Ajy diliňi ýetirmek — birini duzlamak, ajyňy pürkmek, diýmesiz gepi diýmek, gyjalatly-kinaýaly gürlemek.
Azasyny almak — bez etmek, gözüniň oduny almak, halys etmek, gorkuzmak.
Azy ýarmak — köpi görmek, ençe şatyny görüp bişişmek, tejribäň artmak, dogumly, edenli bolup ýetişmek.
Aý bermek (aý berip oturmak) — tegelenip, döwre gurap oturmak.
Aýdym edinmek — zol-zol agzamak, agzyndan düşürmezlik, heň edinmek.
Aýlandyrylyp goýberilen ýaly — hiç zadyň ugruny bilmeýän, gepi-sözi, hereketi ugursyz bolan, pekge, saňsar.
Aýy dostlugy — hantamaçylyk gatnaşygy, bolgusyz zada esaslanýan dostluk, ýüzleý dostluk.
Ak girse-de, aň girmedik — ýaşyna görä paýhasly bolmadyk, ýaşy birçene barsa-da, akyl gelmedik.
Ak guş bolmak — özüňi bigünä saýmak, özüňi aklamak, günäni öz başyňdan sowmak.
Ak düýäni gördüňmi? — göremok- -bilemok müň belany başyňdan sowar, hiç zat bilemok, hiç zatdan habarym ýok, gören zadym ýok.
Akyl käsesi dolmak — akyly goýalmak, uly adamlyga ýetişmek, doly kämilleşmek, düşünjesi artmak, akyllanmak.
Akylyň kesmek — paýhas etmek, akyl ýetirmek, mana düşünmek.
Alan galaň (ýoluň) özüňki — eliňden geleniňi aýama, bileniňden galma.
Alaçaly ýag ýaly — dostlukly aragatnaşykda bolan, äbe-jüýje, gepi alyşýan.
“Türkmen diliniň frazeologik sözlügi” kitabyndan.








