Ýüzükler dakynylýan barmagyna görä dürli manylary aňladýar:
Ýüzük başam barmaga dakynylsa, ol eýesiniň güýç-kuwwata eýedigini görkezýär. Adatça, bu barmaga ýüzügi erkek adamlar dakynýarlar. Emma göwher gaşly ýüzükleri başam barmaga dakynmak oňlanylmaýar.
Çep eliniň süýem barmagyna ýüzük dakynýanlar durmuş gurmadyk, emma söýgülisi bar adamlardyr.
Sag eliň süýem barmagyna ýüzük dakynylsa, ol eýesiniň ýalňyzdygyny aňladýar.
Orta barmaga dakynylan ýüzük eýesiniň uzak ýola rowana bolmak isleýändigini bildirýär. Bu syýahata gitmek, uzak ülkelere aýlanmak bilen baglydyr.
Sag eliň ogulhajadyna dakynylan ýüzük nikalylygy aňladýar.
Çep eliň ogulhajadyndaky ýüzük bolsa adamyň durmuş gurmak islemeýändigini aňladýar.
Külbikejige dakynylan ýüzükler kiçiligi, naşyjalygy bilen göze gelüwli görünýär.
Metbugat materiallary esasynda taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.