Bir eşek ömrüne dynç alman, eýesine hyzmat etdi. Ol agyr ýükleri arkasynda daşap, ýagmyra, aňzaga, açlyga çydamaly boldy. Hiç zat soramady, hiç haçan gününden nägile bolmady. Emma bir gün eşegiň eýesi onuň garaşmaýan zadyny etdi. Ol adam eşegi obadan uzakdaky bir jeňňellige alyp gitdi. «Sen indi maňa gerek däl» diýibem eşegi itip goýberdi. Eşek janawar ýykyldy, onuň aýaklary sandyraýardy. Eýesi ony ýeke goýup ,öýüne tarap ýola düşdi. Gün batdy, şemal öwüsýärdi. Diňe baýguş gijäniň ümsümligini bozýardy...
Eşek agyr halda soraga jogap gözleýärdi: «Näme üçin eýäm meni beýle güne saldyka?!» Birdenem aýak sesi eşidildi. Tümlükden goňrumtyl möjek çykdy. «Nädip ynamdar dostuňy zyňyp gidip bolýarka?» diýip, möjek geň galdy. «Ömrüň ötýänçä işlediň, indi bolsa seni ölsün diýip taşlap gitdilermi?» Eşek ýüzüni sallady. Ol dynç almazdan işläpdi, iň soňunda bolsa gerekmejek gural ýaly zyňyldy.
...Birden tüpeň sesi eşidildi. Möjek gaçyp gitdi we gözden ýitdi. Tümlükden eli çyraly ýaşuly adam çykdy. Ol adam: «Janawar» diýip, eşegi sypalady. «Eliňde bolan zadyň gadyry ýok» diýip, eşegi öýüne alyp gaýtdy. Oňa suw berdi, ot berdi. Eşek bir adamyň seni eşekligiň üçin — edýän hyzmatyň üçin saklaýandygy, başga biriniň bolsa seniň adama wepadarlygyň üçin sylaýandygy hakynda oýa batdy.
Taýýarlan
Nurmuhammet HUDAÝNAZAROW.








