Ýakynda welaýat kitaphanasynyň uly mejlisler zalynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap halk maslahatlarynyň agzalary, welaýatyň edara-kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
“Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan: parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmek ýoly bilen” diýlip atlandyrylan dabaraly maslahatyň öň ýanynda oňa gatnaşyjylar kitaphananyň girelgesinde medeni çykyşlara tomaşa etdiler we surat hem-de kitap sergilerini synladylar.
Dabaraly maslahatda welaýat häkiminiň orunbasary, welaýat zenanlar bölüminiň başlygy Çemen Akyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň üçünji sekretary Myrat Ýamşikow, Eýran Yslam Respublikasynyň Mary şäherindäki Baş konsuly Abdolmajid Kamjou, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, welaýat baş bilim müdirliginiň bölüm müdiri, welaýat halk maslahatynyň başlygynyň orunbasary Ogulgerek Abdyllaýewa çykyş etdiler.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri hem daşary syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändigini, ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha belende galýandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Şeýle-de, dünýä döwletleri bilen ýola goýulýan diplomatik gatnaşyklaryň, ykdysady hyzmatdaşlygyň geriminiň barha giňeýändigi dogrusynda durup geçdiler. Dabaraly maslahatda çykyş edenler diplomatik işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlap, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Sülgün ŞADYÝEWA.








