«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany
weather mary 30° C Mary
weather mary 30° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

«Demokratiýa we hukuk» žurnalynyň nobatdaky sany

766 22.01.2025

Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis, rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» ylmy-amaly žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Neşir hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 9-njy dekabrynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy bilen açylýar. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda halkara hyzmatdaşlyk boýunça alnyp barlan işleriň jemlerini jemledi hem-de ýurdumyzyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlaryny, 2025-nji ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden bellenilendigine aýratyn üns çekildi. Bu şanly senä bagyşlanyp, köp sanly halkara derejeli çäreler guraldy. Şunda Aşgabatda “Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara forumyň geçirilmegi möhüm ähmiýetli waka boldy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz şu ýyl Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilmegi meýilleşdirilýän giň gerimli çärelere ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň netijeli ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen daşary syýasat Konsepsiýasyny mundan beýläk-de durmuşa geçirmekde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň we diplomatik wekilhanalarynyň alyp barýan işleriniň möhüm ugurlaryny kesgitledi.

Okyjylaryň dykgatyna “Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary jemgyýetiň syýasy ulgamynda” atly makala hem hödürlenilýär. Makala Kärdeşler arkalaşyklarynyň esasy maksatlaryna we wezipelerine, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan demokratik, durmuş-ykdysady özgertmelerde olaryň eýeleýän ornuna bagyşlanypdyr. Makalada bu iri jemgyýetçilik birleşiginiň ýerine ýetirýän işleriniň kanunçylyk binýady we düzümi barada maglumatlar getirilýär. Nygtalyşy ýaly, 1991-nji ýylda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň jar edilmegi, Watanymyzyň syýasy we jemgyýetçilik gurluşynyň üýtgemegi bilen, Kärdeşler arkalaşyklarynyň syýasy-durmuş wezipesi hem üýtgedi. Munuň şeýle bolmagyna ýurdumyzyň Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) doly hukukly agzasy bolmagy hem-de onuň esas goýujy konwensiýalaryny tassyklamagy hem ýardam etdi.

Häzirki döwürde Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi döwletiň durmuş ugurly möhüm esaslarynyň has-da berkidilmegi ugrunda çykyş edýär, döwlet dolandyryş edaralary, iş berijileriň birleşikleri bilen yzygiderli gatnaşyk saklaýar, işgärleriň durmuş we zähmet hukuklaryna, bähbitlerine wekilçilik etmek, olary goramak meseleleri boýunça Kärdeşler arkalaşyklarynyň düzümleýin bölümleriniň tagallalaryny utgaşdyrýar hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, adam ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýlip ykrar edildi. Şunuň bilen baglylykda, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi we ýerlerdäki kärdeşler guramalary her ýyl zähmetkeşleriň, olaryň maşgalalarynyň saglygyny dikeltmegi, dynç almagy üçin toplumlaýyn çäreleri durmuşa geçirýär. Ýaşlar syýasaty alnyp barylýan işiň möhüm bölegini emele getirýär.

“Maglumat howpsuzlygyny üpjün etmegiň kanunçylyk esaslary” atly makalada Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda milli ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi nygtalýar. Olarda sanlylaşdyrma, sanly çözgütleriň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna wajyp ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, makalada döwlet Baştutanymyzyň: “Innowasiýalar, häzirki zaman ylymlary, nanotehnologiýalar, sanly ulgam adamzat jemgyýetini öňe alyp barýar” diýen sözleri getirilýär. Bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynda aýratyn orun eýeleýän maglumatlar esasy serişdeleriň biri bolup durýar. Şeýle-de Türkmenistanda maglumata bolan hukugyň adamyň iň möhüm konstitusion hukuklarynyň biridigi bellenilýär. Ýurdumyzda bu ulgamdaky gatnaşyklar Esasy Kanunymyz, birnäçe kadalaşdyryjy hukuk namalary, kabul edilen konsepsiýalardyr maksatnamalar arkaly düzgünleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, makalada häzirki zaman şertlerinde durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolan maglumat we kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň ähmiýeti nygtalýar. Türkmenistanda bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, degişli infrastrukturany, maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemegi üçin amatly şertleri döretmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ählumumy maglumat giňişligine işjeň goşulyşmagyna, milli ykdysadyýetimiziň halkara bazarda bäsdeşlige ukyplylygynyň artmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagyna, umuman, Watanymyzyň gülläp ösmegine ýardam berýär.

Maglumat tehnologiýalarynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşindäki ornuna bagyşlanan makalada häzirki döwürde ýurdumyzyň batly gadamlar bilen öňe gitmeginde sanly özgertmeleriň möhüm ähmiýetine üns çekilýär. Hut şonuň üçin hormatly Prezidentimiz orta möhletleýin geljekde ykdysadyýetiň dürli ulgamlaryna maglumat tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny, howpsuz pudaklaýyn infrastrukturanyň döredilmegini milli strategiýanyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitledi. Awtor durmuşyň ähli ulgamlaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň aýdyň mysaly hökmünde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherini görkezýär. Onuň gurluşygynda ekologik jähetlere, dünýäde we jemgyýetde ähmiýeti barha artýan “ýaşyl” tehnologiýalara aýratyn uly orun berlendigini bellemek gerek. Şeýle-de makalada sanly aragatnaşygyň, emeli aňyň, önümçilik işlerini awtomatlaşdyrmagyň gündelik durmuşymyza batly depginler bilen ornaşdyrylýandygy beýan edilýär. Ýurdumyzda sanly ulgamyň hukuk esaslaryny döretmäge aýratyn üns berilýär, bu ugurda hereket edýän kanunlar yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunuň bilen baglylykda, intellektual eýeçilik, sanly we intellektual hukuk, sanly howpsuzlyk ýaly düşünjelere üns çekilýär.

“Ekologiýa abadançylygy çygrynda Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlary” atly makalada tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny gorap saklamak we tygşytly peýdalanmak, “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak işleriniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry, ýurdumyzyň kanunçylygynyň, kabul edilen milli hem pudaklaýyn maksatnamalaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy bellenilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli işler bu ugurda öňde goýlan wezipeleri çözmäge gönükdirilendir. Türkmenistan BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulmak bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm meseleleri boýunça halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar.

“Magtymgulynyň döredijiliginde watançylyk terbiýesiniň ýörelgeleri” atly makala hem okyjylaryň ünsüni özüne çeker. Makalada bellenilişi ýaly, beýik şahyryň halkymyzyň gadymdan gelýän däplerini özünde jemleýän edebi mirasy mugallymlar we beýleki bilim işgärleri üçin bahasyna ýetip bolmajak maglumat çeşmesi bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň adamlaryň asylly häsiýetlerinden söz açýan şygyrlary ýaş nesli watançylyk, ýokary ahlak gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, makalada beýik söz ussadynyň döredijiliginiň, parasatly öwüt-nesihatlarynyň hiç haçan öz gymmatyny ýitirmeýändigi nygtalýar. Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary netijesinde häzirki wagtda Magtymgulynyň edebi mirasy halkara derejede giňden wagyz edilýär.

Neşiriň sahypalarynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň hem-de Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň bilelikde guramagynda “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň yglan eden “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary”, şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň guramagynda “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek strategiýasynda ulag-üstaşyr geçelgeleriniň mümkinçilikleri” atly ylmy işler boýunça halkara bäsleşikleriň jemlerine bagyşlanan makala ýerleşdirilipdir. Bäsleşikleriň netijeleri 2024-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy we Adam hukuklarynyň halkara güni mynasybetli geçirilen baýramçylyk maslahatynda jemlenildi. Şeýle-de bu bölümde 2025-nji ýylda “Döredijilikli zähmet we adam hukuklary” atly ylmy-amaly makalalaryň bäsleşiginiň yglan edilýändigi baradaky maglumat köpçülige ýetirilýär.

Žurnalyň nobatdaky sany, däp bolşy ýaly, «Senenama» bölümi bilen tamamlanýar. Onda 2024-nji ýylda ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilen wakalara, maslahatlara, duşuşyklara, beýleki çärelere syn berilýär.

51
51 28.08.2026
Türkmenistan - dost-doganlygyň mekany

    Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher hem-de Murgap, Mary, Sakarçäge etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly maslahat geçirildi. ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty-belent özgertmeleriň aýdyň binýady” diýen at bilen geçirilen bu maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitlere ser salmak we geljekde hem döwletimizi has-da ösdürmekde öňde durýan wezipeler bilen bagly meselelere garalmagy we onda il-ýurt bähbitli kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Bu ýerde çykyş edenler ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna häzirden görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

25
25 27.08.2026
BAŞYMYZYŇ TÄJI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Bu ýörelge “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanýar. Mundan 35 ýyla golaý öň Garaşsyzlygyň aýdyň ýoluna düşen döwletimiz ösüş-özgerişleriň menzilleri bilen bedew batly öňe barýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyryp, halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Ýurdumyz isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Bularyň hemmesi Beýik Garaşsyzlygymyzyň datly miweleri. Mukaddes Garaşsyzlygyny göz-guwanjy, başynyň täji hasaplaýan türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Şu günler türkmen ili taryhy waka Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasy dag aşjak uly toýy şan-şöhratly ýylymyzyň möhüm wakasy bolup, Watanymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. 35 ýyla golaý döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz syýasy taýdan kämil, berkarar, ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Parahatçylyksöýüjilikli baky Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy arşa çykýar. Şu taryhy wakanyň dabarasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň şatlyk-şowhuny bilen utgaşjakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Toý-baýrama sowgatly barmagyň gadymy ýörelgesine eýerýän türkmen ili baş baýramyna mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýär. Maksatlary myrat bolýan halkymyz taryhy wakalara taýýarlyk görýär. Saparmyrat ÇARŞAKOW.

26
26 27.08.2026
Taryhy waka bolar

Häzirki wagtda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalaryna — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly işler giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipelere laýyklykda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şöhratly pederlerimiziň toplan baý tejribesine esaslanylyp, döwleti dolandyrmagyň demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri özünde jemleýän häzirki zaman syýasy-hukuk binýady döredildi. Netijede, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda we raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlener. Şeýle hem ösüşli döwrümiziň talaplaryndan ugur alnyp, geljekde öňümizde durýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Häzirki wagtda partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary welaýatymyzyň telekeçileriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini geçirýärler. Olarda biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň eýeleýän wajyp ornuny düşündirýäris. Myratgeldi ANNAÖWEZOW.

26
26 26.08.2026
Beýik ösüşlere barýan ýyllar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende göterilýär. Dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen ykdysady hyzmatdaşlyklar, dost-doganlyk gatnaşyklar yzygiderli ýola goýulýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda dünýä döwletlerine amala aşyran döwlet saparlary doly şaýatlyk edýär. Dostlukly döwletlere bolan döwlet saparlarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler alnyp barlyp, olarda deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi hem-de işjeň hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek babatynda maslahatlaşyldy. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Göwher KAKAGELDIÝEWA.

49
49 26.08.2026
YHLASYŇA GÖRÄ EÇILÝÄR TOPRAK

Türkmengala etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen ene toprakdan bol hasyl almak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Agzybir ýer eýeleri “Çekseň zähmet, ýagar rehnet” diýlişi ýaly, yhlasly idegiň oňat netije berýändigine iş tejribelerinde göre-göre gelýärler. Üstümizdäki ýylyň bol hasyly üçin daýhan birleşigi boýunça 427 gektar ýerde gowaçanyň bol hasylynyň idegi ýetirilýär. Olar gowaça ekişini irki möhletde geçirip, kadaly gögeriş aldylar. Meýdanda ýerine ýetirilmeli işleriň ählisi hem zerur bolup durýar. Häzirki wagtda iri otlary aýyrmak, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle-de, gowaçalaryň bol hasyl toplamagy üçin olaryň uçlaryny çyrpmak işi geçirildi. Bu işler ekiniň hasyllylygyny has-da ýokarlandyrýar. Agrotehnikanyň talaplaryna görä, idegi ýetirilýän ekinler ýaşyl hatarlary bilen meýdany bezeýär. Hojalykda tejribeli, işine ezber pagtaçy kärendeçileriň birnäçesi bar. Olardan Merdan Sähetmyradow 4,5 gektar, Annageldi Babaýew 4,5 gektar, Tawus Agaýewa 7 gektar ýere eýelik etmek bilen öz kärdeşlerine görelde bolýarlar. — Ekinde her bir ideg işini ünsden düşürmän ýerine ýetirmäge çalyşýan pagtaçy kärendeçilerimiz öňümizdäki möhüm möwsüm bolan pagta ýygymyna ykjam taýýarlyk görýärler. Bu bolsa ajaýyp güýz paslynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň toýunyň uludan belleniljek ýylynda zähmetsöýer daýhanlaryň harmanlarynyň has-da bereketli boljagyna ynam döredýär — diýip, daýhan birleşiginiň başlygy Annageldi Hajyýew gürrüň berýär. Hojalygyň agzybir kärendeçileriniň ýetişen gowaçaly meýdanlaryny synlanyňda olaryň öňde goýan maksatlarynyň hasyl boljakdygyna ynamyň artýar. Biz hem zähmetsöýer daýhanlara işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Durdynabat BAÝRAMOWA.

47
47 25.08.2026
Döredijilikli zähmete goşandymyz

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň iri we öňdebaryjy pudagy bolmak bilen, onuň çalt depginlerde ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen bu pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Gazçylaryň döredijilikli zähmet çekmekleri üçin täze kuwwatly awtoulaglar, ýokary öndürijilikli tehnikalar we enjamlar satyn alynýar. Bu bolsa tebigy gazyň akymyny artdyrmaga täze mümkinçilikleri açýar. Garaşsyz döwletimizde gazy daşary döwletlere eksport etmekde tutumly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň dürli ýerlerinde täze gaz ýataklarynyň senagat taýdan özleşdirilmegi tebigy gazyň akymynyň artdyrylmagyna uly itergi berýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda kärhanamyzyň zähmetsöýer adamlary döredijilikli zähmet çekýärler. Sürüjilerimiz gaz çykaryjylara zerur ýükleri daşamakda, olary iş ýerlerine gatnatmakda yhlasly zähmet çekýärler. Ulaglar kärhanamyzyň sürüjileri ýurdumyzyň gaz ýataklarynda, tebigy gazyň akymy bilen bagly desgalarynda zähmet çekýän gazçylara hyzmat etmekde ähli tagallalary edýärler. Şeýle tutanýerli alada bolsa müdirligimiziň gaz çykaryjylarynyň ýokary netijeleri gazanmaklaryna ýardam edýär. Kärdeşler arkalaşygy guramamyz tarapyndan işgärlerimize ýakyndan ýardam berilýär. Olaryň iş we durmuş şertlerini gowulandyrmakda uly tagallalar edilýär. Öňdebaryjylarymyz höweslendirilýär. Şeýle aladalarymyz kärhanamyzda gowy görkezijileriň gazanylmagyna öz täsirini ýetirýär. Wepa AKGAJYKOW.

49
49 25.08.2026
Hususyýetçileriň bähbitli tagallalary

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň pudaklary has--da sazlaşykly ösdürilýär. Milli ykdysadyýetimiziň kärhanalaryna öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasiýalar giňden ornaşdyrylýar. Sanly ykdysadyýetiň önümçilikde, dürli ulgamlarda giňden peýdalanylmagy durnukly ösüşe netijeli täsirini ýetirýär. Şeýle öňegidişlikleriň döwlete dahylsyz çygyry bolan hususyýetçilikde-de ulanylmagy Garaşsyz döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň ýokarlanmagyna itergi berýär. Döwlet Baştutanymyz telekeçiligiň ösdürilmegine uly ähmiýet berip, täze öndüriji güýç hökmünde möhüm orny eýeleýän telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagynda möhüm wezipeleri öňde goýýar. Bu günki günde telekeçilerimiziň tagallalary bilen harytlaryň we önümleriň bolçulygyny döretmekde bähbitli işleriň bady artýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň we önümleriň ýerini tutýan harytlaryň we önümleriň öndürilişiniň mukdary ýokarlanyp, wajyp meseläniň çözgüdinde gowy netijeler gazanylýar. Şu guwançly netijelerde welaýatymyzyň telekeçileriniňem saldamly goşantlary bellärliklidir. Welaýatymyzyň telekeçileri halkyň köp sarp edýän ýokary hilli harytlarydyr önümlerini öndürmekde, olary elýeterli nyrhlarda ilata hödürlemekde uly işleri bitirýärler. Gurluşyk-gurnama işlerini ýerine ýetirmekde-de jogapkärli wezipeleriň hötdesinden abraý bilen gelýärler. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylyny uly üstünliklere beslemegi maksat edinýän telekeçilerimiziň il-gün bähbitli yhlas-aladalary ýerine düşýär. Munuň özi halkymyzyň abadan durmuşda, bolçulykda ýaşap, tutanýerli zähmet çekmegine saldamly goşant goşýandygyna şaýatlyk edýär. Gözel GURBANOWA.

23
23 24.08.2026
SENIŇ HÜNÄRIŇ HAKDA

Her bir halkyň öz ýaşaýyş-durmuş şertlerine laýyk gelýän milli lybaslarynyň bolşy ýaly, keşdeleri, haly nagyşlary, el işleri bar. Pähim-parasat akabasyndan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasymyz halkyň ruhy aýnasydyr, müdimilige öwrülen sungatydyr. Ol milletiň çeper aňyýetiniň ösüşini öwrenmekde ygtybarly çeşmedir. Türkmen halkynyň medeni däp-dessurlaryndan, edep-ekram kadalaryndan gözbaş alýan amaly-haşam sungatynyň birnäçe görnüşleri bar. Biz golaýda Mary etrabyndaky Adalat geňeşliginiň ýaşaýjysy Ogulşeker Galandarowa bilen duşuşyp, ondan mähir-yhlasyny siňdiren el işleri we onuň tärleri barada gürrüň bermegini soradyk. Şonda ol bize şeýle gürrüň berdi: — Türkmen gyz-gelinleriniň dürli reňkli mata böleklerinden taýýarlaýan el işleriniň biri-de gurama işidir. Bu el işi mata bölejiklerinden çaga eşiklerini tikmäge, olary bezemäge, yrym-ynançlara uýmaga we tygşytlylyga itergi berýär. Ýurdumyzyň muzeýlerindäki eksponatlary synlanyňda, käbir zenan we çaga eşiklerinde gurama usulynyň köp ulanylandygyna göz ýetirýärsiň. Zenanlarymyz geçmişde milli lybaslarynyň ýeňlerinde, begeýikde, ýakanyň iki gapdalynda we arka tarapyndaky sanjaklarynda hem-de başatgyçlaryň, ýagny, kürtedir çyrpylarda gurama usulyny köp ulanypdyrlar. Mundan başga-da, bu aýratynlygy çaga eşikleri bolan kürtekçelerde, bezelen kirliklerde, gulakjyndyr tahýalarda görmek bolýar. Umuman aýdanymyzda, gurama türkmen maşgalasynyň durmuş hajatlary üçin ulanan el işleriniň biri bolupdyr. Olaryň bezeglerine ösümlikleriň şekilleri we haýwanlaryň, mör-möjekleriň aýak yzlary nagyşlanylyp salnypdyr. Häzirki döwürde olar akgaýma, suňşuk diýlip atlandyrylýar. Guramalar birnäçe görnüşlere bölünýär we dürli atlar bilen, ýagny, “Çarhypelek”, “Durnahatar”, “Düýegözi”, “Günebakar güli”, “Byçgydiş” diýlip atlandyrylýar. Dürli reňkli mata bölekleri bir-birine sepleşdirilende ondan owadan, özboluşly nagyşlar emele gelýär. Bu ýerde ak mata bilen dürli reňkli matalar deň-derejede ulanylýar. Häzirki wagtda bolsa, reňkli, sütükli matalardan guralan guramalardan elbukja, darak bukjasy, ýorgan-düşekleriň ýüzleri, çaga sallançagynyň baglary, kirlikler, kürteler, saçak we horjun-çuwallar ýaly birnäçe zatlar tikilýär. Şol guralyp tikilen owadan önümlere bezeg berýän ak matalara reňkli mata bölekleri bilen emele getirilen göl “gaş” diýlip atlandyrylýar. Uly gaşly guramalaryň daşyndaky reňkli matalar biri-biri bilen sepleşdirilýär. Bu bolsa, gurama owadanlyk we gözellik berýär. Ýurdumyzda geçirilýän toý-baýramlarda-da guralýan amaly-haşam sergilerinde gurama önümleriniň dürli görnüşleri görkezilýär. Halkymyzyň asyrlarboýy nesilme-nesil dowam edip, kämilleşip sungat derejesine ýeten bu hünärine ösüp gelýän ýaş neslimizde uly hormat, isleg, söýgi döredilýär. Şeýle hem, bu hünäriň ýitip gitmezligi we kämilleşmegi üçin durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýeti uludyr. Sergilerde at torbalarynyň, ýapynjalaryň, eýerlikleriň, horjun-çuwallaryň, ak öýleriň gapylyklarynyň, tärimden asylýan bezeg torbalarynyň, çuwallaryň we başga-da, köp dürli gözellikleriň görkezilmegi gurama işleriniň kämilleşip, ösdürilýändiginden habar berýär. Biz, enelere el hünärimizi dünýä ýaýmaga, ýaşlarda milli mirasymyza bolan söýgini artdyrmaga döredilýän ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşymyz çäksizdir. Gürrüňdeş bolan Ogulşat BERKELIÝEWA.

48
48 23.08.2026
GÖZÜŇI DOKUNDYRÝAN GÖZELLIK

Gyz-gelinlerimiziň dünýäsini bezeýän millilik diňe bir halkymyzda däl, eýsem, dünýä halklarynda hem uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyza syýahata gelýän daşary ýurtly jahankeşdeleriň milli lybaslarymyzy, sünnälenip ýasalan şaý-seplerimizi haýrangalyjylyk bilen synlamagy bizi diýseň buýsandyrýar. Diýarymyzda yzygiderli geçirilýän dürli medeni çärelerde ýaýbaňlandyrylýan milli gymmatlyklarymyzyň, el işlerimiziň, kümüş şaý-seplerimiziň sergisi hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Gözüňi dokundyrýan bu gözellikleriň her biri egsilmez baýlykdyr. Enelerimiziň gürrüň bermegine görä, Beýik Watançylyk urşy döwründe-de merdana gelin-gyzlarymyz milli el işleri, şaý-sepleri bilen duşmany gaýtarmaga ýardam edipdirler. Dünýäde arzylanylýan milli gymmatlyklarymyzyň gadyryny bilmek, olary sarpalamak hem-de nesillere ýetirmek biziň her birimiziň borjumyzdyr. Şol borç duýgusy bolsa ata-babalarymyzdan miras galan milliligimize bolan buýsanjymyzy has-da goşalandyrýar. Zähmetsöýer zenanlarymyzyň on barmagyndan döreýän milli el işlerimizi dünýä ýaýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Güljemal AKMYRADOWA.

51
51 28.08.2026
Türkmenistan - dost-doganlygyň mekany

    Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher hem-de Murgap, Mary, Sakarçäge etrap komitetleriniň bilelikde gurnamaklarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri bilen baglanşykly maslahat geçirildi. ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty-belent özgertmeleriň aýdyň binýady” diýen at bilen geçirilen bu maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň iň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Halk maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzda gazanylýan belent sepgitlere ser salmak we geljekde hem döwletimizi has-da ösdürmekde öňde durýan wezipeler bilen bagly meselelere garalmagy we onda il-ýurt bähbitli kabul edilýän çözgütleriň ähmiýeti dogrusynda durlup geçildi. Bu ýerde çykyş edenler ,,Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna häzirden görülýän taýýarlyk işleri barada-da aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahata gatnaşanlar ýurdumyzy bedew bady bilen öňe alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Merjen Çaryýarowa.

25
25 27.08.2026
BAŞYMYZYŇ TÄJI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyllary hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýokary zähmet ýeňişlerine, şanly wakalara beslenýär. Bu ýörelge “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylan üstümizdäki ýylda has-da rowaçlanýar. Mundan 35 ýyla golaý öň Garaşsyzlygyň aýdyň ýoluna düşen döwletimiz ösüş-özgerişleriň menzilleri bilen bedew batly öňe barýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny pugtalandyryp, halkara abraýy täze belentliklere çykýar. Ýurdumyz isleg-arzuwlaryň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Bularyň hemmesi Beýik Garaşsyzlygymyzyň datly miweleri. Mukaddes Garaşsyzlygyny göz-guwanjy, başynyň täji hasaplaýan türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda has-da abadan geljeginiň binýadyny berkden tutýar. Şu günler türkmen ili taryhy waka Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna ýokary derejede taýýarlyk görýär. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň dabarasy dag aşjak uly toýy şan-şöhratly ýylymyzyň möhüm wakasy bolup, Watanymyzyň senenamasyna altyn harplar bilen ýazylar. 35 ýyla golaý döwrüň içinde Türkmenistan döwletimiz syýasy taýdan kämil, berkarar, ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Parahatçylyksöýüjilikli baky Bitarap döwlet hökmünde halkara abraýy arşa çykýar. Şu taryhy wakanyň dabarasynyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň şatlyk-şowhuny bilen utgaşjakdygy guwanjymyzy goşalandyrýar. Toý-baýrama sowgatly barmagyň gadymy ýörelgesine eýerýän türkmen ili baş baýramyna mynasyp zähmet sowgatly barmagy maksat edinýär. Maksatlary myrat bolýan halkymyz taryhy wakalara taýýarlyk görýär. Saparmyrat ÇARŞAKOW.

26
26 27.08.2026
Taryhy waka bolar

Häzirki wagtda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly wakalaryna — Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly işler giň gerime eýe bolýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 15-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde öňde goýlan wezipelere laýyklykda Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk baýramyna hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ýokary derejede taýýarlyk görmek bilen bagly çäreler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde şöhratly pederlerimiziň toplan baý tejribesine esaslanylyp, döwleti dolandyrmagyň demokratik, hukuk we dünýewi ýörelgeleri özünde jemleýän häzirki zaman syýasy-hukuk binýady döredildi. Netijede, Türkmenistanyň Halk Maslahaty döwlet bilen halkyň jebisligini berkitmekde, ýurdumyzyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmakda we raýatlaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmekde möhüm orny eýeleýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň çykyşynda belleýşi ýaly, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde Garaşsyz döwletimiziň durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlener. Şeýle hem ösüşli döwrümiziň talaplaryndan ugur alnyp, geljekde öňümizde durýan möhüm wezipeleri durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Häzirki wagtda partiýamyzyň welaýat komitetiniň işgärleri we işjeň agzalary welaýatymyzyň telekeçileriniň arasynda wagyz-nesihat we düşündiriş işlerini geçirýärler. Olarda biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň taryhy ähmiýetini, Garaşsyz, Bitarap döwletimizi ähli ugurlar boýunça ösdürmekde halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasy bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň eýeleýän wajyp ornuny düşündirýäris. Myratgeldi ANNAÖWEZOW.

26
26 26.08.2026
Beýik ösüşlere barýan ýyllar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende göterilýär. Dünýä döwletleri, iri halkara guramalary bilen ykdysady hyzmatdaşlyklar, dost-doganlyk gatnaşyklar yzygiderli ýola goýulýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimiz “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dünýä döwletleri bilen ysnyşykly gatnaşyklaryny has-da berkidýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň dowamynda dünýä döwletlerine amala aşyran döwlet saparlary doly şaýatlyk edýär. Dostlukly döwletlere bolan döwlet saparlarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn gepleşikler alnyp barlyp, olarda deňhukukly gatnaşyklary ösdürmegiň täze ugurlary kesgitlenildi hem-de işjeň hyzmatdaşlyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegi ugrunda alnyp barylýan işleriň gerimini giňeltmek babatynda maslahatlaşyldy. Bitarap Türkmenistan döwletimiziň halkara abraýyny belende galdyrmakda, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlyklary dowam etdirmekde taýsyz tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! Göwher KAKAGELDIÝEWA.

65
65 17.08.2026
ÄHLIHALK ÇÄRESINIŇ ÄHMIÝETI

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýollarymyzyň ak, ömrümiziň rahat bolmagyny gazanmak maksady bilen möhüm meselä uly üns berýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, her ýylyň sentýabr aýynda döwlet derejesinde geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygam doly şaýatlyk edýär. Köçe-ýollarymyzyň hadysasyzlygyna uly üns berilmeginiň özüne ýetik sebäbi bar. Çünki, köçe-ýollarda ulag serişdeleriniň mukdary köpelip, gatnaw ýokarlandy. Şonuň üçinem ýurdumyz boýunça bu barada degerli işler uly ähmiýete eýe bolýar. Çäräniň barşynda ilatyň arasynda, aýratynam, bilim edaralarynda düşündiriş çärelerine üns berip, maşgalalarymyzyň abadanlygynyň özümize baglydygy wagyz-nesihat ediler. Toýly BABAÝEW.

36
36 16.08.2026
Baky bagtyň ak ýoly

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly ajaýyp kitabynda: «Garaşsyz döwlet bolmak arzuwy ençeme asyrlap halkymyzyň ýüreginde ýaşady» diýip belleýär. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň: Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly Türkmeniň — — diýen dürdäne setirleri bu gün türkmeniň belentliklere göterilen ykbaly bolup ýaňlanýar. Garaşsyzlyk — döwlet berkararlygymyzyň binýadynyň berkden tutulmagyna badalga berýän uly güýçdür. Mukaddes Garaşsyzlygymyz müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, belent ynsanperwer däplerimizi gaýtadan dikeltmäge şert döretdi. Häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda bagtyýarlyga, rowaçlyklara beslenýän Türkmenistan döwletimiz parahatçylyksöýüjilik, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik hem-de içeri we daşary syýasatyň durnukly ösüş ýörelgelerine berk eýerýär. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň mizemezliginiň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan halkara derejesinde öz mynasyp ornuny eýelemek bilen, dürli ugurlar boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da giňeldip, oňyn başlangyçlary öňe sürüp, dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde uly abraýa we hormata eýe bolýar. Ýurdumyzyň çäginde medeni-durmuş maksatly binalaryň ençemesi dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyzlyk täze many-mazmuna, kämil garaýşa, milli buýsanja, watançylyk söýgüsine eýe boldy. Çünki, Garaşsyzlyk ýyllarynda milli ruhuna, gadymy däp-dessurlaryna, milli ýol-ýörelgelerine dolanan agzybir halkymyz şanly geçmişiniň, buýsançly taryhynyň bardygyna göz ýetirdi. Hormatly Prezidentimiz: “Garaşsyzlyk — ata Watanymyzyň berkararlygyny, şan-şöhratyny we abraý-mertebesini dünýä ýaýýan beýik gymmatlygymyzdyr» diýip örän jaýdar belleýär. Garaşsyzlyk baýramy binýady berkden tutulan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň baş baýramydyr. Adam hakda aladany «Döwlet adam üçindir!” diýen baş ýörelge esasynda amal edýän Gahryman Arkadagymyzyň, «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary halkymyzyň has-da aýdyň geljegini nazarlaýar. Hormatly Prezidentimiziň saýasynda ata Watanymyz we merdana halkymyz üstünlikleriň we rowaçlyklaryň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Goý, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda mundan beýläk-de gülläp össün! Şemşat SENAGULYÝEWA.

37
37 16.08.2026
Bähbitli wezipeler kesgitlener

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 15-nji iýulynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň nobatdaky mejlisini geçirdi. Mejlisde beýik Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygynyň uly toýuna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek barada hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryny berjaý etmegiň wajyp meselelerine garaldy. Mejlisde Gahryman Arkadagymyz çykyş edip, şanly ýylymyzyň möhüm wakalary bilen bagly wajyp wezipeleriň üstünde durup geçdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz çykyşynda ýerlerde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet bermelidigini, ilatyň, aýratynam, ýaşlaryň arasynda durmuş ugurly döwlet syýasatynyň ähmiýetini düşündirmek boýunça wagyz-nesihat işleriniň alnyp barylmalydygyny nygtady. Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi şanly ýylymyzyň möhüm wakasy bolar. Milli Liderimiz çykyşynda bu ählumumy forumda Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen belent sepgitleriň, ýerine ýetirilen işleriň jeminiň jemleniljekdigine ünsi çekdi hem-de döwrüň talaplaryndan ugur alyp, öňümizde durýan möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşyljakdygyny aýtdy. “Maslahatly biçilen don gysga bolmaz” diýen pähime eýerýän dana halkymyzyň her bir tutumly işiň başyna geňeşip, maslahatlaşyp barmak ýörelgesi ajap eýýamymyzda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Şu ýylyň 23-nji sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi demokratik ýörelgeleriň has-da rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolar. Azat BEGLANOW.

68
68 13.08.2026
Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi

Golaýda Ýolöten şäher medeniýet öýünde etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň bilim işgärleriniň gatnaşmagynda “Halkara hukuk — parahatçylygyň dünýä ölçegi” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahat hemmeler üçin örän täsirli hem gyzykly boldy. Onda TMÝG-niň etrap geňeşiniň başlygy Meretgeldi Annakulyýew, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Toýly Anyşow, TAP-nyň etrap komitetiniň başlygy Ýagşymyrat Tairow, TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Orazgeldi Salamatow çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmakda öňe sürýän belent başlangyçlarynyň bütin dünýäde giňden goldanylýandygy, ykrar edilýändigi, ýurdumyz tarapyndan halkara giňişliginde giň gerimli işleriň ýola goýulýandygy hakynda giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de, ýakynda Birleşen Milletler Gurmasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 106-njy plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen “2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtadylar. Uzukjemal BAÝSÄHEDOWA.

80
80 09.08.2026
Türkmenistanyň Halk maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna

      Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň demokratik  we Agrar partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň, welaýat Zenanlar bölüminiň hem-de Mary welaýat medeniýet müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda ,,Türkmenistanyň Halk maslahaty: aýdyň maksatlar, anyk wezipeler-röwşen geljegiň hatyrasyna” atly maslahat geçirildi. Mary welaýat kitaphanasynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler  golaýlap gelýän ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Halk maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň ähmiýeti we oňa görülýän taýýarlyk işleri dogrusynda durup geçip, bu syýasy möhüm çärede il-ýurt bähbitli garaljak meseleleriň, kabul ediljek çözgütleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de has-da ösdürilmekligine gönükdiriljekligi barada-da aýratyn nygtap bellediler. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly ýurdumyzda agzybirligi, parahatçylygy, jebisligi, asudalygy ündeýän asylly ýörelgelerimize eýermek bilen her ýylda geçirilýän Türkmenistanyň Halk maslahatynyň mejlisinde kabul edilýän çözgütler ýurdumyz we halkymyz üçin örän ähmiýetlidir. Munuň şeýledigine bolsa Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Watanymyzda gazanylýan her bir belent sepgitler aýdyňlygy bilen äşgär edýär.  Bu günki maslahata gatnaşanlar halkymyza baky bagtyýarlygy bagyş eden türkmen halkynyň milli Lideri, Türkmenistanyň Halk maslahatynyň başlygy Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.  Merjen Çaryýarowa.

1981
1981 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1805
1805 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

2053
2053 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1988
1988 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1927
1927 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

2285
2285 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1770
1770 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

2094
2094 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.