Belli mirasgär Ümür Esen öz işinde, durmuşynda ýüze çykýan meselelerde hemişe halypasy — paýhasly, parasatly, dili senaly goja Edrek aga (Atajanow) geňeşip, şonuň berýän maslahaty esasynda hereket eder eken.
Ümür aga geçen asyryň 70-nji ýyllarynda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini tamamlamazynyň öň ýanynda halypa mugallym, professor Mäti Kösäýew:
— Ümür, sen uniwersitetde mugallym bolup işe galsaň, gowy bolar! Şu ylym ojagy seniň işlemeli ýeriň! — diýipdir.
Şonda Ümür aga:
— Ýoldaş mugallym, meniň bir halypam bar. Men muny şoňa-da bir geňeşip göreýin — diýipdir.
Onsoň, oba gelip, Mäti aganyň maslahaty barada Edrek aga geňeş salypdyr.
Edrek aga:
— Ümür, Mäti aganyň maslahatam jaý maslahat welin, ýöne, seniň gözleýän “hazynaň” halkyň arasynda. Oba gelseň, gowy bolar — diýipdir.
Halypasynyň maslahaty esasynda hem Ümür aga ýokary okuw jaýyny tamamlap, obalaryndaky — Murgap etrabyndaky 9-njy orta mekdebe mugallym bolup işe gelipdir.
Bir gezek döreden muzeýine baranymyzda, Ümür aga:
— Halypa maslahatyna eýerip, oba gelip ýalňyşmadymam. Ynha, şu gymmatly tapyndylary il-halkymyzyň arasyna obama-oba aýlanyp topladym — diýip, muzeýindäki gymmatlyklara buýsanç bilen nazar aýlady hem-de bizi toplan gymmatly mirasy bilen ýekänme-ýekän tanyşdyrdy.
Sapardurdy ÝAÝLYÝEW.








