Ajaýyp ýylymyzyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynda giň many-mazmun bar. Çünki türkmen halky bedew atyny sarpalaýar, hormatlaýar. Milli buýsanjyna we guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleri türkmen halkynyň gymmatly medeni mirasydyr. Häzirki wagtda ajaýyp bedewlerimiziň sarpasy belent tutulýar. Ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny gorap saklamak, olaryň abraýyny dünýä ýaýmak boýunça mynasyp işler alnyp barylýar.
Üstümizdäki ýylyň 16-25-nji ýanwary aralygynda Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 48-nji halkara sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparyna sirk sungatyna uly goşandy üçin Bütindünýä sirk federasiýasy hem-de Ýewropa Sirk assosiasiýasy tarapyndan halkara şahadatnamalaryň gowşurylmagy ähli türkmen halkyny buýsandyrdy. Bu waka 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýen şygarynyň mazmunyny baýlaşdyryp, oňa aýratyn öwüşgin çaýdy. Şeýle buýsançly wakalara beslenýän Diýarymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň uly üstünliklere beslenmegini arzuwlaýarys.
Tawus DURDYÝEWA.








