Milli däp-dessurlarymyza hormat goýmak, milli el işlerimiziň nesil tebiýesinde tutýan uly ornuny wagyz etmek we ösüp gelýän ýaşlaryň arasynda olara bolan söýgini, höwesi artdyrmak maksady bilen şäheriň ýaşaýjysy Bossan Altyýewanyň maşgalasynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de TZB-niň şäher bölüminiň bilelikde gurnamagynda «El hünäri — il gezer» ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi. Oňa mährem eneler we gelin-gyzlar gatnaşdylar.
Duşuşykda TMÝG-niň şäher geňeşiniň baş hünärmeni Göwher Kakageldiýewa we esasy hünärmeni Güljemal Toýkulyýewa, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmenistan» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjysy we alyp baryjysy Aýgözel Seýitberdiýewa, Mary şäheriniň ýaşaýjylary, kümüş saçly eneler Altynjemal Mämmedowa, Orazbibi Bäşimowa, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Bägül Begliýewa hem-de şäherdäki 19-njy orta mekdebiň mugallymy Enejan Gammarowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi, şöhratly taryhymyzy öwrenmäge, däp-dessurlarymyzy dikeltmäge giň mümkinçilikleriň döredilýändigini, milli mirasymyzyň, däp-dessurlarymyzyň nesilden nesle geçip gelýändigini, milli lybaslarymyza salynýan nagyşlaryň her biriniň aýratyn manysynyň we döreýiş taryhynyň bardygyny, milli el işlerimiziň ähmiýetini aýtdylar. Şeýle-de, duşuşygyň dowamynda gelin-gyzlar milli el işleriniň, keşdeleriň, gyňaç seçeklemeleriň hem-de gurama düşekçeleriň ýerine ýetirilişini ussatlyk bilen görkezdiler.
Annagözel SARYÝEWA.








