“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda, öz gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä tanatmakda nusga alarlyk işler alynyp barylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Türkmenisanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat we Şatlyk şäher birleşmeleriniň, hem-de Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň bilelikde guramaklarynda “Arkadagly Diýarymyň medeni mirasy bakydyr” atly gezelenç gurnaldy. Halkymyzyň ruhy ahlak gymmatlyklaryna, milli medeniýetine, däp-dessuryna daýanyp, ýaş nesillerde milli gymmatlyklarymyza bolan söýgini artdyrmakda-da birnäçe işler durmyşa geçirilýär. Gezelenjiň dowamynda oňa gatnaşan köp asyrlyk taryhymyz bilen ýakyndan tanyşdylar. Olar özleriniň birnäçe gyzyklanýan soraglaryna jogap tapdylar. Gezelenje gatnaşanlar milli medeniýetimizi, taryhy geçmişimizi öwrenmäge we dünýä ýaýmaga nusgalyk işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Maýa Annameredowa.








