merw.news – Täzelikler Portaly
weather mary 20° C Mary
weather mary 20° C Mary

14
14 21.04.2026
Ynsan  durmuşynyň  bezegi

Bedew bady bilen öňe barýan gözel Diýarymyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu ajaýyp şygar astynda geçirilýän sport çäreleridir ýaryşlary halkymyzyň buýsanjyna buýsanç, guwanjyna guwanç goşýar. Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerýän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen köpçülikleýin bedenterbiýe hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça nusgalyk işler edilýär.  Hormatly Prezidentimiz her bir raýatyň sagdyn, berk bedenli, ruhubelent bolmagy üçin sport ulgamyny ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň ähli ýerinde döwrebap sport desgalary köpçülikleýin gurlup, ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen sport desgalary häzirki döwürde ulynyň-kiçiniň gelim-gidimli ýerine öwrüldi. Şäherdir obalaryň keşbini bezäp oturan sport binalary hemmeleriň kalbyna ruhy baýlyk paýlaýar. Mundan başga-da, saglyk ýolundaky ýörişler, welosipedli ýöriş ýaly sportuň ruhlandyryjy görnüşleri hem saglygyň berkemegine getirýär. Türkmen türgenleriniň halkara sport ýaryşlaryna gatnaşmagy üçin giň ýol açylyp, şol ýaryşlarda ýeňiş gazanyp gelýän ýaşlarymyza bütin halkymyz guwanýar.  Sport — ynsan durmuşynyň bezegi. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, sport bilen yzygiderli türgenleşmegiň adamy diňe bir beden taýdan taplaman, eýsem, ol erkinlik, zähmetsöýerlik, maksada okgunlylyk duýgusyny ýokarlandyrýar. Jennet BEGENJOWA.   

32
32 15.04.2026
Asly ganatly bedewler

Ýaz paslynyň häzirki jana ýakymly maýyl howaly günlerinde ýazky at çapyşyk möwsümi dowam edýär. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň 12-nji aprelinde welaýat atçylyk sport toplumynda nobatdaky at çapyşygy geçirildi. Bu at çapyşygynyň dowamynda çapyşygyň birinji, ikinji, üçünji tapgyrlarynda üçýaşar atlar 1200 metr aralyga güýç synanyşdylar. Tolgundyryjy we çekeleşikli geçen ýaryşlarda öz ýyndamlygyny görkezen ganatly bedewler tomaşaçylaryň göwünlerini galkyndyrdy. Birinji çapyşyga bäş at gatnaşyp, Mary welaýat häkimligine degişli Ýeňiş-2 atly dor at öňdeligi elden bermän, pellehana ilkinji bolup geldi. Ýeňiji bolan Ýeňiş-2 atly dor at 1200 metr aralygy 1 minut 24 sekuntda geçmegi başardy. Atyň seýsi K. Garýagdyýew, ata ezberlik bilen eýelik eden çapyksuwar T. Annaçaryýew. Dartgynly geçen ilkinji çapyşyga bäş at gatnaşyp, A. Gurbangulyýewiň hojalygyna degişli Dordepel atly dor at 1 minut 20 sekunt wagt bilen 1200 metr aralygy geçdi we ýeňiji boldy. Bu atyň seýsi A. Şalyýew, çapyksuwary A. Ataýew. Üçünji çapyşykda B. Orazowyň hojalygyna degişli Garajaoglan atly dor at öz ýyndamlygyny görkezip, bellenilen aralygy 1 minut 19 sekuntda geçmegi başardy we ýeňiji boldy. Ý. Amannazarowyň ussat çapyksuwarlygy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu atyň seýsi A. Annaýewdir. Çapyşyga jemi bäş at gatnaşdy. Mary welaýat gümrük gullugynyň Goçýigit atly dor aty bäş at gatnaşan dördünji çapyşygyň ýeňijisi bolmagy başardy. Ol 1800 metr aralygy 2 minut 02 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi. Onuň seýsi D. Amandurdyýew, çapyksuwary Ý. Amannazarow. Bäşinji çapyşyga gatnaşan alty bedewiň arasynda öňe saýlanyp, pellehana ilkinji bolup R. Läliýewiň Toýçy atly hojalyk aty gelip, ýeňiji boldy. 1800 metr aralygy 2 minut 02 sekuntda geçmegi başaran bu ata B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Onuň seýsi Ş. Orazgeldiýew. Sähet HOJAGELDIÝEW.  

32
32 15.04.2026
Ýaryş geçirildi

Ýakynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň sport toplumynda “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň okuwçy oglan-gyzlarynyň arasynda “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” ady bilen gandbol boýunça döwlet derejesinde ýaryş geçirildi. Ýaryş örän gyzykly hem çekeleşikli boldy. Onda okuwçylar öz ussatlyklaryny görkezdiler. Netijede, ýeňiji toparlar öňe saýlandy. Has takygy, oglanlaryň arasyndaky ýaryşda Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Mary welaýatynyň topary 2-nji, Ahal welaýatynyň topary 3-nji, gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa, Aşgabat şäheriniň topary 1-nji, Mary welaýatynyň topary 2-nji, Daşoguz welaýatynyň topary 3-nji orunlara mynasyp boldular.  Ýeňiji bolan toparlara “Türkmenistan” ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Ogulkeýik ORAZDURDYÝEWA.  

32
32 08.04.2026
Küştçülerimiziň şowly çykyşy

Ýurdumyzda ilaty bedenterbiýä we sporta köpçülikleýin çekmekde gazanylýan üstünlikler döwlet Baştutanymyzyň sport syýasatynyň rowaçlanýandygyna şaýatlyk edýär. Aýratynam, sporta höwesek ýaşlaryň ýylsaýyn mukdarynyň artýandygy guwandyrýar. Diýarymyzda hereket edýän döwrebap stadionlar, sport desgalary we sport mekdepleri ýaş türgenleriň ukyp-başarnyklaryny ýokarlandyrmaklaryna mümkinçilik berýär. Golaýda Mary şäherindäki 2-nji sport mekdebinde küştçileriň arasynda welaýatda birinjiligi almak ugrunda ýaryş geçirildi. Örän çekeleşikli geçirilen bu bäsleşige welaýatymyzyň etrap, şäherlerindäki sport mekdeplerinde tälim alýan küştçüler gatnaşyp, şahsy birinjiligi almak ugrunda güýç synanyşdylar. Ýaryşa gatnaşan her bir türgen özüniň ýeňiji bolmaga mynasypdygyny äşgär etmäge çalyşdy.  Netijede, emin agzalarynyň biragyzdan gelen kararyna laýyklykda ýeňijiler yglan edildi. Şeýlelikde, sport mekdebimiziň ezber küştçisi Amangeldi Agajanow 1-nji orna mynasyp bolmagy başardy. Türgenimiz Öwezhan Ybraýymow bolsa baýrakly orny eýeledi. Häzirki wagtda  küştçülerimiz has jogapkärli ýaryşlara taýýarlyk görýärler. Orazdurdy ORAZDURDYÝEW.

29
29 08.04.2026
Sagdyn jemgyýet — nurana geljek

Ýakynda orta hünär okuw mekdebimizde welaýatymyzdaky orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen ýaryş “Sagdyn jemgyýet — nurana geljek” diýlip atlandyryldy. Onda talyplar küşt, şaşka, düzzüm boýunça öz aralarynda ýaryşdylar. Ýaryş, diýseň, çekeleşikli geçdi. Talyplar bu ýaryşda özleriniň ukyp-başarnyklaryny aýan etdiler. Netijede, emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňijiler öňe saýlandy. Ýeňiji bolanlara Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Jahansoltan ATAÝEWA.

32
32 08.04.2026
Şatlyk-şowhuna beslenen ýöriş

Şu gün ir säher bilen Bütindünýä saglyk güni mynasybetli welosipedli ýöriş geçirildi. Mary şäheriniň Kemine köçesinden badalga alan bu ýörişe edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Aýdym-sazly şowhun bilen badalga alan welosipedli ýöriş hemmeleriň kalbynda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.  Ýazyň sergin hem arassa howasy hatar gurap, ýörişe gatnaşýan ildeşlerimize ruhy goldaw berýän ýaly olaryň göwnüni göterdi. Şatlyk-şowhun bilen geçen ýörişiň dowamynda ajaýyp aýdym-sazly sport görkezme çykyşlaryna giň orun berildi. Şeýle täsirli çykyşlar welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň, welaýat kitaphanasynyň, Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň, Baş baýdagyň öňündäki meýdançalarda ýaýbaňlandyryldy. Bu ýerde ýaňlanan ajaýyp owazlar, tanslar welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.  Täsirli hem gyzgalaňly geçen ýöriş B.S.Türkmenbaşy adyndaky welaýat medeniýet köşgüniň ýanynda tamamlandy.  Sülgün ŞADYÝEWA.

20
20 08.04.2026
Çekeleşikli ýaryş boldy

Ýakynda TMÝG-niň şäher geňeşiniň hem-de şäherdäki 6-njy sport mekdebiniň bilelikde guramagynda “Sport — kämillige badalga” ady bilen ýaryş geçirildi. Ady agzalan sport mekdepde geçirilen ýaryş futzal boýunça geçirildi. Oňa şäherdäki orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy oglanlar  gatnaşdylar. Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen ýaryşda toparlar öz aralarynda ýaryşdylar. Ol, diýseň, çekeleşikli häsiýete eýe boldy. Gyzgalaňly geçen ýaryşda emin agzalarynyň adalatly baha bermeginde ýeňiji topar öňe saýlandy. Ýeňiji bolan hem-de gatnaşan toparlara TMÝG-niň şäher geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar we höweslendiriji baýraklar  gowşuryldy. Abdylla HUDAÝBERDIÝEW.

26
26 08.04.2026
At çapyşygynyň ýazky möwsümi

Geçen ýekşenbe güni welaýat atçylyk sport toplumynda “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň nobatdaky ýaryşlary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Baýramçylyk ruhunda bezelen atçylyk sport toplumynda guralan dabaralar türkmen toýuna mynasyp şatlyk-şowhuna beslenip, dabarasy dag aşdy. Bedew janköýerlerini bir ýere jemlän bu toýda sungat ussatlarynyň Watanymyzyň ägirt uly ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli beýik işlerini, türkmen bedewlerini wasp edýän aýdym-sazlary ýaňlandy. Gyzykly geçen bu at çapyşygynyň birinji tapgyry üçýaşar atlaryň arasynda geçirilip, olar 1200 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu tapgyrda 1200 metr aralygy 1 minut 22 sekuntda geçen Almaz atly dor ata taý tapylmady. At S. Gurbanowyň hojalyk aty bolup, ony seýislän seýis Ş. Orazgeldiýew, çapyksuwary B. Gurbanow. Ikinji tapgyra gatnaşan üçýaşar atlar hem 1200 metr aralykda öz ýyndamlygyny görkezdiler. B. Orazowyň hojalyk aty bolan Garajaoglan atly gara at 1 minut 20 sekunt wagt bilen hemmelerden öňe saýlandy. Aty seýislän A. Annaýew, çapyksuwary D. Azadow. Üç ýaşar atlaryň sekizisi gatnaşan üçünji tapgyr hem 1200 metr aralyga geçirildi. M. Seýidowyň hojalyk aty bolan Dorguş atly dor at hem 1 minut 19 sekunt wagt görkezip, beýlekilerden üstün çykdy. Onuň seýsi M. Seýidow, çapyksuwary D. Azadow. Beýleki tapgyrlardan tapawutly dördünji tapgyra gatnaşan dört we uly ýaşar atlar 1800 metr aralyga çapuwa goýberildi. Bu tapgyrda Toýçy atly mele at 1 minut 2 sekunt wagt bilen 10 atyň içinden saýlanyp, ýeňiji boldy. Bu at R. Läliýewiň hojalygyna degişli bolup, ony Ş. Orazgeldiýew seýisläpdir. Bu ata B. Gurbanow ezberlik bilen çapyksuwarlyk etdi. Ahyrky bäşinji çapyşykda hem dört we uly ýaşar atlar gatnaşyp, 1800 metr aralykda güýç synanyşdylar. Bu ýaryşda Türkmenistanyň Ýokary Kazyýetiniň dor gysrak aty Aýmelek öňe saýlandy. Ol bu aralygy 1 minut 29,52 sekuntda geçmegi başardy. Atyň seýsi M. Seýidow, çapyksuwary D. Azadow. At çapyşyklaryna gatnaşan bedew janköýerleridir tomaşaçylar Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler. Sähet HOJAGELDIÝEW.

1482
1482 11.05.2025
Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

Bahar paslynyň ajaýyp gözelligi

1267
1267 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty 12-nji tapgyr Altyn Asyr - Merw

1520
1520 11.05.2025
Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

Fotoreportaj: Futbol boýunça Türkmenistanyñ çempionaty Merw 1-1 Altyn Asyr

1444
1444 04.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçirilen dabaralardan pursatlar

1398
1398 03.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

Fotoreportaž: Mary welaýatynda Bütindünýä welosiped güni bellenilip geçildi.

1616
1616 02.05.2025
Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

Fotoreportaž: Mary welaýaty: Türkmenistanyň ÝUNESKO agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanan dabaralardan pursatlar.

1200
1200 01.05.2025
Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

Fotoreportaj: DÇ-2026 saýlama tapgyry Türkmenistan 0-1 Eýran yslam respublikasy

1443
1443 12.04.2025
Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Fotoreportaj: Mary şäheriniň Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleri

Copyright © merw-news.com 2026 | Ähli hukuklar goragly.