Mary etrabynyň Akmyrat Hümmedow geňeşliginiň ýaşaýjysy, 33 ýaşynda “Lukmançylyk ylymlarynyň doktory” diýen ylmy derejä eýe bolan Ezizgeldi Helleňow edebiýat äleminde hem özüni görkezmegi başarýan şahyrdyr. Ol çagalar lukmany bolmak bilen bir hatarda özboluşly goşgulary ýazmaga ezberleşen şahyr hökmünde okyjylaryň arasynda tanalýan awtordyr. Onuň eziz Watanymyzyň eýe bolan ajaýyp döwrüni, bu beýik Diýaryň mähriban adamlaryny wasp edýän şahyrana setirleri köpleriň köňlüni bendi edýär. Şeýle bolansoň, onuň goşgulary döwürleýin metbugatlarda yzygiderli çap edilip, okyjylar köpçüligine ýetirilýär.
Golaýda bolsa, Ezizgeldi Helleňowyň soňky ýazan goşgularynyň iň gowulary saýlanylyp, özbaşdak kitap hökmünde neşir edildi. Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan okyjylara ýetirilen bu saldamly kitap 3 müň nusgalykda çap edilipdir.
Ýokarda belleýşimiz ýaly, şahyryň tema örüsi giň. Şahyr hökmünde ony Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda — Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny nusgawy derejede dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýetilýän ajaýyp sepgitler guwandyrýar. Şeýle bolansoň, şahyryň täze kitabyna ýerleşdirilen 130-a basalykly goşgularyň köpüsi ata Watana, dogduk Diýara, has röwşen günlere sary barýan türkmen halkymyza, onuň beýik ogullaryna bagyşlanan eserlerdir. Munuň şeýledigine kitabyň “Ata Watan, dogduk oba” atly bölüminde ýerleşdirilen “Ýaşyl Tugly Türkmenistan”, “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy”, “Watan esgerleri”, “Göbek ganymyň daman ýeri” ýaly özboluşly goşgulary okanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Şeýle bolansoň, bu şygyrlar kitabyna Watan hakynda aýdym diýäýesiň gelip dur.
Şahyryň täze kitabynda adamyň öňde-soňda sataşýan ahwalaty — yşk ahwalaty bolsa, ýörite bir bölümde teswirlenilýär.
Mahlasy, E.Helleňowyň “Yzzat” (könelişen söz, hezzet-hormat, sarpa diýen manyda) ady bilen çap edilen bu dördünji kitaby şygyr muşdaklaryna gowy sowgat bolar diýip umyt edýäris.
Hojaberdi ÇARYÝEW.