Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Watanymyzyň şowly gadamynyň bady Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da rowaçlanýar. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty umumadamzat bähbitli başlangyçlarda uly gyzyklanma döredýär.
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özenini parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgeleri düzüp, ol sebitde we bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakdan, ýurtlaryň we halklaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ösdürmekden ybaratdyr. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslarynyň döwrebap kanunçylygy kabul edildi. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň kabul edilmegi gürrüňi edilýän meselede möhüm ähmiýete eýe boldy. Bu Konstitusion Kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitleýär. Şu Konstitusion Kanunda kesgitlenilişi ýaly, gürrüňi edilýän syýasat Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakynda Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna we şu Kanuna esaslanýar. Şeýle hem şu Kanun halkara ähmiýetli maksatlara eýerýär. Bu möhüm resminama Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiziň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň mümkinçilige ýol açjakdygy guwandyrýar.
Şu günler türkmen ili taryhy waka — Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň toýuna taýýarlyk görýär. Halkara derejesinde belleniljek baýramçylyga mynasyp zähmet sowgatly barmak bolsa, jana-jan borjumyzdyr.
Akmuhammet BEKMYRADOW.








