Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlaryndan gözbaşly gojaman Köpetdagyň eteginde kemala gelen Arkadag şäheri milli binagärligiň merjenidir. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy, egsilmez yhlasy bilen häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ilkinji tapgyry üstünlikli dowam etdirilýär.
Bu örän uly taslamanyň birinji tapgyrynyň amala aşyrylmagy bilen sanlyja ýyllaryň içinde gözel keşbi, ýokary amatlyklary bilen dünýäni haýrana goýýan “akylly” şäher — Arkadag şäheri kemala geldi. Bilşimiz ýaly, nusgalyk şäheriň gurluşygynyň birinji tapgyrynyň çäginde durmuş-medeni we beýleki maksatly binalaryň we desgalaryň 336-sy gurlup, ulanylmaga berildi. Şeýle hem “akylly” öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5,7 we 9 gatly, köp öýli ýaşaýyş jaýlary, 2 gatly kotež jaýlar bu nusgalyk şäheriň aýratynlygydyr. Arkadag şäherinde halkara ülňülerine laýyk gelýän köpşahaly ýol-ulag düzümi bolup, giň şaýollar, köçeler we halkalaýyn çatryklar häzirki zaman yşyklandyryş, wideogözegçilik we dolandyryş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň döwrebap şäheriň ýaşaýjylaryna edýän ýokary hilli hyzmaty guwanç duýgusyny döredýär.
“Akylly” şäher konsepsiýasynyň ýörelgelerine laýyklykda gurlan ajaýyp şäher — Arkadag şäheriniň ýene bir aýratynlygynam bellemelidiris. Has takygy, Türkmenistanyň Kanuny esasynda bu nusgalyk şähere döwlet ähmiýetli şäher diýen hukuk derejesi berildi. Elbetde, munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimizde halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşy, abadan durmuşy, nurana geljegi barada edilýän taýsyz tagallalaryň aýdyň mysalydyr.
Şanazar GURBANMYRADOW.








