Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde geljegimiziň eýeleri bolan körpeler hakynda yzygiderli alada edilýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we şadyýan geçirmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. “Arkadagyň bagtyýar nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde hem welaýatymyzyň dürli ýerlerinden gelen çagalar wagtlaryny hoş geçirýärler.
Ýakynda Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň guramagynda bu ýerde dynç alýan çagalaryň arasynda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça ýaryş geçirildi. Gyzgalaňly geçen ýaryşda “Gaýratly” topary 1-nji, “Joşgun” topary 2-nji, “Şatlyk” topary 3-nji orunlara mynasyp boldular. Ýeňiji bolanlara Türkmenistanyň ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň Hormat hatlary gowşuryldy.
Altyn HALILLAÝEWA.








