Tebigatyň tapylgysyz nepis nusgasy bolan «Bathyz» goraghanasy ýurdumyzyň günortasynda, Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynda, Hindiguş daglarynyň demirgazygynda, Parapamiz daglarynyň eteginde, Bathyz belentliginde ýerleşýär. Onuň tebigaty örän täsin. Gadym wagtlarda bu ýerde oturymly ýaşaýan adamlar asyrlaryň dowamynda üzüm ösdürip, däne ekip, çarwaçylyk edipdirler.
Bu ýer gulanlaryň ýeke-täk saklanyp galan ýeridir. Gulan güýçli, çydamly, örän ýyndam haýwan. Bu goraghananyň açylmagyna jandarlaryň san taýdan azalmagy sebäp bolupdyr. Häzirki wagtda gulanlaryň sany artdy. Bu bolsa goraghananyň işgärleriniň, döwletimiziň howandarlygynyň netijesidir. Ýaz paslynyň gelmegi bu ýerdäki tebigatyň özboluşlylygyna täsir edýär. Bu ýerde ösümlikler pes we beýik iki sany ýarusy emele getirýär.
— Ýaz paslynda ýaşyl begrese bürenen meýdan maý aýlarynda sary-mämişi reňke geçýär. Sebäbi pes toparyň ösümlikleri eýýäm guraýar. Bathyzyň iň bir täsin ösümligi hem başga hiç ýerde duşmaýan guşgy çigildemidir. Onuň ak we sary reňkleri bar. Gyzyl reňke boýalan gülälekli meýdan gözüňi gamaşdyrýar. Keýigokarajygy, çomuçlar güllände has-da täsin. Bu ýeriniň tebigaty örän baý.
Pisse tokaýlygy sawanna çalym edýär. Pisse agajy 500, hatda 700 ýyla çenli ýaşaýar we miwe berýär. Onuň miwesinde 60 göterim ýag bar we tagamy örän oňat, bu ýerde onuň miwesini dürli guşlar, gemirijiler, dag goçlary, tilkiler iýýärler. Bu ýerde ir wagtlarda pisse maňzy bilen iýmitlenýän süri-süri ýekegapanlar ýaşapdyrlar. Bathyzyň howasy çalt üýtgäp durýar we köplenç ýel demirgazyk — günbatardan öwüsýär. Bathyzyň adynyň hem şundan gelip çykan bolmagy mümkin, ýöne ýeliň onuň tebigatyna täsiri uly.
«Bathyz» döwlet goraghanasynyň aýawly goralmagy netijesinde bu täsin ülkäniň nepis tebigaty mizemez saklanýar, oňa baryp görmek, onuň ajaýyp gözelligine tomaşa etmek, diýseň, ýakymly, ýatdan çykmajak täsir galdyrýar.
Gurbanjemal BEGOWA.