Dostlukly gatnaşyklaryň beýany
weather mary 30° C Mary
weather mary 30° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

Dostlukly gatnaşyklaryň beýany

170 26.02.2026

      Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň netijelerine we “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýakynda Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bolan dostlukly iş saparynyň çäklerinde ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň, duşuşyklaryň ýurdumyzy ösdürmekdäki ähmiýet we bu döwlet bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky orny dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Şeýle hem çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda diýarymyzda gazanylýan üstünlikler we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Bitarap watanymyzyň dünýä döwletleri bilen alyp barýan hoşniýetli gatnaşyklary barada-da aýratyn nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.  

Suratlar

19
19 10.04.2026
AK ÝOLLAR BAGTA ÝETIRÝÄR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli işleriň bady artýar. Dürli maksatly binalardyr desgalar bilen birlikde demir we gara ýollaryň, köprüleriň gurluşygy hem giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Muňa şu gün hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyrynyň dabaraly ýagdaýda açylmagy hem  doly şaýatlyk edýär. Ozal bu ýokary tizlikli awtobomil ýolunyň Aşgabat — Tejen we Tejen — Mary bölekleri ulanmaga berlipdi. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat bölegi bilen umumy uzynlygy 600 kilometre deň boldy. Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň merkezi şäheri bilen döwletimiziň gündogar sebitleriniň arasyndaky ýük we ýolagçy gatnawlarynyň tizligini ýokarlandyrmaga giň mümkinçilikleri açar. Ýoluň gatnaw böleginiň ini 34,5 metr bolmak bilen, her tarapda üç sany gatnaw zolagy bar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň ugrundaky düzümleýin desgalar sürüjilerdir ýolagçylara zerur amatlyklary döreder. Ýoluň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň milli ulag-logistika ulgamyny ösdürmekde we ulag-üstaşyr kuwwatyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe bolar. Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň üçünji tapgyrynyň ulanmaga berilmegi şanly ýylymyzyň taryhy wakalarynyň biri boldy. Baýram AMANOW.

24
24 09.04.2026
Şatlygymyzy goşalandyrdy

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy ugrunda ençeme işler amala aşyrylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda ýurdumyzyň çäginde döwrebap şäherçeler gurulýar. Munuň özi türkmen halkynyň bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagy, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy ugrunda edilýän beýik işlerdir. Ýolöten etrabynyň çäginde täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagy biziň ählimiziň şatlygymyzy goşalandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen bu şäherçede çagalar baglarynyň, orta mekdepleriň, medeniýet öýüniň, hassahananyň we başga-da birnäçe durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň gurulmagynyň meýilleşdirilmegi buýsanjymyzy artdyrdy. Döwrebap, täze şäherçäniň düýbüniň tutulmagy halkymyzyň rahat durmuşynyň alamatydyr. Munuň üçin biz — medeniýet işgärleri Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlarymyzy aýdýarys.  Akmyrat ÝAKUBOW. Ýolöten etrabynyň Momataý geňeşligindäki  Talhatan baba oba medeniýet öýüniň çäre gurnaýjysy.

20
20 09.04.2026
Taryhy wakanyň buýsanjy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllarynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň netijesinde eziz Watanymyz aýdyň ýol bilen ynamly öňe barýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde ýokary görkezijiler gazanylýar. Bu babatda taryhy wakalary bilen dabaralanýan “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýeňişli gadamlarymyzyň bady barha artýar. Döwlet baştutanymyzyň welaýatymyzda iş saparynda bolup,  Ýolöten etrabynyň çäginde täze döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata bermegi il-günümiziň göwnüni galkyndyrdy. Kalbymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi. Täze şäherçäniň ýaşaýjylary üçin dörediljek ähli amatlyklar Garaşsyz döwletimizde adam hakdaky aladanyň tutumly işlerde durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýär. Şu günlerki taryhy waka “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzyň uly üstünliklere beslenýändigine güwä geçýär. Halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşap, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli işleri has-da rowaç alsyn! Jumanazar JUMAMYRADOW. Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.

31
31 09.04.2026
Geljegi aýdyň täze şäherçe

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly üstünliklere beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan gözbaşly adam hakda alada giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap täze şäherçeler gurlup, ulanylmaga berilýär. Döwletli zaman şäherçesi bu gün behişdi mekany ýadyňa salsa, Wekilbazar, Türkmengala, Sakarçäge etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu Karary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda  ýokary ruhubelentlik, çäksiz hoşallyk, buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet baştutanymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ilatynyň  ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata berdi. 22,5 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenen täze şäherçede jemi 4500 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu döwrebap şäherçede orta mekdepleriň 6-syny, çagalar baglarynyň 8-sini gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 800 gektar meýdany tutjak täze şäherçäniň çäginde hassahana hem-de iki sany saglyk merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap şäherçede onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny ýatlamak ýakymlydyr.  Elbetde, täze şäherçäniň gurluşygyna berlen ak pata “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, guwanç duýgusyny döretdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün bähbitli tagallalarynyň ýeňişlere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şanly ýylymyzyň iri möçberli tutumly işleri rowaç alyp, olar il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Medeni-durmuş babatda ähli amatlyklar dörediljek täze şäherçäniň gurluşygyna ak pata berilmegi möhüm waka bolup, il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. Täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda şirinden-şirin aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, tansçylaryň şowhunly tanslary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Baýram AMANOW.

22
22 08.04.2026
Bähbitli işleriň rowaç gadamlary

Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli aýdyň ýoly bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly  rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýy täze belentliklere çykýar. Ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşynda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly       Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durýar. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça çalt depginlerde ösdürmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Sanly ykdysadyýetiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, beýleki ulgamlara giňden ornaşdyrylmagynda uly işler bitirilýär. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmakda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde ähli tagallalar edilýär. Has takygy, milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Daýhanlarymyz döwlet Baştutanymyzyň berýän goldaw-ýardamyna daýanyp, dänäniň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja önümleriniň, miwäniň bol hasylyny almakda uly ýeňişleri gazanýarlar. Şeýle ösüş-özgerişler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa täze öndüriji güýjüň milli ykdysadyýetimizde uly orna eýe bolmagyna ýardam edýär. Hususyýetçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen halkyň köp sarp edýän harytlarynyň we önümleriniň bolçulygy döredilýär.  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýä parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuny toýlar. Giňden belleniljek bu şanly sene Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we bu uly toýuň dabarasy dag aşar. Baýram AMANOW.

24
24 08.04.2026
Küştçülerimiziň şowly çykyşy

Ýurdumyzda ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde gazanylýan üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Aýratynam, sporta höwesek ýaşlaryň ýylsaýyn mukdarynyň artýandygy guwandyrýar. Diýarymyzda hereket edýän döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ýaş türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna mümkinçilik berýär. Golaýda Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebinde küştçileriň arasynda welaýatda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Örän çekeleşikli geçirilen bu bäsleşige welaýatymyzyň etrap, şäherlerindäki sport mekdeplerinde tälim alýan küştçüler gatnaşyp, şahsy birinjiligi almak ugrunda güýç synanyşdylar. Ýaryşa gatnaşan her bir türgen özüniň ýeňiji bolmaga mynasypdygyny äşgär etmäge çalyşdy.  Netijede, emin agzalarynyň biragyzdan gelen kararyna laýyklykda ýeňijiler yglan edildi. Şeýlelikde, sport mekdebimiziň ezber küştçisi Amangeldi Agajanow 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Türgenimiz Öwezhan Ybraýymow bolsa baýrakly orny eýeledi. Häzirki wagtda  küştçülerimiz has jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Orazdurdy ORAZDURDYÝEW.

22
22 08.04.2026
Dutaryň owazy — Watanyň waspy

Golaýda ýokardaky at bilen Oguzhan etrabynyň Oguzhan şäherçesindäki çagalar sungat mekdebinde aýdym-sazly dabara geçirildi. Bu çäräniň maksady ýaşlarda aýdym-saz sungatyna höwes-söýgi döretmekden ybarat bolup, ony TDP-niň etrap komiteti TMÝG-niň etrap geňeşi, TKA-nyň etrap birleşmesi, çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde gurady. Oňa ýokarda atlary agzalan guramalaryň işgärleri, çagalar sungat mekdebiniň mugallymlary we okuwçylary gatnaşdylar.  Dabarada çagalar sungat mekdebiniň müdiri Arslan Ataýew çykyş edip, mekdepde çagalara aýdym-saz öwredip, olarda bu sungata höwes-söýgi döretmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň berdi. Soňra TDP-niň etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Rahmanberdi Mämmiýew, TKA-nyň etrap birleşmesiniň hünärmeni Ogulbagt Kakajanowa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda ýaş nesil barada edilýän alada, ýaşlarda aýdym-saza söýgi döretmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Gülüstan NURYÝEWA.

21
21 08.04.2026
Uly ruhubelentlige beslendi

Şu günler ýurdumyzda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym — 2026» atly telebäsleşigiň etrap-şäher tapgyrlary şatlyk-şowhuna beslenýär. Bäsleşigiň maksady ýaş zehinli aýdymçylary ýüze çykarmakdan ybarat bolup, onda şirin aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekde has tapawutlananlar ýeňiji diýlip yglan edilýär.  Ýakynda etrap medeniýet merkezinde bu bäsleşigiň etrap tapgyry ýokary derejede geçirilip, oňa sungata höwesjeň ýaşlaryň 12-si gatnaşdy. Bäsdeşleriň uly joşgun bilen aýdan aýdymlarynyň owazy alyslara ýaň saldy. Ajaýyp sahnada şatlyk-şowhun bilen garşylanylan ýaş aýdymçylaryň her biri ukyp-başarnygy bilen tomaşaçylarda ýakymly täsir galdyrdy.  Eminler toparynyň gelen netijesine görä, etrap medeniýet merkeziniň tansçysy Nurana Kakabaýew, etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňi Daýanç Näzliýew we etrabyň Kemine adyndaky geňeşliginiň Kemine oba medeniýet öýüniň çeper höwesjeňi Şanyýaz Hojabaýew bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi.  Bäsleşigiň ýeňijilerine etrabyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ýeňijiler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Myratly AMANNAÝEW. 

18
18 08.04.2026
El hünäri — il gezer

Milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak, milli el işlerimiziň nesil tebiýesinde tutýan uly ornuny wagyz etmek we ösüp gelýän ýaşlaryň arasynda olara bolan söýgini, höwesi artdyrmak maksady bilen şäheriň ýaşaýjysy Bossan Altyýewanyň maşgalasynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de TZB-niň şäher bölüminiň bilelikde gurnamagynda «El hünäri — il gezer» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa mährem eneler we  gelin-gyzlar gatnaşdylar. Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa we esasy hünärmeni Güljemal Toýkulyýewa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alyp baryjysy Aýgözel Seýitberdiýewa, Mary şäheriniň ýaşaýjylary, kümüş saçly eneler Altynjemal Mämmedowa, Orazbibi Bäşimowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa hem-de şäherdäki 19-njy orta mekdebiň mugallymy Enejan Gammarowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, däp-dessurlarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nesilden nesle geçip gelýändigini, milli lybaslarymyza salynýan nagyşlaryň her biriniň aýratyn manysynyň we döreýiş taryhynyň bardygyny, milli el işlerimiziň ähmiýetini aýtdylar. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda gelin-gyzlar milli el işleriniň, keşdeleriň, gyňaç seçeklemeleriň hem-de gurama düşekçeleriň ýerine ýetirilişini ussatlyk bilen görkezdiler.  Annagözel SARYÝEWA. 

31
31 09.04.2026
Geljegi aýdyň täze şäherçe

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri uly üstünliklere beslenip, şanly wakalary bilen şöhratlanýar. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýetilýän belent sepgitler beýleki ulgamlarda gazanylýan üstünlikler bilen utgaşýar. “Döwlet adam üçindir!” diýen taglymatdan gözbaşly adam hakda alada giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýär. Soňky ýyllarda döwrebap täze şäherçeler gurlup, ulanylmaga berilýär. Döwletli zaman şäherçesi bu gün behişdi mekany ýadyňa salsa, Wekilbazar, Türkmengala, Sakarçäge etraplarynda täze şäherçeleriň gurluşygy dowam edýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda” bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, şeýle hem welaýatymyzyň Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäni gurmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, bu şäherçäni 2026 — 2030-njy ýyllarda tapgyrlaýyn gurmak bellenildi. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kabul eden bu Karary welaýatymyzyň ýaşaýjylarynda  ýokary ruhubelentlik, çäksiz hoşallyk, buýsanç duýgularyny döretdi. Döwlet baştutanymyz welaýatymyza iş saparyny amala aşyryp, täze, döwrebap şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy. Bu şanly waka Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ilatynyň  ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilen tutumly işleriň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy boldy. Hormatly Prezidentimiz welaýatymyza iş saparynda Ýolöten etrabynyň Ymambaba geňeşliginiň çäginde täze, döwrebap şäherçäniň gurluşygyna ak pata berdi. 22,5 müňden gowrak ýaşaýja niýetlenen täze şäherçede jemi 4500 sany ýaşaýyş jaýlaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem bu döwrebap şäherçede orta mekdepleriň 6-syny, çagalar baglarynyň 8-sini gurup, ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. 800 gektar meýdany tutjak täze şäherçäniň çäginde hassahana hem-de iki sany saglyk merkezlerini gurmak meýilleşdirilýär. Bu döwrebap şäherçede onuň ýaşaýjylary üçin ähli amatlyklaryň göz öňünde tutulandygyny ýatlamak ýakymlydyr.  Elbetde, täze şäherçäniň gurluşygyna berlen ak pata “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” şygarly ýylymyzyň şanly wakalarynyň biri bolup, guwanç duýgusyny döretdi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-gün bähbitli tagallalarynyň ýeňişlere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Şanly ýylymyzyň iri möçberli tutumly işleri rowaç alyp, olar il-günümiziň eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Medeni-durmuş babatda ähli amatlyklar dörediljek täze şäherçäniň gurluşygyna ak pata berilmegi möhüm waka bolup, il-günümizde guwanç we buýsanç duýgusyny döretdi. Täze şäherçäniň düýbüni tutmak dabarasynda şirinden-şirin aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanyp, tansçylaryň şowhunly tanslary dabaranyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Baýram AMANOW.

22
22 08.04.2026
Bähbitli işleriň rowaç gadamlary

Ajap eýýamymyzyň ýyllarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň ösüş-özgerişli aýdyň ýoly bilen “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly  rowaç alýar. Ýurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde ösdürmekde belent sepgitlere ýetilýär. Bitarap döwletimiziň halkara giňişligindäki at-abraýy täze belentliklere çykýar. Ösüş-özgerişlerimiziň gözbaşynda bolsa, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly       Prezidentimiziň taýsyz tagallalary durýar. Döwlet Baştutanymyz Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça çalt depginlerde ösdürmekde giň möçberli işlere badalga berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly we öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle tutumly işler bolsa, “Döwlet adam üçindir!” diýen ynsanperwer taglymatyň rowaç alýandygyna şaýatlyk edýär.  Mälim bolşy ýaly, ýurt Baştutanymyzyň öňe süren “Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!” diýen şygaryna eýerýän türkmen ili eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hatyrasyna döredijilikli zähmet çekýär. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” çäklerinde uly işler amala aşyrylýar. Öňdebaryjy tehnologiýaly döwrebap kärhanalar gurlup, ulanylmaga berilýär. Sanly ykdysadyýetiň halk hojalygynyň ähli pudaklaryna, beýleki ulgamlara giňden ornaşdyrylmagynda uly işler bitirilýär. Önümçilik we medeni-durmuş maksatly binalary we desgalary gurmakda ýokary netijeler gazanylýar. Şeýle ösüş-özgerişler “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde ähli tagallalar edilýär. Has takygy, milli ykdysadyýetimiziň iri pudagy bolan oba hojalygynda belent sepgitlere eýe bolunýar. Daýhanlarymyz döwlet Baştutanymyzyň berýän goldaw-ýardamyna daýanyp, dänäniň, pagtanyň, gant şugundyrynyň, gök we bakja önümleriniň, miwäniň bol hasylyny almakda uly ýeňişleri gazanýarlar. Şeýle ösüş-özgerişler bolsa, Garaşsyz döwletimiziň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornunyň has-da pugtalandyrylmagyna kuwwatly itergi berýär. Ýurt Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçiligiň ösdürilmegine uly üns berilýär. Bu bolsa täze öndüriji güýjüň milli ykdysadyýetimizde uly orna eýe bolmagyna ýardam edýär. Hususyýetçilerimiziň yhlas-tagallalary bilen halkyň köp sarp edýän harytlarynyň we önümleriniň bolçulygy döredilýär.  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp ýöredýän öňdengörüjilikli daşary syýasaty uly üstünliklere beslenýär. Hemişelik Bitaraplygy BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalarynyň üçüsi bilen ykrar edilen Türkmenistan Watanymyzy bütin dünýä parahatçylyksöýüji döwlet hökmünde tanaýar. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen Kararnamalar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň täze belentliklere çykýandygyna aýdyň subutnamadyr.  Türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuny toýlar. Giňden belleniljek bu şanly sene Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň şan-şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylar we bu uly toýuň dabarasy dag aşar. Baýram AMANOW.

21
21 08.04.2026
Ýokary mümkinçilikler döredilýär

Golaýda Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň, TSTP-niň welaýat komitetiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň bilimini ýokarlandyrmak, bilim bilen önümçiligi utgaşdyrmak we parahatçylyk gymmatlyklaryny düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä TSTP-niň welaýat            komitetiniň işgärleri, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmenleri, orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Çärede TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory Atageldi Kakabaýew, şu mekdebiň direktorynyň orunbasary Gurbangeldi Balow çykyş etdiler. Çykyş edenler ýaşlaryň bilimini, hukuk sowatlylygyny artdyrmak, ýaş nesilleri telekeçilige, zähmetsöýerlige çekmek, ýurdumyzda ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Aýparça AKYMOWA.

45
45 30.03.2026
Ata mekan — toý-baýramyň mekany

Ýakynda «Mary» myhmanhanasynda «Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ajaýyp wakalaryny, hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatda alyp barýan beýik işlerini ýaşlaryň arasynda wagyz etmek maksady bilen TMÝG-niň şäher geňeşiniň guramagynda «Ata mekan — toý-baýramyň mekany» ady bilen maslahat geçirildi. H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymlarynyň hem-de talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen maslahat diýseň täsirli boldy. Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy, şäher halk maslahatynyň başlygy Resul Baýramow, H.Derýaýew adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Welmyrat Hommadow, şäheriň merkezi şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Maral Gulowa hem-de welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa çykyş etdiler. Çykyş edenler ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler, ýaşlar hakynda edilýän aladalar dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ajaýyp ýylymyzda halkara gatnaşyklarynda alnyp barylýan işjeň hyzmatdaşlyklaryň ähmiýeti barada nygtadylar. Mähri SAPAROWA.  

47
47 30.03.2026
Demokratiýanyň aýdyň ýoly

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap döwletimiz demokratik ýol-ýörelgeler bilen bedew batly öňe barýar. Düýn guramaçylykly geçirilen saýlawlar “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň möhüm jemgyýetçilik-syýasy wakasy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Has takygy, geçen ýekşenbe güni ýurdumyzda Türkmenistanda täze döredilen etraplaryň halk maslahatlarynyň agzalarynyň hem-de ygtyýarlyk möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary geçirildi.  Bu jemgyýetçilik-syýasy waka welaýatymyzda-da ykjam taýýarlykly gelnip, guramaçylykly geçirildi. Döwlet senasynyň buýsançly ýaňlanmagy bilen açylan saýlaw uçastoklary ir ertirden köp adamly boldy. Hormatly ýaşulular bilen birlikde, ses bermäge ilkinji gezek gatnaşýan ýaş saýlawçylar hem özleriniň mynasyp hasaplan dalaşgärlerine seslerini berdiler. Bu saýlawlara saýlawçylaryň işjeň gatnaşmaklary jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe barýandygynyň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy. Bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmakda möhüm ädim bolandygy guwandyrýar. Bu waka Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň rowaç almagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Baýram AMANOW.  

40
40 30.03.2026
Belent maksatly tutumly işler dogrusynda aýdyldy

        Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň bilelikde gurnamaklarynda maslahat geçirildi. Bu maslahatda çykyş edenler Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň goşýan goşandyny has-da artdyrmak, kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak dogrysynda gürrüňler edildi. Şeýle-de bu maslahatyň dowamynda  çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan Berkarar Watanymyzda amala aşyrylýan belent maksatly tutumly işler dogrusynda giňişleýin durup geçdiler. Diýarymyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda ýokary görkezijilere eýe bolunýandygyny bellediler. Munuň özi bolsa halkymyzyň has hem eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýändigini maslahatda çykyş edenler buýsanç bilen nygtadylar. Maslahata gatnaşanlar bagtyýar halkymyzy nurana geljege sary alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.

44
44 30.03.2026
Döredijilik duşuşygy geçirildi

    “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at –myradyň mekany” ýyly mynasybetli Mary welaýat medeniýet müdirliginiň gurnamagynda Wekilbazar etrap medeniýet öýünde döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen duşuşyga ýurdumyzyň belli medeniýet sungat işgärleri we etrabyň ýaşaýjylary gatnaşdylar. Duşuşykda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň türkmen medeniýetine goýýan sarpasy dogrusynda çykyş etdiler. Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzyň belli sungat ussatlarynyň şirin owazlary belent heňde ýaňlandy. Maýa Annameredowa.

52
52 25.03.2026
Ýyllary ýyllardan zyýada Watan

Golaýda Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkezinde “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly mynasybetli TDP-niň welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap, etrap komitetleriniň bilelikde guramagynda aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy Ogulbossan Arrykowa alyp bardy. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, TDP-niň welaýat, etrap, şäher komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary gatnaşdylar.  Söhbetdeşlikde Baýramaly etrap hassahanasynyň lukmany, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Ýusup Annaýew, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy Muhammetkuly Allakulyýew, Wekilbazar etrabyndaky 35-nji orta mekdebiň mugallymy Uzukjemal Hommadowa çykyş etdiler. Çykyş edenler şanly ýylymyzyň mynasyp şygar bilen atlandyrylmagy, ýurdumyzda saglyk, bilim ulgamlarynda ýetilen sepgitler dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ajaýyp aýdym-sazlaryna giň orun berildi.  Gülnahal MUHAMMETAMANOWA.

56
56 24.03.2026
“Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw-maslahaty geçirildi

     ,,Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan-Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Mary welaýat Zenanlar bölüminiň guramaklarynda Mary welaýatynda birnäçe günläp dowam eden “Bedew batly zamananyň bagtyýar zenanlary” atly okuw-maslahatynyň we dürli dabaralaryň ýapylyş dabarasy geçirilip, oňa welaýatyň işewür zenanlary gatnaşdy. Mary myhmanhanasynda geçirilen bu maslahatda  çykyş edenler häzirki ajaýyp döwrümizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda zenanlarmyza goýulýan hormat-sarpa, olaryň işlemegi üçin döredilýän giň mümkinçilikler dogrusynda aýratyn buýsanç bilen belläp, zenanlar bilen geçirilýän çäreleriň uly netijelere beslenýänligi barada-da durup geçdiler. Şeýle hem bu maslahatyň dowamynda türkmen zenanlarynyň maşgala ojaklarymyzdaky terbiýe göreldesi, käbä deňelýän enelerimiziň öz perzendine we maşgala ojagyna bolan söýgüsi, şeýle hem  türkmen zenanlaryna görüm-görelde nusgalyk  ajaýyp el işleri dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi. Gyz-gelin edebi, ahlaklylyk, eli çeperlilik ýaly ajaýyp gylyk häsiýetler dogrusyndaky täsirli gürrüňler hem bu maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Ýokary ruhubelentlige beslenilip geçirilen maslahata gatnaşan bagtyýar zenanlar özleri hakda uly aladalar edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çyn ýürekden çykýan alkyşly sözlerini beýan etdiler.     Merjen Çaryýarowa.

1452
1452 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1236
1236 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1490
1490 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1408
1408 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1361
1361 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1579
1579 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1175
1175 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1405
1405 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.