Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli özgertmeleriniň netijesinde, syýasy ulgamy has-da kämilleşdirmäge, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmaga aýratyn orun berilýär. Ýurdumyz bu günki gün demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmak ýoly bilen öňe ynamly gadam urýar. Demokratik şertleriň çäklerinde ýurdumyzda her bir raýatyň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegine hem uly üns berilýär. Ýurdumyzda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guramaçylykly geçirilýär. Raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň kepillikleriniň kanunalaýyk üpjün edil-meginde ýurdumyzda hereket edýän saýlaw toparynyň möhüm ähmiýeti bardyr.
Mälim bolşy ýaly, welaýat saýlaw toparynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy sebäpli, welaýat saýlaw toparynyň täze düzümini döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda amala aşyrylýar. Welaýat saýlaw toparlary Merkezi saýlaw topary tarapyndan 9 — 13 agzadan ybarat düzümde döredilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 18-nji maddasyna laýyklykda, welaýat saýlaw toparlarynyň düzümine wekiller syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, welaýat, etrap, şäher guramalarynyň mejlislerinde, raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda hödürlenildi. Raýatlar toparlary tarapyndan saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemek boýunça raýatlaryň ýygnagyna degişli etrabyň, şäheriň çäginde ýaşaýan saýlaw hukukly raýatlar gatnaşdylar. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine wekil hödürlemäge bagyşlanan mejlislerde we ýygnaklarda saýlaw toparynyň düzümine hödürlenilýänleriň çäklendirilmedik sany ara alnyp maslahatlaşyldy. Her mejlisde we ýygnakda welaýat saýlaw toparynyň düzümine kanunalaýyklykda diňe bir wekil, özi hem il içinde uly abraýdan peýdalanýan, guramaçy, işbaşarjaň adam hödürlenildi. Welaýat saýlaw toparynyň düzümine saýlanan agzalar geljek bäş ýylyň dowamynda geçiriljek saýlawlaryň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşarlar.
Gulälek GURBANGULYÝEWA.








