Şu ýylyň 29-njy martynda geçiriljek syýasy jemgyýetçilik çäresi bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna giňden taýýarlyk görülip, häzirki wagtda dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary yzygiderli geçirilýär. 102-nji “Jemgyýet” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär Mary welaýatynyň Mary şäher Salgyt bölüminiň Hasap we hasabat bölüminiň başlygy Jumamyradow Atajan Çarymyradowiç, Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bili, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni Nepesowa Zyba Serdarowna, 104-nji “Peşanaly” saýlaw okrugy boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň baş hünärmeni Myradowa Jahangül Mämmetorazowna, Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň müdiri Alyýew Begenç Berdimyradowiç we Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýat Mary şäher komitetiniň başlygy Annadurdyýew Mekan Çarymyradowiç dagylar bilen duşuşygy Mary etrabynyň 38-nji orta mekdebinde hem-de etrabyň medeniýet öýünde duşuşyklar geçirildi. Bu ýerde ilki bilen dalaşgärleriň ynanlan wekilleri çykyş edip, olar 102-nji “Jemgyýet”, 104-nji “Peşanaly saýlaw okruklary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna hödürlenen dalaşgärleriň terjimehallary hem-de durmuş ýollary barada gürrüň berdiler. Soňra dalaşgäriň özileri hem çykyş edip öz maksatnamalary bilen saýlawçylary giňden tanyşdyrdylar.








