti we nerw ulgamy üçin möhüm ähmiýeti bolan B witaminler toparyny özünde jemleýär. Çigidiň bir gysymynda demriň 0,3 milligramy bar. Onuň 4 gramynda bolsa magniýniň 24 milligramy bolýar. Umuman, garpyz we onuň çigidi saglyk üçin örän ähmiýetlidir.  Oguljahan RAHMANOWA. 

0
0 26.08.2025
Akyl  dişi

Çaga wagtymyz ene-atamyz dişimiz gaçsa: “Sen indi ullakan adam. Ana, süýt dişiň gaçyp, deregine akyl dişiň çykyp ugrapdyr. Kim garagolluk etse dişi agyrak hem gowşak bolar. Kim akylly bolsa akyl dişi berk bolar” diýerdi. Biz dogrudanam, bezzatlygymyzy taşlap, uly adam bolmaga çalşardyk. Soň-soňlaram birden dişimiz agyraýsa: “Näme bezzatlyk etdikkäk?” diýip ünjä giderdik. “Etde göz agyrysy, süňkde diş agyrysy” diýlip dürs aýdylypdyr. Diş agyryly ukusyz geçirilen gijeler häzirlerem ýadyma düşse inim tikenekläberýär... ...Ýigrimi bäşden saýlanyp ugraňda bilmezlikden bir säwlik goýberseň ýaşulular: “Utanaňokmy, eňegiňe ata sakgaly, agzyňa akyl dişi çykypdyr” diýip, edep bererdiler. Men garrylardan alyn dişi, gyýak dişi, azy dişi, guzy dişi, süýt dişi, at dişi barada gürrüň baryny diňlesem-de, akyl dişi barada anyk maglumat alyp bilmändim. “Agtaran — tapar” diýleni. Ahyry garagumly bilim işgäri Baýram Agajanyň aýdany ýüregime jüňk boldy: “Akyl dişi adamyň akyly goýalyşyp ugranda,  diş hatarlarynyň gutarýan ýerinden ýokarda we aşakda sag-çep tarapdan iki diş agyrysyz çykýar eken. Garrylaryň gürrüňine görä, akyl dişli orta ýaşly ynsan goýraslanyp, agraslanyp, akyllanyp aýyl bolarmyş. Magtymguly atamyzyň dana setirlerinde: Jahyllykda öten işler geň görner, Kyrkdan aşyp, aýyl bolsa adamzat — diýip, dürs belleýşi ýaly, orta ýaşdan soň, saç-sakgala gyraw sepeläp, akyl dişi çykyp, adam üýtgeşiklik tapyberýär eken. Baýramguly ÇARYGULYÝEW.

1
1 26.08.2025
Iň  gymmatly  zat  näme? (Rowaýat)

Bir adamyň örän owadan, görmegeý, juda akylly, özem diýseň edenli gyzy bar eken. Oňa bir wagtda çopan ýigit, daýhan ýigit, alym ýigit hem-de serkerde ýigit sawçy gelipdir. Kakasy gyzyna: “Özüň saýla! Göwnüň haýsyny söýse, şoňa baraý!” diýipdir. Gyz: «Maňa dünýäde iň mukaddes zady sowgat eden ýigide barjak” diýip, bularyň öňünde şert goýupdyr.  Daýhan ýigit bir saçak çörek getirip: «Ak bugdaýdan bişirilen mele-myssyk çörekden mukaddes zat ýokdur” diýipdir. Çopan ýigit bir goýun getirip: “Hydyr gören mal, ýedi hazynanyň biri hasaplanylýan goýun janawar pirli maldyr” diýip aýdypdyr. Alym ýigit: “Iň mukaddes zat kitapdyr, ylymdyr” diýipdir. Şonda serkerde ýigit el ýaly mata düwlen bir gysym topragy görkezip: “Ynsan üçin iň gymmatly zat Watan topragydyr. Iň mukaddes iş bolsa Watan goragydyr” diýipdir. Gyz: “Ata Watan asuda, goragly bolmasa, saçagyň hem bol çörekli bolmaz, malyň — mülküň hem artmaz. Ylym ösmez, kitap hem okalmaz” diýip, serkerde ýigidi — Watan goragçysyny saýlapdyr. Meretgeldi ATABAÝEW.

1
1 26.08.2025
Ýürege  jaý  jümleler

Ýaşaýşyň bahasyz hazynadygyny unutma! *** Adamkärçilikli, asylly adam özüniň borjy hakda pikir edýär, pes adam bähbidi hakda oýlanýar. *** Söz dogry bolmalydyr, hereket — aýgytly. *** Hakyky beýik adam her bir zady öz wagtynda edýän adamdyr. *** Dana, bilimdar kişiler iň gowy ensiklopediýadyr. *** Öz ýoluň bilen bol, gybata gulagyňy gabartma! *** Akylyňa aýlanmak  hiç haçanam giç däldir. *** Kim bagtyň gymmatyny bilmese, onda ol bagtsyzlyga ýakynlaşýar. Toplan  Ejegül ATABAÝEWA.

1
1 26.08.2025
Bolmaz, oglan

Gel, üşeme, penjegimi ýapaýyn, Seniň üçin süýji sözler tapaýyn. Saňa gelen belany men gapaýyn, Diýsem saňa, Bagryma gan öýýärsiň. Başyň ýaýkap: — Bolmaz, oglan — diýýärsiň. Sözle, janym, sözle niçik söýýärsiň? Arzuw bilen şu kenara gelemde, Elleriňi gysanymda elimde, Ezelenip, birje öpjek bolamda, Ýüregimiň towsuşyny duýýarsyň. Başyň ýaýkap: — Bolmaz, oglan — diýýärsiň. Sözle, janym, sözle niçik söýýärsiň? Gaçma menden, toý tutaly ýaz bilen, Gül ömrümiz geçsin aýdym-saz bilen, Ah, nädeýin, dile düşmez gyz bilen? Diýsem, ýene Gazap donun geýýärsiň. Başyň ýaýkap: — Bolmaz, oglan — diýýärsiň. Sözle, janym, sözle niçik söýýärsiň? Derdim duýup, salmaýarsyň ýadyňa, Gurban bolsa, naýynsap gyz, adyňa. Diýsem: köýýän, ýanyp barýan oduňa, Sen gülýärsiň: — Haýsy oda köýýärsiň? Başyň ýaýkap: — Bolmaz, oglan — diýýärsiň. Sözle, janym, sözle niçik söýýärsiň? Ata ATAJANOW. Türkmenistanyň halk ýazyjysy.

2
2 26.08.2025
Watan  hakynda  aýdym

Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow geňeşliginiň ýaşaýjysy, 33 ýaşynda “Lukmançylyk ylymlarynyň doktory” diýen ylmy derejä eýe bolan Ezizgeldi Helleňow edebiýat äleminde hem özüni görkezmegi başarýan şahyrdyr. Ol çagalar lukmany bolmak bilen bir hatarda özboluşly goşgulary ýazmaga ezberleşen şahyr hökmünde okyjylaryň arasynda tanalýan awtordyr. Onuň eziz Watanymyzyň eýe bolan ajaýyp döwrüni, bu beýik Diýaryň mähriban adamlaryny wasp edýän şahyrana setirleri köpleriň köňlüni bendi edýär. Şeýle bolansoň, onuň goşgulary döwürleýin metbugatlarda yzygiderli çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilýär. Golaýda bolsa, Ezizgeldi Helleňowyň soňky ýazan goşgularynyň iň gowulary saýlanylyp, özbaşdak kitap hökmünde neşir edildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan okyjylara ýetirilen bu saldamly kitap 3 müň nusgalykda çap edilipdir. Ýokarda belleýşimiz ýaly, şahyryň tema örüsi giň. Şahyr hökmünde ony Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgawy derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýetilýän ajaýyp sepgitler guwandyrýar. Şeýle bolansoň, şahyryň täze kitabyna ýerleşdirilen 130-a basalykly goşgularyň köpüsi ata Watana, dogduk Diýara, has röwşen günlere sary barýan türkmen halkymyza, onuň beýik ogullaryna bagyşlanan eserlerdir. Munuň şeýledigine kitabyň “Ata Watan, dogduk oba” atly bölüminde ýerleşdirilen “Ýaşyl Tugly Türkmenistan”, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, “Watan esgerleri”, “Göbek ganymyň daman ýeri” ýaly özboluşly goşgulary okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Şeýle bolansoň, bu şygyrlar kitabyna Watan hakynda aýdym diýäýesiň gelip dur. Şahyryň täze kitabynda adamyň öňde-soňda sataşýan ahwalaty — yşk ahwalaty bolsa, ýörite bir bölümde teswirlenilýär. Mahlasy, E.Helleňowyň “Yzzat” (könelişen söz, hezzet-hormat, sarpa diýen manyda) ady bilen çap edilen bu dördünji kitaby şygyr muşdaklaryna gowy sowgat bolar diýip umyt edýäris. Hojaberdi ÇARYÝEW.

1
1 26.08.2025
Bir enäniň nesihaty

Nurjemal gelneje, size uly hormat goýýarys! Özüňizem şeýle ýumşak, mähirli, gyzlaryňyzam baran ýerinde şeýle süýji sözli, gaýynlary bilenem, baran ýerleri bilenem «äpbede-jüpbe». Daşyňyzdan “tüweleme” diýýäris. Siziň gyzlaryňyzyň şeýle mähirliligine haýran galýarys. Gaýyn-gelniň şeýle mylaýym gatnaşykda bolmagynyň syry nämede?  Bu soraga Nurjemal gelneje birbada jogap bermedi. Uzaklara seredýän terzde gözleri az salym doňup galdy, ýuwdundy-da çalaja ýylgyrjak ýaly etdi, ara düşen dymyşlykdan soňra şu sözleri dile getirdi: — Ejem jan... Bu zatlaryň düýp sebäbi ejem jan. Has dogrusy, ejem janyň maňa beren öwüt-nesihatlary... Meniň durmuşa çykmagyma az wagt galanda: «Balym, janym, guzym! Saňa berjek gürrüňlerimi ünslüje diňle! Şu mahala çenli başardygymyzça seni ýelden-suwdan, gözden-dilden goradyk. Seniň nähili adamdygyň heniz il-güne doly aýan däl. Gyz maşgala durmuşa çykanyndan soň baran ýeri bilen gatnaşygyna görä, onuň kimdigine baha berilýär, seniň üstüň bilen maşgalamyza baha berilýär. Özüňi diňe gowy tarapdan görkezjek bol, baran öýüňde beýlekilerden giç ýatyp, ir turjak bol! Elbetde, bu zatlar göräýmäge kyndyr, ýöne bir-iki aýdan öwrenişersiň, abraý-sylagyňam artar gider» diýip maslahat beripdi. Özem bu sözleri şol wagtlar günde diýen ýaly gaýtalardy. Gelin bolup, birinji gezek atam öýüme gelenimde ejem jan şeýle diýipdi:  — Jan gyzym, gaýyneneňe hyzmat edeniňde maňa hyzmat edýän diýip düşüngin, şony razy etdigiň, meni razy etdigiňdir. Eger gaýyneneň sähelçe ynjaýsa men senden razy däldirin. Gaýyneneň aýdanyny diňe «dogry» diýip kabul etgin. Özi aýtmasa-da kä mahal näme gerekdigini sorap durgun, ýagdaýyndan habar tutgun! Gaýnyňdan hyzmatyňy gaýgyrmagyn. Gaýnyňy ejem diýip pikir etgin.  Ýanýoldaşyňa-da ejesinden, kakasyndan  ýygy-ýygy  habar tutmagyny ýatlatgyn. Sen şol öýe gelin bolup baranyňdan oglunyň öz ejesine, kakasyna bolan mähremligi hökman artmalydyr...  — Elbetde, ejemiň meniň eneme, atama bolan sylag-hormaty has uludy. Menem, näme, çagalaryma gowy görelde görkezjek bolup, armagy-irmegi, ýadawlygy bilmedim. Gyzlaryma-da gowy gelin bolmagy: «Iň bolmanda, öýde gören zatlaryňyzy edäýiň, şonda durmuşyňyz bagtyýar, geljegiňiz aladasyz, gaýgysyz bolar,  abraýyňyzam arşa galar» diýip sargaýaryn. Ýöne, näme, ilçilik-dä, kä ýerde ene-ata öz durmuşa çykaran gyzynyň baran ýerindäki öwrenişmeýän ýagdaýlaryny, gyzynyň nägileligini sessiz diňläp otyr. Onsoň, gelin bolan gyzlary «gutarmaýan düzme» ýazýan ýaly, yzly-yzyna gep getirýär. Ol hem ene-atasynyň ýüregini, hem öz ýüregini çişirýär. Gaýyn öýündenem sowaşýar.  Men gyzlarym durmuşa çykmanka ejemiň maňa beren öwütlerini aýdyp  berýärin. Gyzlaryma: “Bir ajy zada süýji zady garsaň, ajysy gitmez, ýene-de süýji garyberseň ajysy gider. Maşgalada size ýaramaz gatnaşyk edilýändir öýtseňiz, yzly-yzyna ýakymly, süýji sözler bilen ýagşy gatnaşyklaryňyzy ýola salyň” diýýärin.  Kä gelinler: «Meniň ýüregim gowy, ýüregimde sähelçe-de erbetlik ýok, ýöne maňa düşünmeýärler» diýýärler. Çaýly käsäňe şeker guýanyň bilen çaýyň birbada süýjemeýär ahyryn, şekeri gowy edip garmaly, ana, şonda çaý süýjäp başlar. «Ýüregim gowy» diýeniň bolmaýar, gowulygyňy görkezmeli, subut etmeli... Nurjemal gelneje başga-da birnäçe öwütleri berdi. Hemmesem gyzyla gaplaýmaly öwütler... Hekimberdi ORAZBERDIÝEW.

1
1 26.08.2025
“Arzuw  halynyň” ilhalar  önümleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün türkmen döwletiniň at-abraýy barha beýgelýär. Halkymyzyň maddy hal-ýagdaýy ýokarlanýar. Diýarymyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlarynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar.  Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde telekeçilige uly orun degişlidir. Türkmen telekeçileri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen başlanyp, hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen badalga berilýän tutumly maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýarlar. Soňky ýyllarda kiçi we orta telekeçiligi sazlaşykly ösdürmek, hususy başlangyçlary goldamak üçin örän amatly hukuk, ykdysady, maliýe hem-de durmuş şertleri döredilýär. Döwlet derejesinde döredilýän bu mümkinçilikler telekeçilerimizi netijeli işlemäge ruhlandyrýar. Zähmetsöýer telekeçi Myrat Durdyýewe degişli bolan “Arzuw haly” haryt nyşanly haly we palas önümçilik kärhanasynda-da netijeli işler bitirilýär. Has takygy, “Arzuw haly” önümçilik kärhanasynda daşary ýurtly öndürijileriň iň täze tehnologiýalary — haly dokaýjy we sapak saraýjy enjamlary ornaşdyrylyp, önümçilik awtomatlaşdyrylan usulda alnyp barylýar. Bu ýerde dokalýan halylaryň çig maly Eýran we Türkiýe döwletlerinden getirilýär. Halylar dokalmazdan öň sapak saraýjy enjamlaryň üsti bilen sapaklar gözden geçirilýär. Soňra haly dokaýjy enjama taýýar sapaklar goýulýar hem-de haly we palas önümleri dokalýar. Taýýar halylar we palas önümleri ýurdumyzyň ähli künjeklerindäki “Arzuw haly” haryt nyşanly dükanlarynyň üsti bilen alyjylarymyza hödürlenilýär. Bu önümçilik kärhanasynda ýörite buýurmalar arkaly dürli ölçegdäki, dürli reňkli we nagyşly halylar hem dokalýar. Häzirki wagtda türkmen telekeçileriniň öndürýän önümleriniň içerki bazary üpjün etmek bilen bir hatarda, daşary ýurt bazarlarynda-da barha giň orun alýandygy juda guwandyryjydyr. Jemal MAWYÝEWA.

13
13 25.08.2025
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi

Golaýda etrabymyzdaky 23-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň jemlerine bagyşlanyp, “Döwletli başlangyçlar rowaçlygyň binýady” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygy TMÝG-niň Garagum, Baýramaly etrap geňeşleri, etrap bilim bölümi bilelikde gurap, oňa atlary agzalan guramalaryň işgärleri, etrap halk maslahatynyň agzalary, etrap bilim bölüminiň hünärmenleri, bilim işgärleri we edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda etrapdaky 23-nji orta mekdebiň mugallymy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Şirin Baýmyradowa, 23-nji orta mekdebiň müdiri, etrap halk maslahatynyň başlygy Agajan Kullaýew, TMÝG-niň Garagum etrap geňeşiniň işgäri Ogulbagt Amanmyradowa, TMÝG-niň Baýramaly etrap geňeşiniň bölüm müdiri Azat Muhyýew çykyş etdiler. Olar ýokarda ady agzalan halkara maslahatynyň jemleri, bu forumyň taryhy ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly daşary syýasatynyň rowaçlanýandygy barada durup geçdiler. Gülnar GURBANMYRADOWA

11
11 25.08.2025
Parahatçylygyň aýdyň ýoly

Golaýda Wekilbazar etrap bilim bölüminde TDP-niň etrap komitetiniň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, TMÝG-niň etrap geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda “Parahatçylygyň aýdyň ýoly” ady bilen dabaraly duşuşyk geçirildi. Duşuşyk ýakynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda üstünlikli geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz-nesihat etmäge bagyşlanyldy. Oňa ýokarda ady agzalan syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri hem-de bilim ulgamynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Wepa Orazow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Dünýä Öwezowa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Hajar Garryýewa, etrap bilim bölüminiň baş hünärmeni Şaguly Öwezow çykyş etdiler. Çykyş edenler baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda şeýle wekilçilikli forumyň ýurdumyzda geçirilmeginiň wajyp ähmiýetiniň bardygy, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkara derejeli maslahatlaryň yzygiderli geçirilýän merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň ählumumy abadançylygy, howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylýandygy dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.  Aýlar MYRADOWA

13
13 22.08.2025
Hyzmatdaşlyklar pugtalandyrylýar

 Ýakynda Ýolöten etrap häkimligi, etrap zenanlar guramasy, TMÝG-niň etrap geňeşi etrabyň Talhatanbaba oba medeniýet öýünde etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärleriň gatnaşmaklarynda «Parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi.  Bu wagyz-nesihat duşuşygynda etrap häkimliginiň hünärmeni Dünýä Çaryýewa, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy, etrap halk maslahatynyň başlygy Toýly Anyşow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Rozymuhammet Artykow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow TMÝG-niň etrap geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, etrabyň ýaşaýjysy Ýazgül Öwezowa çykyş etdiler. Çykyş edenler “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçendigi, dost-doganlygyň berkeýändigi, Türkmenistanyň Halk Maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň etdiler. Ahmet NURJANOW.

25
25 22.08.2025
Ýaşlaryň arasynda maslahat duşuşygy geçirildi

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni taryhy wakalara, toý baýramlara beslenýär. Üstümizdäki - Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdymyzyň durnykly ösüşini üpjün etmek, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowlandyrmak boýuça il-ýurt bähbitli tutumly işler durmuşa geçirilýär. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işlerini halk köpçüligine giňişleýin ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň “Türkmenistanyň Halk Maslahaty - Rowaç menzillere badalga” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat, Mary etrap we şäher Geňeşleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Şöhratly ata-babalarymyzyň milli ýörelgeleriniň dowamata atarylan täze taryhy eýýamynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň möhüm meselelerini çözmäge halk köpçüliginiň gatmaşmagyny üpjün etmekde halkymyzyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edaranyň – Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň orny örän ulydyr. Şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il - ýurt bähbitli işler raýatlarymyzyň kalbynda çäksiz hoşallyk döredýär. Her ýylda uly ruhybelentlikde geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Garaşsyzlyk baýramçylygynyň öň ýanynda geçirilmeginde uly many bar.  Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşýanlaryň arasynda Ýaşlar guramasynyň agzalaryna giň orun berilmegi hem ýaşala uly ynam bildirilýändiginden nyşandyr diýip, çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Şundan ugur alyp, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we onyň agzalary Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine häzirki wagtda işjeň taýýarkyk görýärler. Maslahata gatnaşanlar halkymyzy ösüşiň ak ýolundan aýdyň gelejege öňe alyp barýan Türkmenistanyň halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar.              Azat Beglanow.

20
20 22.08.2025
Awazada Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygy öz işine başlady.    Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hazaryň kenarynda geçirilýän ýokary derejede duşuşyga gatnaşmak üçin Balkan welaýatyna ugrady. Şeýle hem täze taryhy eýýamyň möhüm wakasyny özünde jemleýän syýasy çärä gatnaşmak üçin Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurdumyza sapar bilen geldiler. Bu halkara çäre sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykýandygyny alamatlandyrdy.    Häzirki döwürde Türkmenistan, Azerbaýjan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy syýasy-diplomatik ulgamda bolşy ýaly, beýleki ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk edýär. Bu bolsa sebitde ählumumy parahatçylygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginiň baş şerti bolup durýar. Goňşy döwletleriň arasyndaky ýokary derejeli duşuşygyň Hazar deňziniň kenarynda geçirilmeginde çuňňur many bar. Munuň özi “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň ýokary derejeli halkara çäreleriniň geçirilýän merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyrýar.

17
17 22.08.2025
Gahryman Arkadagymyz Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.   Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky netijeli gatnaşyklar dostlugyň berk binýadyna, ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga bolan syýasy erke esaslanýar.    Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykarylandygyny kanagatlanma bilen bellenildi.

17
17 22.08.2025
Gahryman Arkadagymyz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşdy

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew arasynda duşuşyk geçirildi.   Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.   Ynanyşmak we özara düşünişmek ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda taraplar däp bolan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

35
35 19.08.2025
Wekilbazar etrap medeniýet öýünde täsirli maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz toý-baýramlaryň mekanyna öwrüldi.  Mary welaýatynyň Wekilbazar etrap medeniýet öýünde hem Wekilbazar etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda  Birleşen Millere Guramasynyň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça  üçünji halkara maslahatynyň jemlerini wagyz-nesihat etmek boýunça “Parahatçylyk we ynanyşmak - ähliumumy rowaçlygyň binýady” ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Dabaraly maslahata etrabyň il sylagly ýaşulylary, kümüş saçly eneleri,  jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler şowly geçen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda  Birleşen Milletler Guramasynyň deňize çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňler etdiler. Dabarada etrabyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, tans hem-de döredijiki toparlarynyň çykyşlaryna-da uly orun berildi. Joşgunly çykyşlarda, ýaňlanan aýdym-sazlarda, ýerine ýetirilen tanslarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe asuda we parahat Watanmyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan rowaç işleriniň waspy beýan edildi. Maslahata gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýürekden çykýan hoşallyk we alkyş sözlerini aýtdylar. Azat BEGLANOW.

34
34 19.08.2025
Maslahat geçirildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli Murgap etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik partiýanyň etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň hem-de TMÝG-niň etrap geňeşiniň bilelikde guramagynda maslahat geçirilip, oňa etrabyň ýaşuly nesilleriniň wekilleri we bilim ulgamynyň işgärleri gatnaşdylar. Etrabyň medeniýet öýünde geçirilen bu maslahatda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gazanylýan beýik ösüşler hem-de golaýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji halkara maslahatynyň ähmiýeti we şol forumda türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eden taryhy çykyşy dogrusynda buýsanç bilen bellenilip geçildi. Şeýle hem bu ýerde çykyş edenler Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň şanly wakalary dogrusynda-da durup geçdiler hem-de dünýäde hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmekde beýik işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.      Merjen ÇARYÝAROWA.

642
642 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

560
560 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

791
791 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

630
630 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

706
706 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

740
740 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

553
553 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

630
630 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2025 | Ähli hukuklar goragly.