Asuda Watanymyzda her ýyly mynasyp atlandyrmak asylly däbe öwrülişi 2026-njy ýyl hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda hem toý baýramlar, dabaralar, maslahatlar giň gerime eýe bolup, şeýle çäreleriň biri hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň medeniýet öýünde Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen milli kino hepdeliginiň çäklerinde “Kompozitor” türkmen filmine etrabyň jemgyýetçilik we syýasy guramalarynyň, birnäçe edara kärhanalarynyň işgärleri bilen bilelikde tomaşa edildi. Halkara derejede birnäçe baýraga mynasyp bolan bu çeper film, türkmen milli saz sungatynyň jadylaýjy güýjüni, medeni mirasyny we saz eserleri arkaly gahrymanlaryň içki dünýäsini açyp görkezýär. Kerim Berdimuhamedowyň sazlaryndan peýdalanylan bu eser, türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda möhüm oruna eýe. Filmde türkmen saz medeniýetiniň baý däpleri, milli saz gurallary we türkmen halkynyň ruhy dünýäsi içinde suratlandyrylýar. Tutuş filmiň dowamynda wakalar sazyň utgaşdyrylmagynda beýan edilip, saz esasy gural hökmünde çykyş edýär. “Kompozitor” filmi tomaşaçylaryň söýgüsine we gyzgyn elçalpyşmalaryna mynasyp bolup, olarda ýatdan çykmajak ajaýyp täsirleri galdyrdy. Tomaşaçylar ýurdumyzda milli kino sungatynyň ösmegi üçin giň ýol açýan Milli Liderimiz, Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Azat Beglanow.








