Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýaş nesle bilim-terbiýe bermek döwrebaplaşdyrylýar. Okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde, hilini ýokarlandyrmakda netijeli işlere badalga berilýär. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy kabul edildi.
Bu resminamalaryň maksady bilim bermegiň hilini dünýä ülňülerine laýyk getirmekden, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekden, innowasion usullary okuw işine ornaşdyrmakdan ybaratdyr. Şeýle hem resminamada mugallymlaryň döredijilikli başarnyklaryny we ussatlygyny ýokarlandyrmak göz öňünde tutulýar. Bu Konsepsiýada bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmekde etrabymyzyň bilim edaralarynda degerli işler alnyp barylýar.
Şeýle çäreleriň täsirliligini gazanmak maksady bilen geňeşimiz tarapyndan goldaw-ýardam berilýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda-da bilim-terbiýäniň usulyýetiniň kämilleşdirilmegi ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň hilini has-da gowulandyrmaga itergi berýär.
Çarymyrat ESENOW.








