“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen ýylymyzda türkmen ili hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda tutanýerli zähmet çekýär. Şu tutumly işlere etrabymyzyň ýaşlary hem saldamly goşantlaryny goşýarlar. Şol bir wagtda biz düşündiriş we wagyz-nesihat çärelerine-de uly üns berýäris.
Golaýda “Marygazçykaryş” müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň ýygnaklar jaýynda “Ogul-atanyň dowamy, ini aganyň arkasy” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Ony TMÝG-niň etrap geňeşi TDP-niň etrap komiteti, “Marygazçykaryş” müdirliginiň Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasy bilen bilelikde guradylar. Duşuşyga atlary agzalan guramalaryň we edaranyň işgärleri gatnaşdylar. Onda Ýaşaýyş jaý jemagat kontorasynyň başlygy Emir Gowkyýew, TDP-niň Oguzhan etrap komitetiniň partiýa guramaçysy Rahmanberdi Mämmeýew, TMÝG-niň etrap geňeşiniň esasy hünärmeni Sähra Ummalyýewa çykyş etdiler. Olar döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan ýaşlar syýasatyndan gelip çykýan wezipeler hakda durup geçdiler. Ýaşlarda watansöýüjiligi, ýokary ahlaklylygy, belent adamkärçiligi, halallygy, ynsaplylygy maşgala mukaddesliginiň ruhunda terbiýelemegiň hemişe derwaýysdygy barada täsirli gürrüň etdiler.
Atageldi GURBANOW.








