TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI
weather mary 31° C Mary
weather mary 31° C Mary

Habarlar

Iň täze habarlar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 78-NJI SESSIÝASYNDA ÇYKYŞ ETDI

229 22.09.2023

2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyna gatnaşdy.

Bu sessiýanyň gün tertibi okgunly ykdysady ösüşe ýardam bermek, dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine, howplaryna garşy durmak, ekologiýa we daşky gurşawy goramak, adam hukuklary ýaly möhüm ugurlara we beýlekilere degişli meseleleriň giň toplumyny öz içine alýar.

Döwlet Baştutanymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etdi.

Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde hut örän ýokary jogapkärçilik duýgusy biziň guramamyzyň agza ýurtlarynyň 193-siniň ählisini hem birleşdirmelidir. Geografik taýdan ýerleşýän ýerine, ilatynyň sanyna, ykdysadyýetiniň möçberine, jemgyýetçilik-syýasy nusgasyna garamazdan, olaryň her biri Milletler Bileleşiginiň öňünde durýan wezipeleri çözmäge öz möhüm goşandyny goşmalydyr.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar. Biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologik, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologik, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa has giçki möhlete goýup bolmaz diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdygyny, agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlylygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmelidigini nygtady. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmelidigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow häzirki zaman dünýäsinde BMG-niň orny barada aýdyp, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, BMG-niň häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak, ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklaryň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýändigine ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy, gapma-garşylykly dartgynlylygy ýeňip geçmek, ylalaşyk, bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin bütindünýä guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanylmalydygynyň wajyplygy bellendi.

Bu ugurda Türkmenistanyň birnäçe başlangyçlary beýan edildi. Hususan-da, dünýä ösüşiniň möhüm ýagdaýlaryny hem-de meýillerini hasaba almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynyň kadalary we halkara hukugyň umumy ykrar edilen düzgünleri esasynda Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamak teklip edildi.

Şol bir wagtda, şeýle strategiýa adaty töwekgelçilikler bilen bilelikde, soňky döwürde ýüze çykan töwekgelçilikleriň hem bardygyny beýan etmelidir. Şeýle hem biz strategiýa BMG-niň işiniň birnäçe ugurlaryny, hususan-da, gapma-garşylyklaryň öňüni almagyň, olary ýok etmegiň guraly hökmünde öňüni alyş diplomatiýasyny; jedelleri we dawalary parahatçylykly, syýasy-diplomatik taýdan düzgünleşdirmek üçin bitaraplygyň mümkinçiliklerini peýdalanmagy; BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» hem-de 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek hakynda Kararnamalary esasynda ynanyşmak dialogynyň medeniýetini girizmegi zerur hasap edýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti «Merkezi Aziýa — BMG» ugry boýunça inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynam bildirip, Türkmenistanyň oňa girişmäge hyzmatdaşlary hormat bilen çagyrýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek baradaky başlangyç beýan edildi. Maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlaryny we dünýä bileleşigini, halkara guramalary, maliýe we ykdysady institutlary ýakynlaşdyrmaga, bu sebiti durnukly, gapma-garşylyksyz ösdürmegi üpjün etmek işinde olaryň tagallalaryny utgaşdyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleri we çözgütleri işläp taýýarlamakdan ybaratdyr. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň birinji maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygy beýan edildi.

Döwlet Baştutanymyz, ýakyn ýyllarda BMG-nyň işiniň esasy ugurlarynyň arasynda Türkmenistanyň möhüm howa we ekologiýa meselelerini çözmegi göz öňünde tutýandygyny aýtdy. Şolaryň hatarynda metan boýunça ählumumy borçnamalar bilen bagly meseleler aýratyn bellenildi.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzyň howa boýunça Pariž Ylalaşygyna goşulmagy bilen, 2017-nji ýylda birnäçe degişli milli maksatnamalar kabul edildi. Metanyň howa ýaýramagynyň ýaramaz netijelerini azaltmak we ýok etmek maksady bilen, umumydöwlet çäreleri ileri tutulyp amala aşyrylýar. Gürrüň, ilkinji nobatda, ekologik taýdan arassa, serişde tygşytlaýjy häzirki zaman tehnologiýalary, aýratyn-da, energetika, senagat we ulag pudaklarynda ornaşdyrmaga tapgyrlaýyn geçmek hem-de peýdalanmak hakynda barýar.

Şol bir wagtda, biz dünýä bileleşiginiň Ählumumy metan borçnamasyny amala aşyrmak boýunça tagallalaryny goldaýarys diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow nygtady.

Şunda türkmen tarapynyň bu işde BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleri, agza ýurtlar, beýleki gyzyklanýan hyzmatdaşlar tarapyndan anyk kooperasiýa we salgyly ýardama bil baglaýandygy bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýaňy-ýakynda ýurdumyzda Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagy baradaky meseläni öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatdaky “Ýol kartasy” tassyklanyldy. Bu resminama ýakyn wagtda guramanyň Sekretariatyna iberiler.

BMG-de Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetdi diýip hasaplaýaryn. Bu meselelere seredilende, belli bir hereketsizligi ýeňip geçmeli we örän uly giňişlikleri eýeleýän, özboluşly tebigy serişdeleri hem-de biologik köpdürlüligi bolan, şol bir wagtda düýpli ekologik töwekgelçilikleriň zolagynda ýerleşýän 80 milliona golaý ilatly sebit babatda BMG-niň maksatly ekologik strategiýasyny taýýarlamak boýunça belli bir salgyly we anyk çärelere başlamaly diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Merkezi Aziýanyň ekologik meselelerine strategik çemeleşme kabul edilende, Türkmenistan möhüm ädim hökmünde ýöriteleşdirilen düzümi — Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş edýär. Bu merkez howa meselesi boýunça anyk we ulgamlaýyn işleri alyp barar. Şunuň bilen baglylykda, merkeziň işlemegi üçin Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda guramaçylyk we tehniki şertleri döretmäge ýurdumyzyň taýýardygy beýan edildi.

Merkezi Aziýa Hazar deňzine galtaşýan sebitdir.

Kenarýaka ýurtlar tarapyndan köpýyllyk tutanýerlilik we hormat goýmak arkaly alnyp barlan hyzmatdaşlygyň netijesinde, Hazar syýasatynyň umumy esasy düzgünleri işlenip taýýarlandy. Şol sanda esasy resminama — Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýa kabul edildi. Türkmenistanda geçen ýylyň tomsunda geçirilen altynjy Hazar sammitine ähli gatnaşyjylaryň ekologik mesele boýunça ysnyşykly hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygy tassyklanyldy. Bu bolsa kenarýaka döwletleriň BMG bilen giňden we ulgamlaýyn hyzmatdaşlyk etmäge başlamagy üçin gowy mümkinçilik açýar diýip hasap edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek barada teklip girizildi. Ol Hazar deňziniň gurşawyny we biologik serişdelerini gorap saklamak, emele gelen ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy boýunça jikme-jik we ýokary derejede hyzmatdaşlyk etmek üçin halkara platforma bolmaga niýetlenendir.

Ileri tutulýan şol meseleleriň arasynda ulag babatda Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmagy aýratyn belleýäris. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan şu möhüm ugur boýunça dialog üçin netijeli halkara platformany döretmegiň başyny başlaýjy boldy. Aşgabatda 2016-njy ýylda üstünlikli geçirilen durnukly ulag boýunça BMG-niň birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem geçen ýylyň tomsunda BMG bilen hyzmatdaşlykda Türkmenistanda guralan deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň duşuşygyny ýatlap geçeliň diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Biz Türkmenistanyň maksada gönükdirilen işiniň netijesinde, diňe soňky ýyllarda ulag babatda öňe süren başlangyçlarymyz boýunça Baş Assambleýanyň alty Kararnamany kabul edendigine buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Şolaryň soňkularynyň hatarynda şu ýylyň maý aýynda kabul edilen «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany görkezmek bolar.

Şunuň bilen baglylykda, şol Kararnamanyň düzgünlerine esaslanyp, Türkmenistan bu mejlisiniň çäklerinde «Bütindünýä durnukly ulag güni» mynasybetli ýokary derejeli maslahaty çagyrmagy teklip edýär. BMG-niň degişli düzümleriniň bu çäräni Nýu-Ýorkda guramakda ýardam berjekdigine umyt edýäris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Azyk meselesini çözmekde BMG-ä doly ýardam bermek Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek boýunça işiniň örän möhüm ugrudyr. СOVID-19 pandemiýasy beýleki amatsyz şertler bilen bir hatarda, hut azyk meselesiniň çözülmedik meseledigini, ilaty doly bahaly iýmit almaýan döwletleriň gowşaklygyny ýüze çykardy.

Şoňa görä-de, döwletleriň we sebitleriň azyk serişdelerine elýeterli bolmagy bilen bagly meselelere seredilende, agzybirlik, tutanýerlilik, aýgytlylyk zerurdyr. Islendik adamyň aýrylmaz hukugy, ozaly bilen, çagalaryň sagdyn we kadaly ösüşiniň esasy şerti hökmünde doly bahaly iýmite kepillendirmeler möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi.

Bu işde syýasat, ideologiýa we ýagdaý bilen bagly päsgelçilikleri ýeňip geçýän aýgytly çözgütler, täze çemeleşmeler zerurdyr.

Şundan ugur alyp, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda, Bütindünýä azyk maksatnamasy, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, BMG-niň Çagalar gaznasy bilen hyzmatdaşlykda azyk howpsuzlygy boýunça uly halkara forumy çagyrmak başlangyjy bilen çykyş edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we bu çäräni ylalaşylan möhletlerde türkmen paýtagtynda geçirmek üçin şertleri döretmäge taýýardygyny tassyklady.

Geljek ýyl Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşarda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda türkmen halkynyň görnükli ogly, akyldar şahyr, filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler.

Ähli medeniýetli adamzat diňe bir dünýä edebiýatyna däl-de, eýsem, tutuş Gündogaryň, bütin dünýäniň medeni ösüşine örän uly goşant goşan beýik ynsanperwer şahyry ýatlaýar we oňa hormat goýýar diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Çykyşynyň ahyrynda döwlet Baştutanymyz: “Goý, döredijilikli oý-pikirlere, parahatçylyk, adalatlylyk, ösüş ideallaryna wepalylyk biziň bilelikdäki işimizde esasy we aýdyň ýörelge bolup hyzmat etsin!” diýip arzuw etdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary dowam edýär.

24
24 30.05.2026
Gurban baýramy dabaraly bellenilip geçildi

Sahawatly türkmen topragynda giňden bellenilýän Gurban baýramynyň göwün göteriji toý çäreleri Mary welaýatynda hem ýokary ruhybelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Mary welaýat häkimliginiň, Türkmenistanyň Agrar we Demokratik, Senagatçylar we telekeçiler partiýalarynyň Mary welaýat komitetleriniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň, Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşiniň, Mary welaýat Medeniýet Müdürliginiň we welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilen baýramçylyk dabarasy hem şatlyk-şowhuna beslenip, göwünleri göterdi. “Türkmeniň ak öýi” binasynyň daş töweregini bagtyýarlyk ruhuna beslän bu dabara il sylagly ýaşulylar, kümüş saçly eneler, jemgyýetçilik ulgamynyň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamynyň işgärleri we welaýatyň bagtyýar raýatlary ir säherden toý ýörişi bilen geldiler. Ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan Milli Gurban baýramy adamlaryň köňlüni päkläp, ýagşylyga çagyrýar. Bu gadymy baýramyň jemgyýetimizi medeni-ruhy taýdan kämilleşdirmekde hem-de baýlaşdyrmakda, agzybirligimizi we jebisligimizi pugtalandyrmakda ähmiýeti örän ulydyr. Toý meýdançasynda gurnalan bezemen ak öýler halkymyzyň sada dünýäsini, şahandazlyk we myhmansöýerlik däbini şöhlelendirdi. Baýramçylyk dabarasynda toý gazanlary atarylyp, milli tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanyldy. Guş gursak dänäniň unundan bişirilen gatlama, pişme, etli çörek, ýagly çörek, petir ýaly dürli nygmatlary bolsa toý märekesine hödür – kerem edildi. Ýokary guramaçylykly geçirilen bu baýramçylyk dabarasynda welaýatyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň, medeniýet we sungat ussatlarynyň, meşhur esdrada aýdymçylarynyň, görnükli tans toparlarynyň, çagalar döredijilik toparlarynyň Gurban baýramy mynasybetli taýýarlan göwün göteriji, döwrebap çykyşlaryna giňden orun berildi. Şatlyk-şowhun, uly buýsanç bilen ýerine ýetirlen çykyşlaryň her birinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Watanymyzy ösdürmekdäki alyp barýan belent maksatly rowaç işleriniň waspy, musulman ymmatynyň hormat bilen belleýän Gurban baýramynyň özboluşly aýratynlyklary, halkymyzyň bagtyýar durmuşy, eziz ýurdumyzyň ösüşli menzilleri uly joşgun bilen wasp edildi. Bu ýerde döredijilik toparlarynyň bagtyýar halkymyzyň agzybirligini, jebisligini, azat, erkana durmuşyny, ynsana goýulýan belent sarpany aňladýan Gurban baýramynyň milli däp-dessurlaryny giňden beýan edýän folklor çykyşlary hasam täsirli boldy. Bu ýerde görkezilen joşgunly çykyşlaryň her biri ruhy tämizligiň baýramy bolan milli Gurban baýramyna halkymyzyň goýýan hormatynyň belent nyşanyny görkezdi. Toý ruhunda gurnalan belent hiňňilliklerde oglan-gyzlaryň batly uçmaklary päk niýetleriň we haýyr-sahawatyň baýramy bolan Gurban baýramynyň şatlygyny has-da artdyrdy. Turuwbaşdan ýokary ruhybelentlik häsiýetine eýe bolan dabarada welaýatyň ussat türgenleriniň arasynda türkmen göreşi, ýalyga towusmak, tanap çekmek ýaly milli oýunlaryň oýnalmagy, bagşy-sazandalaryň şirin owazly mukamlary çalyp aýdymlary aýtmagy toýuň şatlyk-şowhunyny has-da belende göterdi. Giň gerimde ýaýbaňlanan baýramçylyk çäresinde bagtyýar nesilleriň çaga dünýäsine mahsus gyzykly oýunlary oýnamaklary Gurban baýramynyň ýokary guramaçylykda geçirilýändigini ýene bir ýola subut etdi. Halkymyzyň milli ruhuna ýugrulan toý meýdançasynda hatar tutup otyran alty ganat ak öýüň ýanynda milli lybasda geýnen ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz hünärli gollarynyň miwesi bolan haly we haly önümleriniň, gülli keçeleriniň, kürte, çabyt, don, çäkmen ýaly milli el işleriniň, şöhratly taryhymyzy şöhlelendirýän muzeý gymmatlyklarynyň, ezber elli ussalaryň yhlasyndan dörän milli saz gurallaryň, zergärleriň ussatlyk bilen ýasan şaý-sepleriniň we beýleki önümleriň baý sergisiniň gurnalmagy baýramçylyga aýratyn bezeg berip, bu ýere gelenlerde ýakymly täsirleri galdyrdy. Toý joşhunly dabara gatnaşan adamlar halkymyzyň milli däp-dessurlaryny dikeldip, toý-baýramlaryny ýokary derejede bellemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler.  Suwhan Kulyýew

96
96 22.05.2026
Ganatly bedewleriň ýaryşy

Geçen ýekşenbe güni Mary atçylyk sport toplumy dabaralara beslenip, köp adamly boldy. Bedew janköýerlerini bir ýere jemlän at çapyşygy şatlyk-şowhuna beslendi. Birinji çapyşyk üçýaşar bäş bedewiň gatnaşmagynda geçirilip, olar 1200 metr aralyga çapuwa goýberildi. Bu çapyşykda A. Garageldiýewiň hojalyk aty bolan Keramat atly gyr at öz ýyndamlygyny görkezdi. K. Garýagdyýewiň seýislän, T. Annaçaryýewiň ussatlyk bilen çapan bu aty pellehana 1 minut, 29,08 sekuntda gelmegi başardy. Gyzykly geçen ikinji çapyşyk üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda geçirilip, oňa 4 sany at gatnaşdyryldy. Bu çapyşykda B. Rejepowyň hojalyk aty bolan Guwanar diýen gara at öňdeligi eýeledi. D. Amandurdyýewiň seýislän bu aty 1 minut, 39,71 sekunt wagt bilen pellehana ilkinji bolup geldi. Oňa Ý. Amannazarow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi.  Üçýaşar atlaryň arasynda 1400 metr aralykda geçirilen üçünji çapyşyga bäş sany bedew gatnaşdyryldy. Onda Ş. Şamyradowyň hojalyk aty bolan gara ata ýyndamlykda taý tapylmady. Bu atyň seýsi hem çapyksuwary bolan D. Amandurdyýew bolup, ol bellenilen aralygy 1 minut, 44, 41 sekuntda geçmegi başardy. Dördünji we bäşinji çapyşyklar dörtýaşar we uly ýaşar atlaryň arasynda 1800 metr aralykda geçirildi. Dördünji çapyşyga dört bedew gatnaşdyryldy we G. Amanowyň hojalyk aty bolan Alçep atly dor at ýeňiji boldy. Ol bellenilen aralygy 2 minut,  9,93 sekuntda geçdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Y. Potraýew, çapyksuwary G. Ýazberdiýew. Bäşinji, jemleýji at çapyşygyna bolsa, 4 sany bedew gatnaşdyrylyp, olardan R. Läliýewiň hojalyk aty bolan Toýçy diýen mele at pellehana birinji bolup geldi. Ş. Orazgeldiýewiň seýislän, B. Gurbanowyň çapyksuwarlyk eden bu aty 1800 metr aralygy 2 minut, 0,33 sekuntda geçdi. Çapyşyklarda ýeňiji bolan bedewlere serpaý ýapylyp, çapyksuwarlara gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

103
103 22.05.2026
Uçurymlar üçin Marynyň taryhy ýerlerine gezelençler gurnaldy

2025–2026–njy okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Mary welaýatynda-da hem giň gerime eýe bolýar. Şeýle çäreleriň biri hem Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň gurnamagynda orta mekdebi tamamlaýan uçurymlary “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasyndaky  ýadygärliklerimize, Mary welaýat kitaphanasyna we Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç gurnaldy. Gezelenjiň dowamynda ýaşlara “Gadymy Merw” taryhy medeni döwlet goraghanasynyň döredilmegi, “Soltan-Sanjaryň” hümmetiniň we “Gyzlar” galasynyň döreýşi, taryhy aýratynlyklary hem-de ýurdumyzda ykdysady hyzmatdaşlyk saklaýan halkara guramasy bolan ÝUNESKO-nyň taryhy we tebigy ýadygärlikleri ýüze çykarmak boýunça alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berildi. Uçurymlaryň Mary welaýat kitaphanasyna we Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelençleri hem täsirli boldy. Bagtyýar ýaşlar kitaphananyň, muzeýiň bölümlerine aýlanyp, türkmen halkynyň baý kitap dünýäsi, taryhy geçmişimiziň we tebigatyň täsin gözellikleri bilen ýakyndan tanyş boldylar. Uçurymlar özlerinde galan täsirli gezelenjiň dowamynda gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar.

102
102 22.05.2026
Mary welaýatynda wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär

        Şu günler ýurdumyzyň Mary welaýatynda hem wagyz-nesihat çäreleri we maslahatlar yzygiderli geçirilip, olar çuň many-mazmuna eýe bolýar. Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde Mary welaýat Prokuraturasynyň, Mary welaýat Kazyýetiniň, welaýat polisiýa müdirliginiň, Polisiýanyň Ýol gözegçilik bölüminiň  bilelikde gurnamagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, Saglygy goraýyş  ulgamynyň işgärleri, Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň professor mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. wagyz-nesihat duşuşygynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda öňe sürýän sagdyn-durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek bilen baglanyşykly çykyşlaryň uly toplumy diňlenildi. Bu ýerde çykyş edenler gülläp ösýän Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlaryň sagdyn ruhly, edep-terbiýeli, ýokary düşünjeli we arassa ahlakly adamlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän giň göwrümli işler barada giňişleýin gürrüňler etdiler. Ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olaryň zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmak, adam saglygyna zyýan ýetirýän temmäki serişdeleriniň bikanun dolanşygyna, ulanylmagyna garşy göreşmek boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda hem birin-birin durup geçdiler. Şeýle hem  il-ýurt bähbitli giň möçberli işleri amala aşyrýan Hormatly Prezidentimiziň adyna çyn ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Göwher Ataýewa.

99
99 19.05.2026
Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlandy

Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanan çäreler Mary welaýatynyň ähli ýerlerinde ýokary ruhubelentlige beslenip bellenilip geçilýär. Şeýle dabaralaryň biri hem welaýatyň “Marguş” myhmanhanasynda Mary welaýat häkimliginiň, welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamaklarynda geçirilip, ol çagalara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlady. Ýokary ruhubelentlige beslenen bu dabara mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeler  gatnaşdylar. Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk dabarasynda şadyýanja çagalar özleriniň buýsançly kalbyndan çykýan şirin aýdymlaryny we ajaýyp tans çykyşlaryny görkezdiler. Dabaranyň dowamynda çaga dünýäsine mahsus bolan dürli çykyşlary görkezilmegem çagalaryň ýüreklerini joşdurdy. Bu ýerde bagtyýar çagalaryň göwün joşduryjy çykyşlarynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesiller barada edýän aladalaryň, bagtyýar Watanymyzyň waspy aýratyn beýan edildi. Bagtyýar çagalar özleri üçin döredip berýän giň şertleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşly sözlerini beýan etdiler. Aýgül Berdiliýewa.

53
53 19.05.2026
Behişdi bedewleriň mekany

TSTP-niň welaýat komiteti Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebi  bilen  bilelikde  “Türkmenistan — behişdi bedewleriň mekany” at bilen wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdi. Ady agzalan orta  hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda guralan bu çäre işjeň häsiýete eýe bolup, oňa TSTP-niň welaýat komitetiniň işgärleri, telekeçiler, mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary gatnaşdylar.  Maslahatda TSTP-niň welaýat komitetiniň başlygy Täzegül Jumadurdyýewa, telekeçi Berdimuhammet Çaryýew, ýokarda ady agzalan mekdebiň mugallymlary Göwher Gurtlyýewa, Hoşgeldi Berdimyradow çykyş etdiler. Maslahatda çykyş edenler üstümizdäki ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” diýlip atlandyrylmagynyň çuň many-mazmuny, behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty barada täsirli gürrüň berdiler. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen Garaşsyz döwletimizde atçylygy ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Röwşen GELDIMYRADOW.

104
104 19.05.2026
Sagdyn durmuş — eşretli ýaşaýyş

Ýakynda etrap merkezi kitaphanasynda TDP-niň, TAP-nyň etrap komitetleri, TMÝG-niň etrap geňeşi, etrap medeniýet bölümi bilen bilelikde wagyz-nesihat duşuşygyny geçirdiler. “Zyýanly endiklerden daşda duralyň!” atly bu çäre etrap merkezi kitaphanasynda guralyp, oňa ýokarda atlary agzalan guramalaryň we medeniýet bölüminiň işgärleri, etrabyň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän ýaşlar gatnaşdylar. Duşuşykda TDP-niň etrap komitetiniň hünärmeni Gunça Welsähedowa, TAP-nyň etrap komitetiniň hünärmeni Uzuk Hommatdurdyýewa, TMÝG-niň etrap geňeşiniň baş hünärmeni Güljan Şabasanowa, etrap merkezi kitaphanasynyň bölüm müdiri Bilbil Nurýagdyýewa çykyş etdiler. Olar ýurdumyzda neşekeşlikdir zyýanly endikleriň öňüni almakda, aýratynam, ýaşlaryň zyýanly endiklerden daşda bolmagyny gazanmakda geçirilýän işler dogrusynda täsirli gürrüň etdiler. Orazjemal  BERDIÝEWA.

114
114 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

106
106 19.05.2026
Ýazdan görk alan tugum!

Welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TDP-niň, TAP-nyň welaýat komitetleriniň, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda “Ýazdan görk alan tugum!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, ýokarda atlary agzalan edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.  Maslahatda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Maksat Janmyradow, TDP-niň Mary şäher komitetiniň başlygy Hekimberdi Orazberdiýew, Mary etrabyndaky 8-nji orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Muhammetmyrat Allakulyýew çykyş etdiler. Çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň ýurdumyzyň ähli ýerlerinde ýokary derejede geçirilýändigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Sapargül HANOWA.  

114
114 19.05.2026
Döwletimiziň mukaddes nyşanlary

Döwlet nyşanlarymyzy we Baş Kanunymyzy sarpalamak, olaryň many-mazmunyny ýaş nesilleriň kalbyna siňdirmek maksady bilen welaýat kitaphanasynyň kiçi mejlisler zalynda welaýat kitaphanasynyň hem-de Türkmengala etrap merkezi kitaphanasaynyň bilelikde guramagynda «Döwletimiziň mukaddes nyşanlary» atly maslahat geçirildi. Oňa kitaphanaçylar, harby gullukçylar, welaýatyň «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň çagalary, Mary şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji we 23-nji orta mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda belent sepgitleri we watançylyk ýörelgelerini öz içine alýan birnäçe gymmatly çykyşlara giň orun berlip, onda Türkmengala etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy Oguljan Paýzyýewa, Türkmenistanyň Döwlet Serhet gullugynyň serkerdesi Merdan Muhamow, welaýat kitaphanasynyň kitaphanaçysy Göwher Ataýewa çykyş etdiler. Olar parahatçylygyň we durnuklylygyň nyşany bolan Döwlet baýdagymyza goýulýan sarpanyň ýokarydygy, onuň giň many-mazmuna eýedigi, Baş Kanunymyzda bellenilýän her bir maddanyň halkymyzyň bähbidine gönükdirilendigi hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Maslahatyň dowamynda «Marguş» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň «Ýaş jahankeşde» gurnagynyň ýolbaşçysy Gülnar Meredowanyň okuwçylarynyň döwlet nyşanlarymyzy, asuda we bagtyýar durmuşymyzy wasp edýän şygyrlary labyzly we joşgunly okap bermekleri gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Merjen ATAÝEWA.  

112
112 19.05.2026
Ýaşyl tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!

 Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanylyp, TAP-nyň welaýat, Mary şäher komitetleriniň bilelikde guramagynda  TKA-nyň welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda “Ýaşyl Tugy täç edinip, öňe barýar eziz Watan!” ady bilen maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, TAP-nyň welaýat, şäher komitetleriniň işgärleri gatnaşdylar.  Maslahatda TAP-nyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri Güljemal Nazarowa, TKA-nyň Şatlyk şäher birleşmesiniň başlygy Gurbanmuhammet Babaýew, TAP-nyň Murgap etrap komitetiniň hünärmeni Näzik Mukymowa çykyş etdiler. Çykyş edenler eziz Watanymyzyň her bir gününiň toý-baýramlara beslenýändigi, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli geçirilýän  baýramçylyk çäreleriniň ýurdumyzyň ähli ýerinde giňden dabaralanýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.  Mähriban MUHAMMETMYRADOWA.  

119
119 19.05.2026
Goşa baýramyň joşguny

“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň şanly senesi bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, bu baýramçylygyň dabarasy biziň welaýatymyzda-da giňden ýaýbaňlandyryldy. Mary şäherindäki Baş baýdak meýdançasy ir säherden köp adamly boldy. Toý lybasly meýdançadaky ýaşyl Baýdaklaryň buýsançly görnüşi dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Bu sene mynasybetli bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi dabara baýramçylyk öwüşginini çaýdy.  Baýramçylyk mynasybetli Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasyna welaýat häkimliginiň ýolbaşçylary, şäher, etrap häkimleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de ýaşuly nesliň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada Marynyň Ýolaman Hummaýew adyndaky ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeklerinde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy we buýsançly owazyň astynda Döwlet baýdagy galdyryldy. Baýdak galdyrmak dabarasynda welaýatyň häkimi Döwranberdi Annaberdiýew, Sakarçäge etrabynyň ýaşaýjysy Tuwakmyrat Jumaýew, welaýat statistika müdirliginiň bölüm başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Jumageldi Ataýew, welaýat halk maslahatynyň başlygy Maksat Atajanow çykyş etdiler. Çykyş edenler dabara gatnaşyjylary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen mähirli gutladylar. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli işler, ýetilen sepgitler dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler. Soňra bu dabara aýdym-sazly çykyşlara utgaşdy. Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary, tansçylaryň şowhunly tanslary baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şagalaňyny artdyrdy. Aýparça AKYMOWA.

128
128 19.05.2026
Mukaddesliklere goýulýan belent sarpa

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat we Mary şäher komitetleriniň hem-de Mary  welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde gurnamaklarynda terbiýeçilik ähmiýetli, wagyz – nesihat çäresi geçirildi. Bu dabara Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary we muzeý işgärleri uly ruhubelentlikde  gatnaşdylar. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýoly bilen öňe barýan eziz ýurdumyzda  ynsanperwerlik, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk ýörelgelerini öňe sürýän Arkadagly Gahryman  Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda Konstitusiýamyza we Döwlet baýdagymyza belent sarpa goýulýar we bu goşa baýramyň Diýarymyzda ýokary ruhubelentlikde bellenilmegi halkymyzy täze ýeňişlere ruhlandyrýan diýip uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Şeýle-de  Hormatly Prezidentimiziň döwletli baştutanlygynda halkymyzyň milli öwüşginli medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we muzeýleşdirmek işleriniň üstünlikli alnyp barylýandygyny we  ýurdumyzda hereket edýän döwlet muzeýlerindäki gadymy türkmen taryhynyň öçmez syrlary bolan milli medeni gymmatlyklarymyzyň, taryhy tapyndylarymyzyň sanynyň barha artýandygyny aýratyn nygtap geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda halkymyzyň geçmiş taryhyny, milli mirasyny gorap, geljekki nesillere miras goýmak, muzeý gymmatlyklarynyň üsti bilen Watanymyzyň şöhratly taryhyna söýgi döretmek, şeýle-de, muzeý hünärmenleriniň hünär ussatlygyny kämilleşdirmek dogrusynda täsirli gürrüňler edildi. Dabara gatnaşan bagtyýar adamlar asudalygyň we bagtyýarlygyň nyşany bolan, parahatçylyk we adalatlylyk baradaky milli düşünjeleri özünde jemleýän  Konstitusiýamyz,  dostlugymyzyň we hoşniýetliligimiziň nyşany hökmünde ýer ýüzünde belentde pasyrdaýan Döwlet baýdagymyz biziň milli guwanjymyzdyr, dünýä ýaň salýan abraýymyz we mertebämizdir diýip ýürek buýsançlaryny belläp geçdiler. Dabara gatnaşanlar halkymyzyň medeni mirasyny  goramak, aýawly saklamak we geljekki nesillere miras goýmak ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň diňe rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuwladylar. Aýnabat Annagurbanowa.

110
110 19.05.2026
Okuw maslahaty geçirildi.

    Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň gurnamagynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli okuw maslahaty geçirildi.Okuw maslahatyna Türkmenistanyň Kärdeşler Arkalaşyklarynyň welaýat çäk birleşmeleriniň,pudaklaýyn geňeşleriniň we ilkinji guramalarynyň ýolbaşçylary,bölüm müdirleri,hünärmenleri gatnaşdylar. Bu ýerde çykyş eden adamlar maslahata gatnaşanlary Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli gutladylar.Şeýle-de Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli syýasatlaryny wagyz etmekde,ilkinji guramalaryň alyp barýan işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda durup geçdiler. Kärdeşler Arkalaşygy guramalaryna täze iş usullaryny ornaşdyrmak, iş  tejribesini alyşmak barada hem aýratyn nygtalyp geçildi.Okuw maslahatyna gatnaşanlar Kärdeşler Arkalaşyklarynyň işlerini özgertmekde amala aşyrýan işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Çarymuhammet Saparow.

112
112 19.05.2026
Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir

    “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda Türkmenistanyň döwlet energetika institutynda, “Türkmenistanyň konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni” mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýat Geňeşi we şäher, etrap Geňeşleri hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde guramaklarynda  “Baýdagymyz-başymyzyň täjidir, Kanunymyz-kalbymyzyň güýjidir” atly aýdym-sazly maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşyga ýaşlar guramasynyň Mary welaýat geňeşiniň işgärleri, institutyň professor mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan bedew batly at myradyň mekany” ýylynda ýurdumyzda alynyp barylýan işler we Garaşsyzlyk ýyllary içinde milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň  ähmiýeti we Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda giňişleýin gürrüňler etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Şeýle-de bu ýerde talyp ýaşlaryň aýdym-sazly çykyşlaryna-da uly orun berildi. Nurjahan Mämmedowa.

107
107 19.05.2026
Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan dabaraly maslahat

   Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen halkymyz ösüşlerden ösüşlere barýar. Her bir günümiz toý – baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Her ýyl Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni uly dabaralar bilen bellenip geçirilýär. Şu goşa mukaddeslige bagyşlanyp Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, Mary, Baýramaly şäher, Oguzhan, Mary, Wekilbazar, Sakarçäge, Baýramaly, Garagum, Türkmengala, Ýolöten, Murgap etrap komitetleriniň we welaýat Baş bilim müdirliginiň bilelikde gurnamagynda “Parahatlyk nyşany sen baýdagym, adalat Kanunym köňül aýdymym” atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, welaýat, şäher, etrap Halk Maslahatynyň agzalary, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýat, şäher, etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahatda edilen çykyşlarda Diýarymyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmakda, raýatlarymyzyň hukuklaryny kepillendirmekde, milli ykdysadyýetimizi ähli taraplaýyn ösdürmekde Esasy Kanunymyzyň orny we ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Bu ýerde çykyş edenler Watanymyzyň asudalygynyň, jebisliginiň, erkana ýaşaýşymyzyň nyşany hökmünde belentde parlaýan ýaşyl Tugumyzyň mukaddesligi dogrusynda hem buýsançly söhbet etdiler. Maslahata gatnaşanlar il-ýurt bähbitli uly işleri durmuşa geçirýän, Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterýän Hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş we hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Nabat Atajanowa.

129
129 14.05.2026
Şanly  sene

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny ýeňişlere besleýän türkmen ili Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda has-da bagtyýar ertirine barýar. Ajap eýýamymyzda toýlary goşa-goşadan gelýän halkymyz uly toýuna taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň buýsançly aýratynlygy Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň berkararlygynda jemlenýänligindedir. Esasy Kanunymyz ýurdumyzyň berkararlygyny hukuk taýdan ykrar edip, ähli ugurlardaky ösüşlerimiziň hukuk binýadyny pugtalandyrýar.   Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilen güni gadymy türkmen halkynyň demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakdaky wajyp hem-de aýgytly ädimi hökmünde taryha girdi. Bilşimiz ýaly, Konstitusiýamyz Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň Esasy Kanuny bolmak bilen, ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygynyň binýady bolup durýar. Onda döwletiň gurluşynyň hukuk ýagdaýy kesgitlenilýär.   Esasy Kanunymyzda Döwlet baýdagymyzyň Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlaryň biridigi bellenen. Döwlet baýdagymyz döwletimiziň özygtyýarlylygyny we berkararlygyny alamatlandyrýan mukaddeslikdir. Merdana ata-babalarymyz şan-şöhrata beslenen gahrymançylykly asyrlary  aşyp, bu gün türkmen ili abraý-mertebesi dünýä dolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletine guwanýar we buýsanýar.  Güljeren MYRADOWA.

120
120 14.05.2026
Goşa  mukaddeslige buýsanýarys

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň baýramynyň bilelikde bellenilmegi çuň mana eýedir. Halkymyz bu iki mukaddeslige uly sarpa goýýar. Baýdak ýurduň geçmişini, şu gününi we geljegini özünde jemleýär. Türkmen halky parahatçylygy we abadançylygy hemişe arzuw edip gelipdir. Bu arzuwlar biziň Döwlet baýdagymyzda öz beýanyny tapýar. Bu bolsa, halkymyzyň ruhy-ahlak däplerine, watansöýüjilik ýörelgelerine, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetine pugta eýerilýändigini subut edýär. Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň edara binasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň öňünde, dünýäniň köp sanly döwletlerinde, şeýle hem ähli şäherlerimizde we obalarymyzda buýsançly parlaýar.  Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ýurdumyzda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygynyň aýratyn nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletimizde amala aşyrylýan özgerişleriň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da ýokary götermäge, jemgyýetiň kadaly we durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilýändigi örän buýsandyryjydyr. Watanymyzda durmuş-ykdysady ösüşde, medeni-ynsanperwer ulgamda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşda gazanylýan üstünlikler, ýetilýän belent sepgitler geriminiň giňligi bilen häsiýetlenýär. Döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilip geçilýän toý baýramlar bolsa, şol ajaýyp üstünliklere, belent sepgitlere çuň many öwüşginini çaýýar.   Halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýandygy üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýdýar.   Myrat ATAÝEW. 

1625
1625 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1416
1416 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1671
1671 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1606
1606 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1555
1555 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1809
1809 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1340
1340 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1626
1626 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Mahabat

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.