Aňkaň aşmak — garrap, ýa-da agyr ýagdaýa düşüp huşuň gitmek, näme edip, näme goýanyňy bilmezlik, aljyramak.
Aňryňa il gonmak — nahardan doýmak.
Aňryň (içiň) eljuk diýmek — içiň gorulmak, ajykmak.
Aňyrsyna geçmek — köpbilmişlik etmek, düşünip, düşünmediksirän bolmak.
Aňyrsyny çürüzziklemek — çäk goýmak, çäklendirmek.
Ara el düşmek — oňşuksyzlyk başlanmak, ara näsazlyk düşmek, tersleşmek.
Arabaňy daşda tigirle — öz işiň bilen bol, azar berme, öz gününe goý.
Aradan gyl geçmezlik — ysnyşykly dost bolmak, ysnyşykly gatnaşykda bolmak.
Arany Aý dogan ýaly etmek — gümürtiklik goýmazlyk aýdyňlaşdyrmak, anyklaşdyrmak.
Ara sowamak (ara sowuklyk düşmek) — biri-biriňden göwnüň galmak, bir-biriňe ynamyň gaçmak, dostlukly gatnaşyk bozulmak.
Ara tow (düwün) düşmek — sözüň azaşmak, göwün galmak, agyz alarmak.
Ara çöp atmak — biderek gürrüň aýdyp, arany bozmak, agzalalyk döretmek, tersleşdirmek.
“Türkmen diliniň
frazeologik sözlügi” kitabyndan.








