Şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar
Ýurdumyzda şu ýylyň 13-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasyny tassyklap, onda bellenen wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak babatda tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda Mary welaýatynyň Mary şäherinde degişli Maksatnama laýyklykda ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişliginde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabara geçirildi.
“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň başynda ýurdumyza getiren uly abraýy, şöhrat – şany ähli halkymyzy buýsandyrýar. Olaryň sirk sungatyny ösdürmekde gazanan şöhraty diňe türkmen halkyny däl, eýsem dünýäniň halklaryny, atşynaslaryny, sirkçilerini haýrana goýýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň ilkinji aýynda ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna Monako Knýazlygynyň Monte – Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalarynyň gowşurylmagy türkmen bedewleriniň dünýädäki şan – şöhratynyň barha artýandygynyň ýene bir aýdyň güwäsine öwrüldi. Şu ajaýyp waka mynasybetli Mary welaýatynda giň gerimde ýaýbaňlanan dabaralar uly ruhubelentlige beslendi. Halkymyzyň milli buýsanjy we guwanjy bolan behişdi bedewlerimiziň owazasyny äleme ýaýýan ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary Mary welaýatynyň merkezi Mary şäherinde dabaraly garşylandy. Toparyň agzalary şäheriň görkana köçeleri boýunça toý ýörişini amala aşyryp, Mary şäheriniň merkezindäki Mary welaýat kitaphanasynyň öňündäki giň meýdançada guralan dabara gatnaşdylar. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlary özleriniň ajaýyp çykyşlaryny görkezdiler. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen çykyşlarda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň il – halk, döwlet hem-de bütin adamzat bähbitli beýik hem-de rowaç işleri, halkymyzyň guwanjyna hem buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewlerimiz wasp edildi. Soňra myhmanlar binanyň içine girip, bu ýerde guralan sergi bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle-de paýhas ojagynyň beýleki bölümlerine aýlanyp gördiler. Myhmanlar şäheriň merkezindäki Baş baýdak meýdançasynyň hem-de welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň öňündäki dabaralara gatnaşyp, joşgun bilen ýerine ýetirilen çykyşlara uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Şäheriň medeni ojaklarynyň öňündäki meýdançalarda guralan dabaralara gatnaşan meşhur ,,Galkynyş” at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary soňra ,,Türkmeniň ak öýi” binasyna bardylar.
,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň öňündäki toý meýdançasynda at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary uly toý şatlygy bilen garşylandy. Binanyň çar ýanynda milli mirasymyza degişli şaý-sepler, at esbaplary, altyn kümüşden ýasalan bezeg serişdeleri, amaly haşam we şekillendiriş sungatyna degişli saýlama eserler ýerleşdirilipdir. Şanly waka mynasybetli bu ýerde guralan dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet, sungat işgärleri ýörite taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryny görkezip, bu ýere gelen adamlara ruhy lezzet paýladylar. Görkezilen sahna çykyşlaryndan göwünleri galkynan myhmanlar “Türkmeniň ak öýi” binasynyň girelgesinde giňden ýaýbaňlandyrylan sergini synlamakdan hem ruhy lezzet aldylar. Sergide milli mirasymyzyň, amaly-haşam we şekillendiriş sungaty hem-de surat, nakgaşçylyk eserleriniň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplary ýerleşdirilipdir. Sergini synlan her bir adam türkmen milletiniň özüniň ebedi mirasyna, behişdi bedewlerine nä derejede ýokary baha berýändigine göz ýetirdiler.
Bezemen binanyň tomaşa zalynda guralan dabaralar ähli medeni çäreleriň seresi boldy. ,,Türkmeniň ak öýi” binasynyň sahnasynda şowhunly çykyşlar giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlarda halkara festiwallaryň, bäsleşikleriň iň ýokary baýraklaryna mynasyp bolup gelýän ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň dünýädäki meşhurlygy barada nygtaldy. Çykyş edenler ,,Garaşsyz, baky Bitarap – Türkmenistan bedew batly at – myradyň mekany” ýylynyň ilkinji aýynda topara Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiýasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy tutuş halkymyzy buýsandyrandygyny aýratyn bellediler. Türkmen bedewleri türkmen halkynyň milli buýsanjy, guwanjy, mertligiň, wepalylygyň nyşanydyr. Ýurdumyzda berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe atçylygy we atçylyk sportyny ösdürmäge, tejribeli atşynaslary, seýisleri, çapyksuwarlary we beýleki hünärmenleri taýýarlamaga, olaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga ähli zerur şertler döredilýär. Ata – babalarymyzyň atşynaslyk däpleri gaýtadan dikeldilýär we türkmen bedewlerimiziň dünýädäki at-abraýy has-da belende galýar. Bu ýerde çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerimize bagyşlap döreden eserlerinde türkmen bedewleriniň gelip çykyşy, taryhy ösüş ýoly, tohum aýratynlyklary hem-de olaryň türkmen halkynyň durmuşyndaky orny giňden açylyp görkezilýär – diýip, aýratyn bellediler. Mälim bolşy ýaly Gahryman Arkadagymyz ýakynda Arkadag şäherine gelip, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň ,,At – myrat” okuw merkezine, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr – sahawat gaznasynyň adyndan bir million bäş ýüz müň manat hem-de Hormatly Prezidentimiziň kabul eden çözgüdi esasynda ,,Galkynyş”milli at üstündäki oýunlar toparyna üç million manat pul baýragyny we toparyň agzalarynyň her birine nepislik bilen ýasalan at eýerlerini sowgat beripdi. Mälim bolşy ýaly geçen ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlap geçirilen ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Hormatly Prezidentimiz 2026-njy ýylyň ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at - myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli atçylyk we atly sport ugurlary boýunça çäreleriň Maksatnamasynyň işlenip taýýarlanandygyny aýdyp, degişli resminama gol çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Mary welaýatynyň Mary şäherinde degişli Maksatnama laýyklykda, şu ýylyň esasy çäreleriniň biri bolan ,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň halkara giňişlikde gazanan nobatdaky üstünligine bagyşlanyp geçirilen dabaralar buýsançly başlary hasam belende göterdi. Bu bolsa milli sirk sungatynyň ösmeginde mynasyp paýy bolan toparyň agzalarynyň ýurdumyzyň sebitleri boýunça guraýan baýramçylyk ýörişiniň dowamyna öwrüldi – diýip, bu ýerde çykyş edenler aýratyn bellediler. Ýurdumyzda atçylygy we atçylyk sportyny ösdürýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler. Binanyň tomaşaçylar zalynda görkezilen aýdym-sazly çykyşlar hem öz şowhuny bilen köplerde täsir galdyrdy. Dabarada welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren şowhunly çykyşlarynda gamyşgulak bedewlerimizi, olaryň ýyndamlygyny, owadanlygyny wasp edýän aýdymdyr sazlary belentden ýaňlandy. Medeniýet işgärleriniň ýerine ýetiren her bir joşgunly çykyşlaryny tomaşaçylar dowamly el çarpmak bilen garşyladylar. “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň görkezen sirk oýunlaryna tomaşaçylar uly gyzyklanma bilen tomaşa etdiler. Toparyň oglan – gyzlarynyň welaýatyň bagtyýar ýaşaýjylaryna görkezen çylşyrymlydan täsin we täsirli oýunlary, çapyp barýan atyň üstünde amala aşyran tilsimleri her bir adamyny haýrana goýdy. Sahna çykan atlaryň dürli oýunlaryny tomaşaçylar dowamly el çarpmak bilen mübäreklediler. At üstünde görkezen her bir oýunlar sirk sungatynyň muşdaklarynyň ünsüni özüne çekip, olarda ýatdan çykmajak täsirler galdyrdy. Görkezilen çykyşlardan soňra dabara gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýüzlenme kabul etdiler.
,,Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalarynyň halkara giňişliginde gazanan üstünliklerine bagyşlanan dabaralardan soň agzaçar wagtynda toý sadakasy berildi. Onda okalan aýat-töwirlerde Berkarar Watanymyzyň abadançylygy, halkymyzyň agzybirligi, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagy dileg edildi.
Toýmyrat Gurbanow, Çarymuhammet Saparow.