Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatymyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaşyl ýaýlalary ýadyňa salýan bugdaý maýsalary töwerege özboluşly görk goşýar. Kärendeçi daýhanlaryň yhlasly zähmeti bilen geçen ýylyň güýzünde topraga sepilen bugdaý däneleri gyradeň gögerip çykdy. Gallaçy kärendeçiler şu günlerde ak ekine ideg etmek işini guramaçylykly alyp barýarlar.
Gallaçy daýhanlarymyzyň yhlasly zähmet çekmeginiň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň olar üçin döredýän mümkinçilikleri, berýän goldawlary bar. Daşary ýurtlardan satyn alnyp, etrap “Obahyzmat” önümçilik kärhanalaryna berkidilen kuwwatly traktorlaryň kömegi bilen irgözinden ýerler sürlüp, tekizlenip, ekişiň ýokary hilli geçirilmegi kadaly gögeriş gazanylmagyna getirdi. Şeýle aladalar, kömek-goldawlar üçin welaýatymyzyň gallaçylary Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyklaryny aýdýarlar.
Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagynda: “Oba hojalygynda geçirýän özgertmelerimiz hem rowaçlyklara beslenýär. Edermen daýhanlarymyz Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý hasylyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirdiler. Ýygnalan bol galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr, saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir. Geljekde hem oba zähmetkeşlerini ykdysady taýdan höweslendirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça netijeli çäreleri durmuşa geçireris” diýip, bellemeginde topraga yhlasly daýhanlaryň ýadawsyz zähmetine belent hormat bar.
Gallaçy kärendeçiler häzirki günleriň amatly pursatlaryndan peýdalanyp, bugdaý ekilen ýerlere ýerli hem-de mineral dökünleri bermek, ösüş suwuny tutmak işlerini agrotehnikanyň talaplaryna görä, alyp barýarlar. Bu bolsa, bugdaýyň düýpleriniň gurplanmagyna ýardam edýär. “Ak ekine — ýokardan, gök ekine — akardan” diýlişi ýaly, şu günlerde ýagýan ýagyş-ýagmyryň hem bugdaýa örän peýdaly täsiri bar. Nesip bolsa, edilýän aladalaryň netijesinde bugdaýlar ir bahardan ösüp, boý alyp, bereketli hasyl toplar. Orak möwsüminde zähmetsöýer daýhanlar bellenilen meýilnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirerler.
Daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekip, toprakdan bol hasyl almagy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän, yzygiderli hemaýat-goldawlary berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin!
Durdynabat BAÝRAMOWA.








