Mugallym okuwçylary bilen gezelenje çykypdy. Ol dürli hekaýatlaryň, wakalaryň üsti bilen çagalara gowy dost-ýarlaryň ähmiýeti barada gürrüň berip gelýärdi. Emma bir çaganyň bu gürrüňleri kän bir aňşyryp bilmeýändigini mugallym duýdy.
Gidip barýarkalar, olaryň öňlerinden içi dürli ysly, owadan güller bilen gurşalan meýdan çykdy. Mugallym ýaňky okuwçydan şol ýerden azrak toprak alyp gelmegini haýyş etdi. Eline bir gysym toprak alyp gelen çaga ýüzlenen mugallym:
— Ysgap gör — diýdi.
Çagajyk ony ysgap:
— Gülüň ysy gelýär, mugallym — diýdi.
— Ondan näme üçin gülüň ysynyň gelýändigini bilýärsiňmi?
— Ýok, näme üçin, mugallym? — diýip, çaga soraga sorag bilen jogap berdi.
— Sebäbi bu topraga häli-şindi güller, gül bölejikleri gaçyp durýar. Daş-töweregi güller bilen gurşalandygy sebäpli hem toprakdan elmydama gülüň ysy gelip durýar. Biz hem wagtyň geçmegi bilen daş-töweregimizi gurşap alan adamlara meňzeýäris. Olaryňky ýaly häsiýetlere, hatda kemçiliklere hem eýe bolup başlaýarys. Şonuň üçin biz hem töweregimizi şu toprak ýaly diňe güle çalymdaş gowy adamlar bilen gurşamalydyrys — diýip, mugallym jogap berdi.
Iňlis dilinden terjime eden
Mahym ORAZBERDIÝEWA.








