Garry çopana: “Begendik diýibem kesel barmy» diýemde, ol: «Adam gaty gorkudan, aşa begençli buşlukdan, hasratly habardan ýaňa duýdansyz tolgunsa begendik keseline uçraýar. Dili tutulýar, ysmaz bolýar, ýa ýüregi ýarylyp kyrk güne ýetmän ýogalýar» diýip yzynam rowaýata tutdurdy.
— Aýdyşlaryna görä, Lukman hekim ömrüniň ahyrlanyny aňyp, iň wepaly şägirdine: “Men ölemsoň jesedimi legene salyp, ýüzi tertip belgili kyrk küýzedäki melhemi üstüme guýup, bedenimi mynçgalap ýuw” diýip tabşyrýar. Şägirt aýdylyşy ýaly edýär welin, otuz dokuzynjy küýzeden soň jesede jan gelip, ýaňaklary al öwsüp, käbir damarlary tirpildäp başlaýar. Halypasynyň ölümine aşa gynanyp, soňam direlýänine begenip jesede jan girişindenem gorkan şägirt kyrkynjy küýzäni elinden gaçyryp begendige uçrap ýykylýar...
Begendik keseli barada başga bir rowaýatda şeýle diýilýär: Şa gyzyna aşyk bolan bir pukara ýigidiň sawçysynyň sözi alynýar. Bu habara aşa begenen ýigit näsaglaýar. Ony Lukman hekime görkezseler: “Begendige çäräm ýok» diýýär. Ýigit: “Ene-atama dert bolup ölenimden, çölde şehit bolaýyn” diýip, suwsuz-sölsüz beýewana çykýar. Usurgap ýatyrka-da, bir kepjebaş ýylan keýigokara dyrmaşyp gusup-gaýtaryp gidýär. «Aňsat ajal üstüme geldi» diýen ýigit ýylan gusugyny oty-çöpi bilen çeýnäp ýuwdup ýatyp galýar. Oýananda süňňüýeňillik duýubam göni Lukmanyň ýanyna barýar. Lukman:
“Keýigokaradaky ýylan gusugyny nädip tapdyň? Eger şo mahal emi aýdan bolsam, sen keýigokara dyrmaşan ýylany nireden tapaýyn, tapaýamda-da ýylanyň gusýanyny gören barmy» diýip meni günäkärlärdiň» diýýär...
...Garry gojalar adamy gaty gorkuzmak günä, söýünjini birden buşlamak, hasratly habary duýdansyz aýtmak bolsa, akylsyzlyk diýerdiler. Gurt Ýakubyň dessanda Myralynyň şum habary aýlawly söz bilen Soltan Söýüniň özüne aýtdyrmagynda-da bir emma bar eken-ä...
Döwletmyrat JUMADURDYÝEW.