Hazar deňziniň aýratynlyklary
barada täsin maglumatlar
Ýer ýüzündäki dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk iň uly suw ulgamydyr.
Çuňlugy boýunça dünýäde üçünji orunda durýar:
— Baýkal (Russiýa) — 1642 metr,
— Tanganika (Afrika) — 1435 metr,
— Hazar deňzi — 1025 metr.
Ortaça çuňlugy 208 metr töweregi.
Hazar deňzinde hasaba alnan tolkunyň ululygy 11 metre barabardyr.
Hazaryň akymy ýokdur, muňa garamazdan deňizdäki suwuň mukdar derejesi durnuksyz. Üç müň ýyllap suwuň derejesindäki üýtgeşmeler 40 metre ýetdi.
Hazar deňzine 130 derýa guýýar. Esasan Russiýanyň Wolga derýasy suw bilen üpjün edýär. (uzynlygy 3530 km).
Hazar deňzinde 50 sany ada bolup, Türkmenistanyň çägine degişli iň uly ada — Ogurjaly adasydyr.
Kenar ýakasynda ululy-kiçili aýlaglar bar. Bu ýerdäki 16 aýlagyň köpüsi birnäçe million ýyl ozal döräpdir.
Hazaryň kenarynda ilkinji adamlar 75 000 ýyl mundan ozal ýaşapdyrlar.
Deňiz suwunyň doly täzelenmesi her 250 ýyldan bir gezek bolup geçýär.
Garabogaz köl aýlagy Hazaryň iň uly we täsin aýlagydyr. Onuň duzlulygy 200% -e ýetýär.
Hazar deňziniň ýaşy 6 million ýyl diýlip hasaplanylýar.
Hazar, Gara, Azow we Aral deňizleriniň, şeýle-de, wengerleriň Balaton kölüniň döremeginiň esasy çeşmesi gadymyýetde bu ýerde bolan Tetis ummanydyr.
Köpasyrlyk taryhynyň dowamynda Hazar deňzi dürli halklar tarapyndan dürli hili atlandyrylypdyr. Bu deňzi müsürliler — Jürjan, hytaýlylar — Sihaý, eýranlylar — Kolzum, türkmenler — Gukkuz, gazaklar bolsa Aturaw diýip atlandyrypdyrlar.
Internet maglumatlary esasynda taýýarlan
Amanmyrat ÝAMADOW.








