Ýakynda welaýat baş bilim müdirliginiň hem-de TMÝG-niň şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda 11-nji çagalar bakja-bagynda şäheriň çagalar bakja-baglarynyň körpeleriniň gatnaşmagynda “Körpe türgenler” ady bilen welosiped sürmek boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryş körpeler üçin örän gyzykly boldy.
Çekeleşikli geçen ýaryşda körpeler öz aralarynda ýaryşdylar. Ýaryşyň şertlerine laýyklykda olar öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde körpeleriň birnäçesi öňe saýlandy we baýrakly orunlara eýe boldy. Ýeňijilere TMÝG-niň şäher geňeşiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Şatlykly pursatlara beslenen ýaryşyň ahyrynda körpeler ajaýyp zamanada sport bilen meşgullanmaga, bilim almaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny aýtdylar.
Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.








