Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Milli ykdysadyýetimiziň hususy ulgamyny ösdürmek, häzirki zamanyň bazar usullaryny giňden ornaşdyrmak, telekeçilik başlangyçlary gollamak bilen halkymyzyň ýurdumyzda öndürilýän ýokary hilli we döwrebap mebel önümlerine bolan islegleri barha artýar. Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly mebel önümleri hususy kärhanasy hem “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda dürli görnüşli mebel önümlerini öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Ýurdumyzda telekeçiligiň ösmegi üçin döredilýän mümkinçiliklerdir, amatly şertlerden peýdalanyp zähmet çekýän Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän “Ussat mebel” haryt nyşanly hususy kärhanasynyň hünärmenleri halkymyzyň mebel önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyryp, döwrebap mebelleri öndürmekde netijeli işleri alyp barýarlar. Agaç önümlerini timarlaýjy, kesiji, bantlaýyjy we bezeg işlerini ýerine ýetiriji Türkiýanyň ösen, kämil enjamlaryň tejribeli agaç ussalary tarapyndan sazlaşykly işledilmegi netijesinde müşderileriň ösen talaplaryna laýyklykda her günde dürli görnüşli, dürli ölçegdäki mebel önümleriniň birnäçesi taýýarlanylýar. Kärhanada eli hünärli agaç ussalarynyň taýýarlaýan mebel önümleriniň hatarynda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň myhmanhana, aşhana we iş otaglary hem-de çagalar otaglary üçin niýetlenen mebelleri, dürli ölçegdäki ýumşak mebelleri, edara – kärhanalar üçin taýýarlanan ýörite mebelleri görkezmek bolar. Bu mebeller ösen tehnologiýalar arkaly kärhananyň ussat hünärmenleri tarapyndan döwrebap taslamalar taýýarlanyp, müşderileriň sargytlary esasynda ýerine ýetirilýär. Sargytlar arkaly öndürilen mebeller kärhananyň ýurdymyzyň ähli welaýatlaryna eltip, gurnap bermek hyzmaty hem ýola goýulan. Eýýäm 11 ýyldan gowyrak wagt bäri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň telekeçilere döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ruhlanyp halkymyza ýokary hilli mebel önümleri bilen hyzmat edip gelýän bu kärhanada öndürilýän mebeller elýeterli bahalardan hödürlenýär. Bäsleşige ukyply harytlar bolmak aýratyn tapawutlanýan bu önümleriň harytlyk çig mallaryň esasy bölegi öz ýurdymyzdan we daşary ýurtlardan hem sargytlar arkaly getirilýär. Kärhananyň ussat ussalary bir aýda 195 kwadrat metr çig maly işläp önüm öndürmekde netijeli zähmet çekýärler. Bu kärhanada esasan ýaşlaryň zähmet çekmegi hem Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara işlemäge, dürli kärlerde zähmet çekmäge döredip berýän giň mümkinçilikleriniň aýdyň nyşanydyr. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan- bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda has-da joşgunly zähmet çekýän hususy kärhananyň işçileri halkymyzyň ösen isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen şu günler mebel önümleriniň has döwrebap, täze görnüşlerini öndürmegiň üstünde işleýärler. Işewür telekeçiler özleri üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş hem hoşallyk sözlerini aýdýarlar.
Azat Beglanow.








